Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda dollar gymmatlady, daşary ýurt harytlary gytaldy


Dükanyň öňündäki nobat, Aşgabat

Türkmenistanda amerikan dollarynyň resmi bolmadyk bahasy öň görlüp eşidilmedik derejede ýokarlanyp, şu hepdede täze ‘rekorda’ ýetdi. 29-njy maýda Aşgabadyň bazarlarynda bir amerikan dollary 25 türkmen manadyna satyldy we Merkezi Bankynyň resmi kursundan ýedi esse aşdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary alyjylar tarapyndan daşary ýurt walýutasyny 25 manatdan satyn almaga islegiň bardygyny, emma dollar söwdegärleriniň dollaryň ýene gymmatlamagyna garaşyp, köplenç satmakdan saklanýandygyny habar berýärler.

“Satyn almak juda kyn, sebäbi dollaryň nyrhynyň gymmatlaýandygy sebäpli dollary kän satmajak bolýarlar. Bizde dollar ýok diýip, saklaýarlar we 25 manatdan dilänlerinde-de berenoklar. Dollaryň bahasynyň ertir ýene-de ýokarlanmagyna garaşylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly çeşmeleriniň biri habar berdi.

Şol bir wagtda-da, Aşgabatda daşary ýurt walýutasyny elden çalyşýan söwdegärler amerikan dollaryny satyn almagyny dowam etdirýärler. Şeýle-de, şäheriň dürli böleklerinde nyrhlar tapawutlanýar we bir amerikan dollaryna 23.2 we 23.8 manat aralygynda türkmen puluny berýärler.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň 30 maýda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şäherde ilatdan dollary iň arzan bahadan satyn alynýan ýer Aşgabadyň Älemgoşar bazarydyr (öňki ady Mir bazary). Bu ýerde 100 amerikan dollardan ybarat az mukdarda satylýan dollarlary 23.4 manatdan satyn alýarlar, 500 dollar satylanda ýokarrak bahadan, ýagny 23.8 manada satyn alýarlar. Gülistan bazarynda (öňki ady Ors bazary) amerikan walýutasynyň ilatdan satyn alynýan nyrhy biraz ganymat görünýär, bu ýerde dollary 23.8 manatdan satyn alýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy 30-njy maýda regionda bir amerikan dollarynyň 24.4 manada elden satyn alynandygyny habar berdi.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň nagt söwdasy gadagan. Merkezi Banky 2016-njy ýylyň başynda walýutanyň nagt görnüşli çalyşygyny doly ýatyrypdy. Şondan bäri ilatyň belli bir möçberdäki puluny banklaryň üsti bilen nagt däl görnüşde öwürmegine käbir resmi mümkinçilikler göz öňünde tutuldy, emma bu mümkinçilikler soňky iki ýylyň dowamynda çürt-kesik çäklendirildi.

Türkmenistan 2009-njy ýylda pul reformasyny geçireli bäri öz milli pulunyň daşary ýurt walýutalary babatyndaky resmi derejesini iki gezek üýtgetdi. Türkmen hökümeti denominasiýany geçirip, puluň hümmetini azaldandan soň türkmen manadynyň bir amerikan dollaryna bolan gatnaşygyny 2.85 derejesinde kesgitledi, alty ýyldan soň 2015-nji ýylyň başynda resmi kursy 3.5 manada getirdi we ony bu derejede üýtgewsiz saklap gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky çeşmesi hökümetiň milli puluň daşary ýurt walýutalary babatyndaky resmi kursunyň hümmetini üýtgetmek mümkinçiligine seredýändigini fewral aýynda habar beripdi. Adynyň efirde tutmazlygyny soran söhbetdeşimiz täze kursyň “gara bazardaky” kursa gaty golaý bolmagyna garaşylýandygyny belläpdi. Şonda bir amerikan dollary Türkmenistanda 14-15 manat aralygynda satylypdy.

Daşary ýurt walýutasynyň resmi bolmadyk çalyşyk kursunyň 25 manada ýetmegi bilen bir wagtda Türkmenistanda daşary ýurtly harytlar gymmatlady we olaryň gytçylygy döredi.

Meselem, Orsýetde we Awstriýada öndürlen mesge ýagyň bahasy ýylyň başyndan bäri 2.3 gymmatlady, “Ahmad” çaýyň bir gutusynyň bahasy iki esse we daşary ýurtda öndürlen hajathana kagyzynyň nyrhy 3.5-4 esse gymmatlady. Emma bu harytlary soňky günlerde köplenç satuwda tapyp bolmaýar.

Şol bir wagtda-da, ýurduň içinde öndürlen önümleriň bahasy hem birnäçe esse gymmatlady. Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynyň dürli künjeklerinde döwlet dükanlaryndan çörek, un, şeker we pagta ýagy ýaly ýönekeý azyk önümlerini satyn almak üçin ilatyň ýüzlerçe adamlyk uzyn nobatlarda durmaly bolýandygyny we iýmit üstünde, şol sanda aýallaryň arasynda ýakalaşyklaryň bolýandygyny görmek mümkin.

Türkmen hökümeti azyk defisiti, harytlaryň gymmatlamagy, daşary ýurt walýutasynyň “gara bazary” ýaly meseleleri, şeýle-de ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny düýpden agzamaýar, döwlet metbugaty bu barada habar bermeýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG