Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen manadynyň resmi çalyşyk kursunyň üýtgedilmegine seredilýär


"Rus bazaryň" golaýyndaky bank bölümi (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda türkmen manadynyň daşary ýurt walýutalary babatyndaky resmi kursunyň hümmetini üýtgetmek mümkinçiligine seredýär, diýip Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky çeşmesi habar berýär.

Adyny efirde tutmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolan çeşmämiziň sözlerine görä, täze kursyň “gara bazardaky” kursa gaty golaý bolmagyna garaşylýar.

Şoňky hepdede Türkmenistanda elden edilýän resmi bolmadyk walýuta söwdasynda amerikan dollarynyň bahasy rekord derejesine ýetdi, bir amerikan dollary 14 we 15 manat aralygynda satyldy.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň gara bazardaky bahasy şu ýylyň ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri yzygiderli ýokarlanyp başlady, munuň bilen bir wagtda harytlar we azyk önümleri gymmatlady.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň resmi çalyşyk kursy 2015-nji ýyldan bäri üýtgewsiz 1 amerikan dollary 3.5 türkmen manady derejesinde saklanýar.

Walýutanyň nagt söwdasy Türkmenistanda bikanun hasaplanýar. 2016-njy ýylyň başynda ýurduň Merkezi Banky nagt walýuta çalyşygyny doly bes etdi.

Azatlyk Radiosy türkmen hökümetiniň daşary ýurt walýutasynyň resmi çalyşyk kursuny üýtgetmek mümkinçiligine seredýändigi baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň özünden resmi taýdan tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Emma Azatlygyň Merkezi Bankdaky çeşmesi Türkmenistanyň maliýe pudagynyň ýurtda daşary ýurt walýutasyna bar bolan talaba görä, ilaty walýuta bilen üpjün edip bilmeýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, walýutanyň resmi çalyşyk kursunyň üýtgedilmegi inflýasiýany saklamak üçin zerur.

“Inflasiýany belli bir derejede saklamak gerek. Meselem, gara bazarda dollaryň bahasy 15 manada barabar, bu ýagdaýda bankyň nyrhy 13.5-14 manat bolup biler. Kursyň üýtgäp durjagy ýa-da kesgitli boljagy hem uly mesele, emma onuň gara bazara görä, üýtgäp durmagy gaty ähtimal. Bu, Merkezi Banka stawkalara goşulmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu mümkin däl, sebäbi aratapawut juda uly” diýip, Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky ygtybarly çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, türkmen manadynyň daşary ýurt walýutalary babatynda kesgitlenmegine garaşylýan täze kursy ýurduň iri daşary ýurtly söwda partnýorlary we daşary ýurt walýutasynyň esasy çeşmeleri bolan Hytaý we Eýran bilen gepleşiklerine hem bagly bolup durýar. Sebäbi Hytaý türkmen gazynyň ýeke-täk hyrydary bolmagynda galýar. Eýran bolsa Türkmenistandan satyn alan gazy üçin hasaplaşmakdan ýüz öwrüp, dawa edýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG