Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurduň baş prokurory wezipeden çekilensoň, Gürjüstanyň prezidenti protest lideri bilen duşuşdy


Gürjüstanyň prezidenti Georgi Margwelaşwili

Gürjüstanyň prezidenti Georgi Margwelaşwili Tbilisiniň merkezinde protestleriň lideri bilen duşuşdy. Bu duşuşyk, ýurduň baş prokurory Irakli Şotadzeniň müňlerçe adamyň geçen ýylyň dekabr aýynda bolan uruş-dawada iki ýetginjek oglanyň pyçaklanyp öldürilmegine gatnaşygy bardygy aýdylýan ýaşlaryň sud diňlenişigine syýasy täsiriň bolandygyny aýdyp, protest geçirmeginden soň wezipeden çekilmeginiň ertesi gününe gabat geldi.

Iki mekdebiň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda turan uruşda 16 ýaşly Dawit Saralidze bilen Lewan Dadunaşwiliniň öldürilmegine gatnaşmakda güman edilýänleriň işi boýunça geçirilen sud diňlenişigi bilen bagly dörän protest çäreleri 31-nji maýda giçden soň başlady. Şu gün täze protest çäreleriniň geçirilmegine garaşylýar garaşylýar.

Janyna kast edilen ýetginjeklerden Dawidiň kakasy Zaza Saralidze oglunyň öldürilmeginden sud jogapkärçiligine çekilýän iki adamdan daşgary başga adamlaryň jogapkärdigini aýtdy.

Sud edilýän iki ýetginjekden biri 31-nji maýda Dadunaşwilini öldürmekde günäli tapyldy, olaryň ikinjisine Saralidzeniň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanyp, höküm çykaryldy.

“Derňew alty aýlap dowam etdi. Ýöne suduň bu günki çykaran karary bilen meniň oglumyň janyna kast eden ganhorlar tapylmady. Sebäbi ol ganhorlar arkasy güýçli adamlaryň çagalary bolansoň, prokurorlar olary penalaýar” diýip, Saralidze habarçylara gürrüň berdi.

Şotadzeniň wezipeden çekilmeginiň yz ýany, birnäçe müň protestçi Tbilisiniň merkezindäki köne parlament binasynyň öňünde ýygnanyp, tutuş hökümetiň işden çekilmegini talap etdi. Gürjüstanyň parlamenti 2012-nji ýylda Tbilisiniň 240 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kutaisi şäherine göçürilipdi.

Prezident Margwelaşwili protestçileriň lideri Saralidze bilen binanyň daşynda guralan çadyrda duşuşdy. Ol Saralidzä ýörite gynanç bildirmek isländigini aýtdy. Protestleriň lideri prezidentden başga hiç bir resmi bilen duşuşmajakdygyny aýdyp, haýyş edensoň bu duşuşyk amala aşyryldy.

1-nji iýun güni öýlän täze protest çärelerini guramak meýilleşdirilýär.

Ýurduň premýer ministri Giorgi Kiwirkaşwili wezipeden çekilmekden boýun towlaýandygyny, ýöne täze derňew işiniň geçirilmegine buýruk berýändigini aýtdy.

Kiwirkaşwili Içeri işler ministrliginiň täze has giňişleýin derňew işini gozgajakdygyny we derňew toparynyň düzümini kesgitlemek üçin parlamentiň iň gysga wagtyň içinde maslahat geçirjekdigini aýtdy.

31-nji maýda “Öldürme!” diýen şygary göterýän demonstrantçylar Baş prokurorlyk binasyndan Parlamentiň köne binasyna çenli ýöriş geçirdiler. Orsýetiň Interfaks habar agentligi nägilelik çärelerine goldaw berýän protestleriň Gruziýanyň beýleki şäherlerinde-de geçirilendigini habar berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde protestçileriň hatarynda çykyş edýän bir ýaş gyz demonstrasiýalaryň jana kast edişlik boýunça geçirilen derňew işi bilen bagly turandygyny, ýöne umumylykda alanyňda bu protestleriň Gruziýanyň elitasynyň ýurdy eden-etdilikli dolandyrýandygyna garşy geçirilýändigini aýtdy.

“Biziň hökümetimiz edenini edýär. Adaty raýat hökmünde meniň edip bilýän zadym ýok” diýip, ol aýtdy.

“Biz gan islämzok. Bize ar alyş gerek däl. Biz diňe adalat isleýäris. Bolany!”, diýip Tbiliside geçirilýän nägilelik çärelerine gatnaşýan protestçileriň biri AÝ/AR-a aýtdy.

XS
SM
MD
LG