Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina öldürilmeli 47 adamdan ybarat sanawy ele geçirendigini aýdýar


Ukrainanyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Wasyl Hrytsak (çepde), žurnalist Arkadiý Babçenko (ortada) we Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lutsenko.

Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lusenko, žurnalist Arakadiý Babçenkonyň janyna kast etmek synanyşygynyň öňüni almak bilen, başga-da öldürilmeli edilen 47 adamyň sanawyny ele salmaga başarandyklaryny aýtdy.

Lusenko Babçenkonyň ölümini sahnalaşdyrmak bilen, rus ýörite gulluklary bilen arabaglanyşygynyň bardygy aýdylýan, bu sanawyň arkasynda duranlar barada goşmaça maglumatlary almak başardandygyny belledi.

Lusenkonyň sözlerine görä, sanawda, esasan, hem ukrain, hem-de Ukrainada ýaşaýan žurnalistler ýerleşdirilipdir. Anyk adam atlary mälim edilmedi.

Ukrainanyň baş prokurory sanawda ady geçýän ähli adamlara duýduryşyň berlendigini hem sözüne goşdy.

Russiýa Ukrainanyň bu baradaky beýanaty dogrusynda häzirlikçe hiç hili reaksiýa görkezmedi.

“Eho Moskwy” radio-stansiýasynyň Kiýewdäki habarçysy Matweý Ganapolskiý özüniň we beýleki meşhur žurnalist Ýewgeniý Kiselýowyň Ukrainanyň howpsuzlyk gullugyna çagyrylandygyny we mümkin howp barada duýdurylandygyny aýtdy.

Mundan öň, žurnalist Aleksandr Babçenkonyň janyna kast etmek synanyşygy sahnalaşdyrylypdy.

Ol öz janyna kast edişlik boýunça geçirilen metbugat-konferensiýasynda: "Maňa mälim bolşuna görä, bu operasiýa iki aýlap taýýarlandy. Bu ýörite operasiýa şonuň netijesidir" diýip, Babçenko aýtdy we şeýle diýdi: "Meni diri alyp galdyňyz, ýene bir gezek minnetdar, emma has uly göwrümli terraktlaryň öňi alyndy” diýip, çykyş etdi.

Babçenkonyň metbugat-konferensiýasynda aýtmagyna görä, ol özüni öldürmek boýunça planlar barada Ukrainanyň milli howpsuzlyk gullugyndan (SBU) bir aý mundan öň bilip galypdyr. Oňa öz pasportyndaky suraty öz içine alýan dokumentleri getirip beripdirler. Şeýlelikde, Babçenko zakazçylaryň ýörite gulluklaryň gatnaşmagynda informasiýa eýe bolandygy barada netijä gelipdir.

XS
SM
MD
LG