Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gurak gelen ýyldan gowy hasyla garaşýar


Ekin meýdanyndaky wagyz
Ekin meýdanyndaky wagyz

Türkmenistanda galla oragynyň başlanmagynyň iki gün öňünden ýene bir iş maslahaty geçirildi. Ministrler kabinetiniň başlygynyň oba-senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, welaýat häkimleri galla oragyna görlen taýýarlyk, gowaçalara ideg edilişi barada hasabat berdiler, emma gurak gelen ýylyň öňde goýan synaglaryndan nädip geçjekdiklerini aýtmadylar.

Nobatdaky wideoşekilli iş maslahaty döwlet baştutanynyň söwda we daşary aragatnaşyklar minsitriniň orunbasary Begenç Goçmollaýewi wezipesinden boşadyp, onuň ýerine Karar Mämmedowy bellemeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Eger bir ýyl yza çekilsek, Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň galla oragyndan soň, planlaşdyrylan hasylyň alynmandygy üçin,oba hojalygy boýunça wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýat häkimlerine käýinç yglan etdi.

Bugdaý planynyň dolunmazlygy soň ýurtda ýerli unuň gytalmagyna we un söwdasynyň çäklendirilmegine, un, kepek, iým nobatlarynda adamlaryň özara ýumruklaşma çenli baryp ýetmegine alyp geldi.

Ýylyň gelşinden çen tutulsa, ýerly synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, bu ýyl hem bugdaý planynyň doldurylmagyna garaşmak kyn.

Azatlyk radiosynyň ozal habar berşi ýaly, wagtynda ýagyş-ýagmyryň ýamazlygy zerarly, geçen ýylyň güýzünde ekilen bugdaý ýeterlik boý alyp bilmedi we Balkan we Ahal welaýatlarynda uly ýoluň gyrasynda ekilen bugdaýlaryň kombaýnlaryň oragyna hem ilmejekdigi habar berilýär. Munuň üstesine, bu ýyl ekerançylyk ýaplaryna goýberilmeli suw hem iki aý gijikdi weýuwuş suwuny tutmakda bökdençlik döretdi diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi habar berdi.

Emma muňa garamazdan, wideoşekilli iş maslahatynda hasabat beren resmiler ýylyň gurak gelmegi, suw ýetmezçiligi netijesinde dörän meseleleriň nähili çözülendigi barada hiç bir anyk zat aýtmadylar.

Öz gezeginde, döwlet baştutany hem bu barada hiç bir sorag bermedi we muňa derek oba hojalyk tehnikalarynyň orak möwsümine taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Iş maslahatynda Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda gant şugundyrynyň ekişi, gök-bakja önümlerini ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Azatlyk radiosynyň Balkandaky çeşmeleri bu sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň müň kilometr çemesi ýol geçip, Marydaky ammara tabşyrylmalydygyny we munuň ullakan önüm zaýaçylygyna alyp barýandygyny, daýhanlaryň aljak girdejisine zarba urýandygyny habar berýärler. Emma prezident maslahatdabu işleriň guramaçylykly, talabalaýyk derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrsa-da, anyk birüýtgeşikligi talap etmedi.

Maslahatda şaly ekişini guramaçylykly geçirmek barada hem gürrüň edildi, emma bugdaý, pagta we şaly hasyllaryna suw ýetmezçiliginiň salyp biljek howpy, bu mesele boýunça görülýän çäreler aýdyňlaşdyrylmady.Şol bir wagtda-da TDH wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi barada hem hasabat berendigini habar berýär, emma detallary açmaýar.

Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplügi oba ýerlerinde ýaşaýar we döwletden kärendesine ýer alyp, şertnama baglaşyp, borçnama esasynda oba hojalyk önümlerini öndürýär. Ýöne soňky ýyllar obalarda bu iş bilen meşgullanmak isleýän adamlaryň barha azalýandygy, sebäbi hökümetiň oba hojalyk önümlerini satyn alyş nyrhlarynyň tas üýtgewsiz galýandygy, daýhanlaryň ýylboýy işläp, bergili çykýan halatlarynyň hem az bolmaýandygy aýdylýar.

Azatlyk radiosynyň Balkan we Ahal welaýatlaryndaky çeşmeleri şu ýyl bugdaý eken daýhanlaryň döwlete bergili çykmakdan alada galýandyklaryny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG