Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli 611 tussagy türmeden boşatdy


Türmedäki adam
Türmedäki adam

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýunda mukaddes Gadyr gijesine gabat ozal jenaýat edendigi üçin iş kesilen 611 raýatyň günäsini geçdi. Bu barada döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy habar berýär.

Читайте также на русском

Azatlyk radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleri maý aýynyň aýagynda bu gezek Gadyr gijesine gabat 3 müňe golaý tussagyň günäsiniň geçilmegine garaşylýandygyny, azatlyga çykjaklaryň arasynda "gülençiler" diýilýänleriň hem bolmagynyň ähtimaldygyny habar beripdiler, emma bu maglumat tassyk bolmady.

Türkmenistanda mundan öňki günä geçiş mart aýynda, Nowruz baýramyna gabat yglan edildi.

Adatça bolşy ýaly, bu gezek hem günäsi geçilen tussaglaryň ýurduň Jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda tussaglyga höküm edilendigi we jeza möhletleriniň näçe bölegini türmede geçirendigi, şeýle-de olaryň haýsy ýaşlardaky raýatlardygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklara gabat geçirilýän ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, döwlet baştutany bu gezegem günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Bu gezekki günä geçiş şu ýylda yglan edilen ikinji günä geçişlik bolup, mundan öň 2017-njy ýylyň dekabr aýynda Bitaraplyk baýramy, oktýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramy, iýun aýynda Gadyr gijesi, fewralda Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli müňlerçe adam türmeden azat edildi.

Emma türkmen mediasy ozalky azat edilen tussaglaryň iş bilen üpjün edilmegi barada berlen tabşyrygyň nähili ýerine ýetirilýändigi barada hiç bir maglumat bermeýär. Ikinji tarapdan, bu günä geçişler ýurtda ykdysady kynçylyklaryň artýan, işsizligiň köpelýbän, durmuşyň bolsa barha gymmatlaýan wagtyna gabat gelýär.

Bellemeli ýeri, geçen ýyl Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanda häzirkiden iki essä golaý kän adamyň, 1029 tussagyň günäsi geçildi.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurtlaryň biri hasaplanylýar we ýylda müňlerçe tussagyň günäsini geçip, türmelerdäki tussaglaryň sanyny azaltmak ýurt garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda, işsizligiň artmagy, neşe bilen bagly jenaýatlaryň aşa köpelmegi bilen başlandy.

Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelmezden öň günä geçiş esasan ýylda bir gezek, gadyr gijesine gabat yglan edilerdi we azatlyga çykýan tussaglaryň sany käte 8-9 müňe hem baryp ýeterdi.

Türkmenistan türme şertleri, raýatlaryň ýapyk sudlarda ýa-da kanun normalary doly berjaý edilmezden uzak möhletli jeza çärelerine höküm edilmegi, tussaglaryň daşarky dünýä bilen habarlaşyk bilmezligi we kähalatda gynaga sezewar bolmagy sebäpli halkara guramalary tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär.

Şeýle-de, “Olary diri görkeziň” atly hukuk goraýjylar kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, türkmen türmelerinde ýiten diýip hasaplanylýan tussaglaryň sany ýüzden geçýär.

Azatlyk radiosynyň we Türkmenistanyň alternatiw habarlary proýektiniň habarçysy Sapärmämmet Nepesgulyýew golaýda özüne, hamala, bikanun neşe maddalaryny saklandygy üçin diýlip kesilen üç ýyl türme tussaglygyny tamamlap, azatlyga çykdy.

BMG-niň eden-etdilikli tussag etmelere garşy işçi topary S.Nepesgulyýewiň bikanun, öz garaşsyz žurnalistlik işi üçin ýanalandygy barada karara gelip, onuň azat edilmegine çagyrdy.

Şeýle-de BMG-niň bu topary golaýda Türkmenistanda hamala “gülençiler” bilen gatnaşaykda bolmakda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen 18 raýatyň, raýat aktiwisti, pagta ýygymy bilen bagly mejbury zähmetiň ulanylmagy hakynda maglumat taýýarlan Gaspar Matalaýewiň bikanun tussag edilendigi barada karara geldi.

XS
SM
MD
LG