Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadyr gijesinde emlägi alnan 'gülençileriň' azatlyga çykarylmagyna garaşylýar


25 ýyl türme tussaglgyna höküm edilen Resul Atageldiýew, Aşgabadyň “Merdem” we “AlpEt” restoranlarynyň ozalky eýesi

Türkmenistanda ýetip gelýän Gadyr gijesine gabat nobatdaky günä geçişe garaşylýar we Azatlygyň hökümete ýakyn iki çeşmesi, bir-birinden habarsyz, bu gezek üç müňe golaý tussagyň azatlyga çykarylmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Читайте также на русском

Şeýle-de çeşmeler bu gezek ýurtdaky syýasy ýagdaýlar we din azatlygynyň çäklendirilmegi bilen bagly türmä basylan diýlip çaklanylýan ‘gülençileriň’, ýagny ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen gatnaşyk saklamakda güman edilip uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlaryň hem ençemesiniň günä geçişe düşürilmeginiň ahmaldygyny habar berýärler.

Sebitde ýurduň ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurt bolan Türkmenistanda baýramçylyklara gabat ýüzlerçe tussagyň günäsiniň geçilmegi G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň adaty ýagdaýa öwrüldi. Ondan öň hem Türkmenistanda köp adamly türmleriň ýüküni ýeňletmek üçin günä geçişler yglan edilerdi, ýöne bu günä geçişler esasan Gadyr gijesine gabat bolup, her ýyl bir gezekde 8-9 müňtussag azatlyga çykarylardy.

Ýerli synçylar we hukuk goraýjylar Türkmenistanda günä geçişleriň tertibi üýtgese-de, günäsi açyk sudlarda kanun esasynda subut edilmedik raýatlaryň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmeginiň, bu ýagdaýyň töweregindäki korrupsiýanyň kän üýtgemändigini belleýärler.

Azatlyk radiosyna geçen ýylyň aprelinde gelip gowşan sud dokumentleriniň tassyklamagyna görä, Aşgabat şäher sudunyň 8-nji fewralda çykaran höküminde jemi 18 adam umumy hasap bilen 333 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Bellemeli ýeri, Fethulla Güleniň hereketi bilen baglanyşygy bolan türkmen raýatlary bilen türkmen häkimiýetleriniň arasyndaky ysnyşykly ýagdaý Türkiýede 2016-njy ýylda başa barmadyk döwlet agdarylyşygyndan soň ýaramazlaşdy we Azatlyk radiosyna türk-türkmen mekdeplerinde okan raýatlaryň barha köp ýanalýandygy barada habar gelmäge başlady.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň hökümeti başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynda Amerikada ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleni günäledi we onuň bilen gatnaşygy bolan adamlara garşy hem ýurt içinde, hem daşary ýurtlarda giň gerimli tagallalara başlady.

Ýagdaýy ýakyndan synlaýan synçylar gülençilere garşy Ankarada başlanan göreşiň Aşgabatda hem onlarça adamyň gümürtik sebäpler esasynda türmä basylmagyna alyp gelendigini belleýärler.

Şol bir wagtda, Azatlyga Türkmenistanda Gülen hereketi bilen bagly türme tussaglygyna höküm edilenleriň anyk sany bell däl. Ýöne çeşmeler 2016-njy ýylyň oktýabryndan bäri häkimiýetler tarapyndan türk oppozisioneri bilen gatnaşykda aýyplanyp tussag edilenleriň sanynyň onlarçadygyny we olaryň uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini aýdýarlar.

Azatlyga gowşan sud dokumentlerinden belli bolşuna görä, gülençiler diýilýänlere 2017-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykarylan hökümde ady geçýän raýatlaryň ählisine Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 177-nji maddasynyň (Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek) 3-nji bölegine; şeýle-de 275-nji maddasynyň (Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmek) 3-nji bölegine laýyklykda aýyp bildirilipdir.

Şonda Tejeniň orta mekdebinde mugallym bolup işleýän raýatlaryň ençemesine 12 ýyl iş kesilen bolsa, ýene bir topar telekeçä 25 ýyldan iş kesildi we olaryň derňew mahalynda urlup-ýenjilendigi, ýüklenýän günäni boýun almaklary we beýlekilere garşy görkezme bermekleri üçin gynalandygy barada maglumatlar ýaýrady.

Eger-de bu gezekki günä geçişde gülençiler hereketi bilen bagly türmä basylan adamlar köpçülikleýin azatlyga çykarylsa, bu Türkmenistanda syýasy ýagdaýlar bilen bagly azatlykdan mahrum edilenleriň ilkinji gezek köpçülikleýin gänä geçişe düşürilmegi bolar.

Azatlygyň çeşmeleri gülençileriň azatlyga çykmak ähtimallygynyň ýene syýasy ýagdaý bilen baglydygyny, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar netijesinde türk işewürleri bilen arasy bosulan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogandan göwnüniň galandygyny aýdýarlar. Ikinji tarapdan, hökümete ýakyn çeşmeleriň bellemeine görä, gülençiler bilen gatnaşykda günälenen adamlaryň emläkleri konfiskasiýa edildi we olaryň käbiri uly möçberde para hem bermeli boldy.

Gülençileriň azatlyga çykarylmak ähtimallygynyň arakasyndaky ýene bir sebäp bolsa, repressiw çäreler sebäpli ýurtdan gaçýan telekeçileri köşeşdirmek, döwlet gaznasyna gelýän salgydy artdyrmak üçin gaýtadan telekeçilge höwes, kanuna ynam döretmek synanyşygy bilen bagly bolup biler diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen çeşmeler gürrüň berdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG