Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran nebit önümçiligini artdyrmak boýunça ylalaşyk ähtimallygyny yşarat edýär


Eýranyň Nebit ministri Bižan Namadar Zanganeh
Eýranyň Nebit ministri Bižan Namadar Zanganeh

Eýran OPEK-iň nebit önümçiligini sähel artdyrmak meselesine özüniň taýýardygyny ýaňzytdy. Mundan ozal, Orsýet bilen Saud Arabystany sarp edijileriň ýokarlanýan bahalar bilen bagly aladalaryna jogap hökmünde, önümçiligi artdyrmagy teklip edeninde Eýran bu plany ret edipdi.

20-nji iýunda Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh: “Soňky aýlarda karteliň önümçiligi gereginden artyk azaldan agzalary onuň mukdaryny ylalaşylan kwotalara laýyklykda artdyryp bilerler” diýdi.

Eden bu çykyşyndan bir gün ozal Zanganeh OPEK-iň Wenadaky ştab kwartirasyna gelende: “Men bu ýygnakda ylalaşylar öýdemok” diýipdi.

ABŞ, Hytaý we beýleki iri nebit sarp ediji ýurtlaryň ýangyjyň bahasyny gowşatmak boýunça edýän çagyryşlarynyň fonunda, Moskwa bilen Riýad OPEK we beýleki nebit öndürýän iri döwleteriň 2016-njy ýylda önümçiligi gündelik 1.8 million barrel azaltmak boýunça gelen kararyna täzeden seretmegi teklip edipdi.

Ýöne Yrak, Alžir we Wenezuella ýaly täsirli OPEK agzalarynyň hatarynda Eýran hem bu teklibe garşy çykmak ähtimallygyny yşarat edipdi. Zanganeh ABŞ-nyň prezidenti Donal Trampyň önümçiligi artdyrmak boýunça eden çagyryşlaryny bu çärä garşy çykmak üçin ýeterlik sebäp diýip düşündirdi.

Tramp Wenezuella we Eýrana garşy sanksiýa girizmek arkaly “nebit bazarynda kynçylyk döretdi” we munuň netijesinde bahalar ýokarlanyp, önümçilik azaldy diýip, Zanganeh belledi.

“Indi ol amatly bahalar üçin OPEK-iň ýagdaýlary oňyn tarapa özgertmegine garaşýar. Bu adalatly däldir. OPEK prezident Trampyň görkezmeleri bilen iş alyp barmaýar, bu garaşsyz guramadyr. OPEK Birleşen Ştatlaryň Energiýa ministrliginiň bir bölümi däldir” diýip, Zanganeh aýtdy.

2016-njy ýylyň aýagynda OPEK-iň düzümine girýän ýurtlar bilen bir hatarda Orsýet, Gazagystan we Meksika ýaly döwletler önümçiligi azaltmak boýunça ylalaşansoň, çig nebtiň bahasy 75 göterim ýokarlanyp, 1 barrel nebtiň bahasy 80 dollara çykypdy.

OPEK 22-nji iýunda duşuşyp, bu ylalaşygy täzeden gözden geçirmegi, duşuşygyň ertesi güni 2016-njy ýylda ylalaşyga goşulan Orsýet we OPEK-e degişli bolmadyk ýurtlar bilen maslahat etmegi meýilleşdirýär.

Zanganeh Orsýet we OPEK-e degişli bolmadyk ýurtlar bilen geçiriljek gepleşikleriň öňýany özüniň Wenadan aýrylmagynyň mümkindigi aýtdy, ýöne 20-nji iýunda duşuşyga gatnaşyjylar Eýrany geçiriljek gepleşiklere gatnaşdyrmak boýunça tagalla edýändiklerini aýtdy.

OPEK-iň baş sekretary Mohammad Barkindo 20-nji iýunda eden çykyşynda 22-nji iýunda geçiriljek duşuşyklardan netijä garaşýandygyny ynamly aýtdy.

Yragyň nebit ministri Jabar al-Luaýbi OPEK-iň geçirýän duşuşygynda ylalaşyga barlar diýip umyt edýändigini aýdyp, şol bir wagtyň özünde, nebit bazarynyň heniz durnukly derejä ýetmändigini sözüniň üstüne goşdy.

Eýranyň nebit önümçiliginiň artdyrylmagyna garşy çykmagy ony Orsýet bilen gapma-garşy getirýär. Orsýet nebit önümçiligini gündelik 1.5 million barrele çenli artdyrmagy teklip edýär.

Orsýetiň Energiýa ministri Aleksandr Nowak ýangyja bolan zerurlygyň tomus aýlarynda has-da artýan wagty nebit önümçiligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Nowak eger-de OPEK ýurtlary bu hepde önümçiligi artdyrmak boýunça ylalaşsa, olar sentýabr aýynda geçiriljek duşuşykda alan bu kararlaryny täzeden gözden geçirip bilerler diýdi.

Birleşen Ştatlaryň ýakyn ýarany Saud Arabystany ABŞ-nyň noýabr aýynda Eýrana garşy täzeden sanksiýa girizmegi bilen önümçiligiň pese gaçan ýagdaýynda munuň öweziniň doldurylmagy babatda Trampyň basyşy astyndadyr.

XS
SM
MD
LG