Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdoganyň prezidentlik saýlawlaryny ýeňendigi yglan edildi


Döwlet mediasy sesleriň 99%-niň sanalandygyny, şeýle-de Erdoganyň 53% bilen nobatdaky gezek prezident saýlanandygyny habar berdi.

Türkiýänň Saýlaw komissiýasy häzirki ýurt baştutany Rejep Taýyp Erdogany prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi diýip, yglan etdi.

“Erdogan özüniň iň ýakyn bäsedeşini kanuny sesleriň aglaba köplügi bilen ýeňdi’ diýip, ýokary saýlaw kommitetiniň başlygy Sadi Güwen duşenbe güni ir bilen Ankarada çykyş etdi. Güwen anyk sanlary bermekden saklandy.

Güwen sesleriň 99.1% eýýäm sanalandygyny hem belledi. Ol sanalmadyk galan sesleriň umumy netijä täsir ýetirmejekdigini hem sözüne goşdy.

Türk saýlawlarynda Erdoganyň häkimiýeti synalar
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:42 0:00

Ýokary saýlaw kommiteti ses berilişigiň doly netijelerininiň 10-11 günüň içinde çap ediljekdigini aýtdy.

Mundan öň, döwlet mediasy sesleriň 99%-niň sanalandygyny, şeýle-de Erdoganyň 52,5% bilen nobatdaky gezek prezident saýlanandygyny habar beripdi. Onuň Adalat we Galkynyş partiýasy (AKP) bolsa, parlament saýlawlarynda sesleriň 42.5%-ni almagy başarypdyr.

Erdoganyň baş bäsdeşi esasy oppozisiýa partiýasynyň – Jemhuriýet halk partiýasynyň (JHP), dünýewi toparyň lideri Muharrem Inçe sesleriň 30.7%-ni alypdyr. Onuň partiýasyny alan sesi bolsa, 23%-e deň bolupdyr.

Maglumatlarda AKP-niň 600 orunlyk parlamentde gerekli köpçüligi almandygy, emma özüniň esasy ýarany, milletçi MHP partiýasy bilen parlamente gözegçilik etmäge mümkinçilige eýe boljakdygy aýdylýar.

Kürtleriň tarapyndan çykyş edýän Halk Demokratik Partiýasy 11% aldy. Ol parlamentde orun almak üçin zerur bolan 10%-i geçmegi başardy.

Hem prezident, hem parlament saýlawlaryna ses bermäge haky bolanlaryň 87%-niň gatnaşandygy habar berilýär.

"Ses berijileriň 90%-e golaýy bilen, Türkiýe tutuş dünýä demokratiýa sapagyny berdi" diýip, 64 ýaşly Erdogan çykyş etdi.

Erdogan aprelde, öz häkimiýetini has berkitmek üçin, prezident we parlament saýlawlarynyň 24-nji iýunda, ozalky planlaşdyrylyşyndan 17 aý öň geçiriljekdigini yglan etdi.

2017-nji ýylda geçirilen gapma-garşylykly referendumdan soň tassyklanan konstitusiýa düzedişleri astynda Türkiýe parlament dolandyryşyndan prezident sistemasyna geçýär.

Bu geljekki prezidente has giňeldilen ygtyýarlyklaryň berilmegini, premýer-ministriň wezipesiniň ýatyrylmagyny, parlamente prezidentiň öz ygtyýarlyklaryny nädogry ulanmgynyň garşysyna durmaga kömek etjek köp barlag we deňagramlylyk çäreleriniň ýok edilmegini aňladýar.

Erdogan ilki premýer-ministr bolup, 2014-nji ýyldan bäri bolsa prezident hökmünde türk syýasatynda 15 ýyldan gowrak wagt bäri agalyk edýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG