Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we täjik prezidentleriniň çäre syýasatlary: Kim nämeden nägile bolýar?


Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow täjik kärdeşi E.Rahmon bilen görüşýär, Duşenbe, 5-nji maý, 2014
Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow täjik kärdeşi E.Rahmon bilen görüşýär, Duşenbe, 5-nji maý, 2014

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurt içine edýän saparlary mahalynda guralýan dabaraly çäreleriň bes edilmegini talap edýär.

Bu maglumat Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň bir hepde öňünden, medeni hepdelik, şol sanda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen dabaralandyrylýan wagtyna gabat geldi.

Täjigistanyň “Ahbor” neşiriniň maglumatyna görä, E.Rahmon 24-nji iýunda Aýni raýonyna sapar edende ýerli ýolbaşçylara we prezidentiň kömekçisine ýüzlenip: “Siz aýdylan söze düşünmeýärsiňizmi? Men size prezidentiň respublikanyň şäherlerine we raýonlaryna edýän sapary mahalynda oglan-gyzlary köçä çykarmaň diýip näçe gezek aýtdym? Serediň ahyryn, olar sowukdan nähili titreýärler. Siziň wyždanyňyz ýokmy?” diýdi.

Neşiriň bellemegine görä, prezident ozal özüniň regionlara edýän saparlary mahalynda çagalary köçä çykaryp, uly dabara gurmazlyk barada berk tabşyryk beripdir. Emma muňa garamazdan, prezidenti ir sagat ýedide Sogd oblastynyň Konçoç diýilýän ýerinde garşy almaly oglan-gyzlar ol ýere daňdan sagat dörtde getirilipdir. Aýdylmagyna görä, bu ýerde howa tomsuna günortan hem salkyn we irki sagatlarda örän sowuk bolýar.

Konçoçda prezidenti garşylamak üçin diňe ýerli mekdepleriň okuwçylaryny däl, eýsem Hojandyň mekdeplerinde okaýan çagalaryň hem uly toparyny getirdiler, olar bir aýa golaý Aýni raýonynda bolup, dabara taýýarlyk gördüler, hatda mekdepde tabşyrmaly ekzamenlerini hem şu ýerde tabşyrdylar diýip, habarda aýdylýar.

Täjik lideri birnäçe ýyl öň Hatlon oblastynyň Farhor raýonynda bolanda hem emeldarlary sowuk howada prezidenti garşylamaga çykarylan çagalar üçintankyt edipdi. Şonda prezident aýazly howada galdyrap duran gyzjagazlaryň birinden “üşediňmi?” diýip sorady we ol gyz oňa “doňara gelendigini” aýtdy.

Emma muňa garamazdan, regionlaryň ýolbaşçylary prezidenti garşylanlarynda biri-birinden uly dabara gurmakda, bu çärelere mümkin boldugyça kän adam toplamakda ýaryşýarlar diýip, “Ahbor” neşiri ýazýar.

Prezidenti garşylamak üçin guralýan uly dabaralar, ol dabaralara çagalaryň hem çekilmegi türkmenistanlylar üçin täzelik däl. Şol bir wagtda Türkmenistanyň duldegşir goňşulary Özbegistanda we Gazagystanda prezidentiň öňünden çagalary çykarmak “däbi” ýok. Emma şu ýyl türkmen prezidenti Özbegistanda saparda bolanda, ony garşylamak üçin etniki türkmenler bilen bilelikde, ýerli özbekleriň-de köçelere çykarylandygy habar berildi.

Bellemeli ýeri, täjik prezidentinden tapawutlylykda, prezident Berdimuhamedow köpçülik çäreleriniň uly türkmen toýy görnüşinde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini talap edýär we soňky ýyllarda býujet işgärlerini, studentleri we mekdep okuwçylaryny, yssy ýa sowuk diýmän çärelere gatnaşdyrmak adaty bir zada öwrüldi.

Mysal üçin, şu ýylyň 7-nji fewralynda Aşgabadyň gaýrasynda gurulýan “Täze zaman” obasynyň nobatdaky tapgyry açylanda, çagalar hem ençeme sagat sowuk howada aýak üstünde durmaga mejbur boldy. Şonda ene-atalaryň biri Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, “Ýurtdaky ykdysady ýagdaýlardan alada galan prezident çagajyklaryň alkyşy bilen göwnüni aldajak bolýar” diýdi.

Gynançly ýeri, çagalaryň gatnaşdyrylýan köpçülik çärelerinde käte betbagtçylykly hadysalaryň hem bolýandygy aýdylýar. Mysal üçin, 2015-nji ýylyň oktýabrynda Maryda guralan çäre mahalynda oňa gatnaşdyrylýan çagalaryň birnäçesiniň maşynyň aşagyna düşendigi barada hem maglumat ýaýrady.

Türkmenistanda prezidentiň öňünden çagalary çykarmak ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe başlandy. Ýogsa Nyýazow resmilere ýüzlenip, özüniň beýle kän öwülmezligini haýyş ederdi, gazetlerde suratynyň kän çap edilmeginden, konsertlerde özi hakynda kän aýdym aýdylmagyndan nägilelik bildirerdi.

Emma Berdimuhamedow, Nyýazowdan tapawutlykda, mediada ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleriň ýeterlik beýan edilmezliginden nägile bolýar.

XS
SM
MD
LG