Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde türkmen banklarynyň kartlaryndan günde 1.6 dollar nagtlaşdyryp bolýar, talyplar kösenýär


Täjigistandaky türkmen studentleri (Illýustrasiýa suraty)
Täjigistandaky türkmen studentleri (Illýustrasiýa suraty)

Orsýetiň Woronež oblastynda ýokary bilim alýan türkmenistanly talyplar özleriniň türkmen banklaryndan alan kartlary bilen bagly dürli kynçylyklara sezewar bolýandyklaryny habar berýärler.

Читайте также на русском

Olar kartlaryndan günde 100 rubl, ýagny 1.6 dollar möçberinde maliýe serişdelerini nagtlaşdyryp bilýändiklerini aýdýarlar.

“Arada Woronežde okaýan iki talyp bilen gürrüňdeş boldum. Olar özleriniň bank kartlaryndan 100 rubl, 1.6 dollar nagtlaşdyryp bilýändiklerini aýtdylar. Şol sebäpden olar bir döwüm çörek üçin okuwdan boş wagtlary işleýändiklerini aýtdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy belleýär.

Golaýda Azatlyk bilen habarlaşan başga bir talyp bu habarlary tassyklaýan häsiýetde maglumat berip, Orsýetde iýun aýynyň dowamynda özüniň kartyndan 100 rubl (1.6 dollar) nagtlaşdyrmaga çäkli mümkinçiliginiň bolandygyny aýdypdy.

Azatlygyň habarçysy ogul-gyzy daşary ýurtlarda bilim alýan ene-atalaryň degişli maliýe serişdelerini Türkmenistandan ugratmak boýunça duçar bolýan kynçylyklary barada-da maglumat berdi.

“Ene-atalarynyň ugradan pullaryny Türkmenistandaky banklar [daşary ýurtdaky okuw jaýlaryň bank hasaplaryna] geçirmeýän ekeni. Şol sebäpden köp sanly talyp okuw jaýlaryna degişli umumy ýaşaýyş jaýlaryndan kowlupdyr” diýip, talyplar bilen gürrüňdeş bolan habarçy belledi.

“Olar okuwy taşlap öýlerine gaýdaslary gelse-de, iliň gep-gürrüňinden çekinip, emelläp kynçylyklara döz gelýän ekeni” diýip, Azatlygyň habarçysy talyplara türkmen jemgyýetçilik durmuşynyň edýän täsirine degip geçdi.

Şeýle-de ol dowam edýän maliýe bökdençlikleriniň talyplaryň jan-saglygyna abandyrýan howpy barada-da gürrüň berdi.

“Talyplaryň sözlerine görä, olaryň köpüsi kadaly iýmitlenip bilmänsoň, saglyk problemalaryna duçar bolupdyr” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Ol gürrüňdeşligiň dowamynda daşary ýurtlardaky talyplaryň agtarýan çykalgalary, olaryň netijeleri barada maglumat berdi.

“Arada talyplar jem bolup 50-60 töweregi karty bir talyba berip, olardaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin ony Türkiýä ugradypdyrlar. Ýöne olar iki gezek pullaryny aldyryp, zyýana galypdyrlar” diýip, gürrüňdeşimiz belledi.

Azatlygyň habarçysy plastik kartlar boýunça dowam edýän çäklendirmeler bilen içgin gyzyklanandygyny ýaňzydyp, bu kynçylyklar bilen bagly häkimiýetleriň öňe sürýän sebäpleri barada gürrüň berdi.

“Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň [türkmen banklaryndan kart alyp] daşary ýurtlara okamaga ýa-da işlemäge giden raýatlaryň plastik kartlary bilen bagly barlag geçirýändigi aýdylýar. Hamana, käbir talyplar hossarlarynyň her aýda özlerine ugradýan 200 dollaryny nagtlaşdyryp yzyna, hossarlaryna ugradýan bolmagy mümkin diýilýär” diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne talyplaryň gürrüňinden çen tutulsa, olaryň okaýan ýurtlaryndan Türkmenistandaky hossarlaryna pul ugratmaga ýagdaýlary ýok ýaly.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, ýurtda dollaryň “gara bazardaky” bahasy birnäçe esse gymmatlady.

Ykdysady ysgynsyzlygyň ýitelmegi bilen daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň hem maliýe kynçylyklary goşalandy.

Azatlyk Radiosy Orsýetde, Täjigistanda, Belarusda, Ukrainada, Tatarstanda we beýleki käbir ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe kynçylykary barada yzygiderli maglumatlary çap edip geldi.

Türkmen resmileri bu kynçylyklar barada çykyş etmeýär.

XS
SM
MD
LG