Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrasiýanyň başlygynyň talabyndan soň gidýän we gelýän raýatlara degilmeýändigi aýdylýar


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy

"Türkmenistanyň Hronikasy“ neşiriniň ýurtdaky öz çeşmelerine salgylanyp çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdow, edaranyň ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda olardan "Türkmenistandan daşary ýurda barýan we yzyna dolanýan raýatlara düzüw çemeleşmegi“ talap edipdir.

Читайте также на русском

Neşir, şondan soň daşary ýurtlara gatnaýan uçarlardan alnyp galynýan raýatlara duş gelinmeýändigini we Türkmenistanda serhetden geçmegiň gowşadylan düzgüniniň näçe wagt dowam etjekdiginiň häzirlikçe anyklanyp bilinmändigini ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki çeşmeleri bilen Türkiýeden yzygiderli ýagdaýda habarlaşýan migrantlary hem şeýle ýagdaýyň bardygyny tassyklaýarlar.

Geçen aýyň ahyrky günlerinde we bu aýyň başynda Türkmenistandan Stambula gelenden soň anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen hut şu tema barada habarlaşyp öz başdan geçirenlerini gürrüň beren onlarça aşgabatly, maryly, daşoguzly, balkanly we lebaply migrantlaryň aýtmagyna görä, häzir Aşgabadyň aeroportynda gidýän we gelýän ýolagçylara degilmeýär, ýagny owalky berk düzgün gowşadylypdyr.

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Şol bir wagtyň özünde, migrasiýa we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri bilen bilelikde amala aşyrýan owalkysy ýaly adatdan daşary gözegçilik, psihologiki basyşlar, ýolagçylary dürli bahanalar bilen soraga çekmek ýa-da gödek gürleşmek ýaly ýagdaýlara hem häzirlikçe duş gelinmeýändigi aýdylýar.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, sesiniň bolsa üýtgedilen görnüşde efirde berilmegini islän, ýaňy-ýakynda Türkmenistandan yzyna dolanyp gelen bir türkmen migranty Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde diňe bir aeroportda däl, eýsem welaýatlarda hem migrasiýa gullugynyň aňry gitse 15 güniň içinde daşary ýurt pasportuny taýýarlap berýändigini hem aýdýar.

Türkmen migranty Aşgabadyň aeroportyndaky ýagdaýlar barada gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:13 0:00

Adynyň anonim galmagy şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren 4 sany gyzyň aýtmagyna görä, olar birnäçe günlükde Aşgabadyň aeroportyndan päsgelçiliksiz geçip, Stambula gelipdirler.

"Biz ilkinji gezek daşary ýurda gaýtdyk. Türkmenistanda ýaňy okuwy tamamladyk. Türkiýä ýokary bilim almak üçin synag tabşyrmaga barýarys diýdik hemmämiz welin, hiç kim saklaman geçirip goýberdi. Tä Stambula gelip uçardan düşýänçäk ynanmadyk daşary ýurda arkaýyn goýberilenimize. Diýmek daşary ýurt metbugatynda yzygiderli ýagdaýda bu ugurdaky problemalaryň gün tertibine getirilmegi düzgüniň gowşadylmagyna kömek eden bolmaly“ diýip, golaýda Stambula gelen türkmen gyzlary Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan ýokarky ýagdaýlar dogrusynda resmi ýagdaýda hiç hili maglumat almak başartmady.

Sözümiziň ahyrynda ýene bir gezek bellesek, Aşgabadyň aeroportyndaky gowşadylan düzgüniň anyk näçe wagt dowam etjekdigi barada häzilikçe hiç hili maglumat ýok.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG