Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň bahasyndaky durnuksyzlyk ‘telekeçileri köseýär’


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar hususy telekeçilere oňaýsyz täsir edýär. Daşoguz welaýatynda hususan-da azyk haryt hem-de mebel söwdasy bilen meşgullanýan iri telekeçiler ýurtdaky umumy maliýe çökgünligi bilen bagly ykdysady durnuksyzlyk sebäpli uly zyýana galýarlar. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy 25-nji iýunda maglumat berdi.

“Geçen hepdäniň başynda dollaryň [gara bazardaky] bahasynyň 15 manada çenli arzanlamagy bilen telekeçiler aldawa düşüp, harytlarynyň bahalaryny arzanlatdylar. Ýöne dollaryň bahasy ýene-de 20-22 manada galansoň, telekeçiler uly zyýana galandygyny aýdýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy telekeçileriň sözlerine salgylanyp maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, bu durnuksyzlyk esasan azyk haryt hem-de mebel söwdasy bilen meşgullanýan telekeçilere has oňaýsyz täsir etdi.

“Olar indi 6 aý bäri ýagdaýlar düzeler diýip, umyt edip gelýärler. Ýöne telekeçiler [dollaryň bahasynda ýüze çykan soňky durnuksyzlyk sebäpli] agyr ýitgi çekensoň, zyýanyň öwezini dolmak üçin bahalary ýene-de galdyrandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

“Welaýatyň käbir iri telekeçileri maliýe çökgünligi sebäpli “bankrot” bolup, işini togtadandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, telekeçileriň daşary ýurtlardan getirýän azyk harytlary, halkyň duçar bolan maliýe ýetmezçiligi sebäpli wagtynda geçmänsoň, harytlaryň ýaramlylyk möhleti dolýar, gök-miwe önümleri çüýreýär.

“Welaýatda giň ýaýran işsizlik sebäpli adamlar çagalarynyň “posobiýasyna”, [ýagny döwlet kömek pullarynyň hasabyna] ýaşamaly bolýarlar. Olam [gara bazara görä aýda] 5 dollara barabar bolýar. Şol sebäpden adamlar bu harytlary satyn alyp bilmeýärler ” diýip, habarçy halkyň esasan bil baglaýan eklenç çeşmesi barada gürrüň berdi.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady krizislerinden birini başdan geçirýär. Halkara eskpertler ýurduň milli manadynyň hümmetsizlenýändigini aýdýarlar. Iýun aýynyň başynda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýurduň demirgazygynda 1 dollaryň bahasynyň 29 manada ýetendigini habar berdi. Ýöne iýunyň ikinji on günlüginden başlap, ýurduň künjeklerinde dollaryň bahasy duýdansyz arzanlap başlady.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, daşary ýurt walýutasynyň bahasyndaky durnuksyzlygyň fonunda, golaýda türkmen häkimiýetleri käbir telekçileri, bank işgärlerini hatda güýç edaralarynyň käbir agzalaryny Aşgabatda döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplap tussag edipdi.

Daşoguzdaky habarçy Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde harytlaryň ýokarlanýan nyrhlary barada-da käbir maglumatlary berdi.

“Ozal 50 teňňelik ‘MacCoffee’ häzir 10 manatdan bahalanýar. 200 gramlyk “Capucchino” ozallar 3 manatdan gymmat bolmazdy, häzir şolar 25 manat. 1 litrlik ‘Coca-Cola’ şu gün 25 manatdan satylýar. Ozal bahasy 80 teňňelik türkmen çaýy häzir 5-7 manat aralygynda satylýar” diýip, ol aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, temmäki önümleriniň hem-de alkogol içgileriniň döwlet we hususy dükanlarda gytalýandygyny, olaryň dükanlarda elýeterli bolan halatynda köplenç geçen aýdaky bahasyndan 3-4 esse gymmat satylýandygyny aýdan habarçy, “1 guty çilim geçen aý 40 manat töweregindedi, häzir 130 manada çykdy. 0.5 litrlik Daşoguzda we Gökdepede öndürilýän araklar ozallar 30 manatdy, häzir 50-70 manat aralygynda satylýar” diýip, sözüne goşdy.

Türkmen resmileri öňe sürülýän gytçylyk we gymmatçylyk barada çykyş etmäni gelýär. Golaýda türkmen hökümetine ýakyn bir websaýt halkyň gymmatçylykdan ejir çekýändiginiň aýdylýan wagty, Türkmenistanda “azyk bolçulygy göze ilýär” diýip, maglumat çap etdi. Onda erik, garpyz we ş.m ir-iýmişlerden doly tekjeler hakda gürrüň edilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG