Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly student gyzyň gopan saç derisi gaýtadan ýerine tikildi


Türkiýäniň Samsun şäheri. Illýustrasiýa suraty

Türkiýede okaýan türkmen student gyzynyň uçran heläkçiligi bu ýurduň halk köpçüliginde uly seslenme döretdi.

Türkiýäniň media serişdeleri ýurduň Gara deňziniň kenarynda ýerleşýän Samsun şäherinde “go-kart” ulagyny süren mahaly, saçy tekere oralyp, kellesiniň derisi gopan türkmenistanly student gyzyň derisiniň gaýtadan operasiýa bilen tikilendigini habar berýär.

19-njy maý uniwersitetiniň keselhanasynyň baş hekimi professor Rejep Sanjak türkmenistanly student gyzyň ýagdaýy barada geçirilen metbugat konferensiýasynda, onuň emeli dem alyş enjamynyň çykarylandygyna garamazdan, ýagdaýynyň agyrdygyny gürrüň berdi.

"Ol häzir reanimasiýada ýatyr. Onuň tekere oralan saçy gaşynyň ýokarsyndan başlap, derisi bilen bilelikde gopupdyr. Şonuň üçinem​ ​19-njy maý uniwersitetiniň tebigat bilimleri fakultetiniň Biologiýa bölüminiň​ 4-nji kursunda okaýan 22 ýaşyndaky Türkmenistanyň raýaty Nurjemal Annalyýewa​ gelen badyna geçirilen operasiýada gopan saçy derisi bilen bilelikde gaýtadan ýerine tikildi. Başda ýagdaýy agyr bolany üçin emeli dem alyş enjamyny dakmaly bolduk. Onuň akly-huşy ýerinde we sowallara gowy jogap berýär. Maşgalasynyň wakadan habary ýok. Türkmen student gyzyna şypa dileg edýäris” diýip, keselhananyň baş hekimi professor Rejep Sanjak aýdýar.

Beýleki tarapdan, Türkiýäniň “Sabah” gazetiniň işgäri Murat Al​i​ hanyň ýazmagyna görä, Nurjemal Annaýewa oňa “Şeýle ulaga ömrümde ilkinji gezek mündim. Ondan owal birnäçe gezek görüpdim, ýöne sürmändim. Ýoldaşlarym bilen go-kart sürüp ýaryşmak isledik. Saçym uzyn bolany sebäpli işgärler maňa munuň howply boljagyny duýdurmady. Ikinji aýlawa başlanymda, birden saçym tekere oraldy we ýere ýykyldym. Hiç kim maňa saçyňy ýygna diýip duýduryş bermedi. Bu ýerde geleňsizlik bar. Men jogapkärler barada kazyýete arz-şikaýat etjek” görnüşinde başyndan geçirenlerini gürrüň beripdir.

Gyz jigisiniň ölümiň bäri ýanyndan gaýdandygyny aýdan onuň agasy Ýusup Annalyýew bolsa, “Uýamyň ýagdaýy göze görnüp dur. Ömründe ilkinji gezek münen go-kart ýaryş ulagy ony tas bizden aýrypdy. Bu ýerde gaty köp geleňsizlik bar. Bu işi beýle goýmarys” diýýär.

Türkiýäniň “Milliýet” gazetiniň ýatlatmagyna görä, waka 20-nji iýun gijesi sagat 22:00 töwereginde Samsun şäheriniň Ilkadym etrabynyň “Batypark” diýilýän seýilgähindäki “go-kart” aýlawynda bolupdyr. ​

Sözi jemlesek, Samsun şäher polisiýasynyň bir işgäri bolsa, Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda beren maglumatynda waka barada derňew işiniň gozgalandygyny we netijäniň metbugatyň üsti bilen halk köpçüligine ýetiriljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG