Türkmen häkimiýetleriniň maglumatlaryna görä,13-nji iýunda güýzlük bugdaý oragyna Daşoguz, Balkan welaýatlarynda hem başlandy we ýurduň galla meýdanlaryndaky orak depginleri barha ýokarlanýar.
Döwlet eýeçiligindäki medianyň 14-nji iýunda beren maglumatynda Mary welaýatynda galla oragyndaky ilkinji zähmet ýeňşi gazanylandygy habar berildi. “Tagtabazar etrabynyň kärendeçileri döwlet harmanyna 19 müň 800 tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp,şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler” diýip, TDH habar berýär.
Читайте также на русском
Neşiriň tassyklamagyna görä, Mary sebiti boýunça eýýäm dänäniň 154 müň tonnadan gowragy taýýarlanyp, gündelik ösüş 22,5 müň tonnadan gowrak boldy.
Emma Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi ýurduň demirgazyk welaýatynda eýýäm bugdaý ekilen meýdanlaryň bir toparynda bişmedik bugdaýyň orlup, ýerine gowaça ekilýändigini habar berýär.
“Bugdaýlary bişmänkä orlan kärendeçiler şu ýylky suw ýetmezçiligi we wagtynda dökün berilmändigi sebäpli, bugdaý ekip girdeji almakdan geçen, bergili çykandyklaryny aýdýarlar” diýip, ynamdar çeşme aýtdy. Howpsuzlyk aladalary sebäpli, Azatlygyň çeşmesi bilen gürleşen kärendeçileriň etraplary aýdylmaýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Daşoguz welaýatynda şu ýyl 157 müň gektar meýdana bugdaý ekildi we, plan boýunça,kärendeçiler 300 müň tonna bugdaý hasylyny almaly. Emma bu plan, welaýatyň dürli etraplaryndaky daýhanlar bilen gürleşen habarçynyň maglumatyna görä, o diýen real görünmeýär.
“Sebäbi ýyl gurak geldi, ekerançylyk ýaplaryna bolsa wagtynda suw goýberilmedi, dökün we beýleki meseleler hem üstesine” diýip, kärendeçiler Azatlygyň habarçysyna şertleriň öňki ýyllara garanda hem agyr bolandygyny gürrüň berdiler.
Azatlygyň çeşmesiniň 16-njy iýunda beren maglumatyna görä, bergili çykan kärendeçileri häzirden prokuratura çagyryp, olaryň tohum, dökün, tehnika we suw hyzmatlary üçin eden bergilerini tölemeklerini talap edip başladylar.
Munuň üstesine, bugdaýdan bergidar bolan kärendeçileri, iýun aýynyň ortasydygyna garamazdan, “indiden soň gowaça ekmek üçin şertnama baglaşmaga mejbur edýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.
Türkmenistanda bugdaý, gowaça ekişleriniň, oragyň we pagta ýygymynyň wagty, kärendeçileriň ekmeli ekinleri, uzak ýyllardan bäri, gönüden-göni döwlet baştutany derejesinde kesgitlenilýär we plan dolmadyk ýagdaýynda aşakdaky ýolbaşçylara käýinç berilýär, käbir ýolbaşçylar wezipesinden boşadylýar. Ýöne bu ýagdaýda daýhanlaryň çekýän zyýany barada açyk gürrüň edilmeýär.
Azatlyk radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan 50 ýaşly oba hojalyk işgäri daýhanlaryň iş ýüzünde arz edere ýerleriniň ýokdugyny aýtdy.
“Kärdendeçiler bişmedik bugdaýy gyssagly ormak, bugdaýy orlan meýdanlara indiden soň gowaça ekmek barada buýruk berýän ýolbaşçylara garşy çykmakdan gorkup, diňe aýdylany etjek bolup çalyşýarlar, sebäbi has beter güne düşerin öýdýärler” diýip, oba hojalyk işgäri aýtdy.
Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar, beýleki oba hojalyk spesialistleri hem bu aýdylýanlary tassyk edýärler.
“Döwletiň pagtany satyn alyş nyrhy tas üýtgewsiz galýar, obalarda kärende ýere höwes edýän adam galmady. Bu gidişine, çagalary we mugallymlary meýdanda işletmek üçin, mekdeplerde okuwy doly ýatyrmaly bolar” diýip, Bilim ministrliginiň jogapkär işgäri anonim şertde öz aladasyny Azatlyk bilen paýlaşdy.
Şeýle-de ol indi daşary ýurtlara işlemäge gidýän raýatlaryň, öňki ýyllardan tapawutlylykda, çagalaryny hem ýanlary bilen alyp gitmäge çalyşýandyklaryny belledi.