Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa şetleri adam pidalaryna sebäp bolýar


Awtobus duralgasynda, Aşgabat
Awtobus duralgasynda, Aşgabat

Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa şertleri adam pidalaryna sebäp bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, şu günler Aşgabatda howanyň yssylygyndan adamlaryň huşuny ýitirmegi we aradan çykmagy bilen bagly ýagdaýlar köp duş gelýär.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri esasan köpçülikleýin ýerlerde, şol sanda awtobus duralgalarynda wepat bolan adamlaryň onlarçasy barada özüniň habarlydygyny, olardan birnäçesiniň hut özüniň tanyşlarydygyny aýdýar.

"Awtobus duralgalarynda we köçelerde adamlaryň aradan çykmagy bilen bagly ýagdaýlar tas günde ýüze çykýar. Köplenç olaryň ýüreginden tutup ölendigi aýdylýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 31-nji iýulda habar berdi.

Azatlyk Radiosy yssydan ejir çekenler barada resmi maglumat almak maksady bilen Aşgabadyň merkezi keselhanalarynyň biri bolan Saparmyrat Nyýazow adyndaky keselhana bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma häzirlikçe maglumat alyp bilmedi.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, şu günler termometrler günüň başynda kölegede 50 gradus görkezýär, şol bir wagtyň özünde-de tele-radio gepleşiklerde ilata berilýän resmi maglumatlarda howanyň yssylygynyň 43-44 gradusa barabardygy aýdylýar.

Käbir garaşsyz habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň häkimiýetleriniň howanyň gyzgyny peseldip görkezmegine ünsi çekýärler.

"Geçen hepdede Türkmenistanda adaty bolmadyk yssy boldy. Howanyň gyzgyny kölegede 48 gradusa ýetdi, günde bolsa ony ýörite guralsyz asla anyklap bolmady. Emma häkimiýetler bu görkezijileri birnäçe gradus peseldip görkezdiler" diýlip, "Türkmenistanyň alternatiw täzelikler" neşri ýazýar we şonda türkmen telewideniýesiniň "Watan" programmasynda howanyň 41-42 gradus boljagy barada aýdylandygy bellenýär.

Türkmenistanly synçylar ýurtda sowet döwründen bäri bar bolan kanunyň howanyň 45 gradusdan aşa gyzan ýagdaýynda kärhanalaryň we edaralaryň işiniň ýatyrylmagyny talap edýändigini belläp, hut şu sebäpden häkimiýetleriň howanyň yssylygy barada hakyky maglumatlary ýaşyrýan bolmagyny çak edýärler.

Yssy howada ilat arasynda ölüm ýagdaýlarynyň köpelmegi ýurduň beýleki regionlarynda hem ýüze çykýar. Azatlygyň habarçylary, hususan-da ýurduň demirgazyk regiony Daşoguzda adam pidalarynyň bolandygyny habar berýärler.

Türkmenistan gurak we yssy howaly ýurt bolansoň tomuslaryna howa adatça 40 gradusdan aşýar. Emma ýerli ýaşaýjylar şu ýyl tomsuň başyndan bäri howanyň ozalkylaryndan has yssydygyny we şeýle ýagdaýyň soňky gezek bäş ýyl mundan ozal ýüze çykandygyny belleýärler.

Türkmenistanda ýüze çykýan tebigy hadysalar ýurt resmileri tarapyndan açyk agzalmaýar, milli habar beriş serişdeleri meseläni gozgamaýar. Türkmen metbugaty soňky 20 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýer titremeler, suw joşgunlary, sil we ýagyn barada habar bermeýär.

Şu ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanda tebigy hadysalaryň ençemesi ýüze çykdy, güýçli ýagyn zerarly paýtagtyň merkezini suw aldy, yzýany dagdan sil geldi, ýurduň birnäçe regionlarynda duzly tupan turup, ekin meýdanlaryny duz örtdi. Duzly şemal Aşgabada-da ýetdi.

Türkmenistanyň paýtagtynyň we beýleki regionlarynyň ýaşaýjylary adatdan daşary yssydan kösenýän wagtynda Daşoguz welaýatynda 18-nji iýulda ýene-de duzly tupan turdy.

Häkimiýetler we ýerli media bu hadysalaryň hiç biri barada ilata habar, düşündiriş ýa-da duýduryş bermedi.

Daşogzy duzly apy-tupan gurşap aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

XS
SM
MD
LG