Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ÝOJ-lara girjek milleti türkmen bolmadyk ýaşlaryň resminamalary ‘kabul edilmeýär; korrupsiýa möwç alýar'


Türkmenistanda ÝOJ-laryň giriş synaglaryna girmäge garaşýan türkmen ýaşlary
Türkmenistanda ÝOJ-laryň giriş synaglaryna girmäge garaşýan türkmen ýaşlary

Şu günler Türkmenistanyň ýokary we orta hünärmenlik okuw jaýlarynyň aglabasyna giriş synaglary başlandy. Bu çäräniň başlanmagy bilen, Daşogzuň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin dokumentlerini tabşyrmaga baran käbir abituriýentler dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly çeşmämiz welaýatyň Mugallymçylyk orta hünärmenlik mekdebine we Oba-hojalyk institutyna giriş synaglarynyň geçen hepde başlanandygyny we oňa milleti türkmen bolmadyk ýaşlaryň kabul edilmeýändigini habar berýär.

“Häzir giriş synaglaryna baran milleti türkmen bolmadyk ýaşlary yzlaryna gaýtarýarlar. Okuw jaýlarynyň resmileri okuwa girmek isleýän başga milletiň çagalaryna ‘Pasportyňyza türkmen diýip ýazdyryp geliň. Ýaşaýan etrabyňyzyň pasport bölümine baryp, okuwa girjegiňizi aýtsaňyz, bir aýa ýetmän düzedip berýärler’ diýip, maslahat beripdirler” diýip, çeşmämiz bu barada özüne tatar, gazak we özbek milletinden bolan ýaşlaryň gürrüň berendigini aýtdy.

Mundanam başga, ol geçen hepde giriş synaglaryna gatnaşan daşoguzly ýaşlaryň ençemesine salgylanyp, welaýatyň Mugallymçylyk we Lukmançylyk orta hünärmenlik mekdeplerinde okuwa girmek isleýän abituriýentlerden soralýan paranyň möçberiniň şu ýyl 120000-160000 manada (öňki pul hasabynda 600-800 million manat) ýetendigini öňe sürýär.

Çeşmämiziň sözlerine görä, Daşoguzdaky Oba-hojalyk institutyna okuwa girmek isleýän ýaşlardan soralýan paranyň möçberi bolsa, şu ýyl 500000-600000 manada (öňki pul hasabynda 2,5-3 milliard manat) ýetdi.

“Korrupsiýa möwjeýär. Tanyş-bilşiň bolmasa, döwlet synagyny alýan mugallymlaryň özleri gönümel, ýuwaşjadan şunça pul bermeseň, okuwa kabul edilmeýändigiňi duýdurýar. Näçe sowadyň bolsa-da, ekzamenden ýykýarlar diýip, geçen hepde synagdan ýykylan we öz bilimine göwni ýetýän ýaşlaryň ençemesi gürrüň berdi” diýip, çeşmämiz ýaşlaryň “Ykdysady jenaýatlara garşy göreşýän gullyk nirä gözegçilik edýärkä?” diýen sorag bilen nägileligini bildirýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda öňe sürülýän ýagdaýlar dogrusynda Daşogzuň Mugallymçylyk we Lukmançylyk orta hünärmenlik mekdepleri hem-de Oba-hojalyk instituty bilen habarlaşanda, telefona jogap beren resmiler bu maglumaty ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda ýokary we orta hünärmenlik okuw jaýlaryna studentleri kabul etmek meselesiniň açyklyk esasynda ýokary guramaçylykda geçirilmelidigi barada her ýyl diýen ýaly çykyş edilýär. Geçen ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu işiň “hiç-hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden, ýokary derejede we aç-açanlykda geçirilmelidigini” duýdurdy.

Şol ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen hökümet maslahatynda bolsa, synaglaryň geçirilişine gözegçilik etmek üçin, okuw jaýlarynda kameralaryň oturdylandygy aýdyldy we bu çäräniň synaglaryň açyk görnüşde geçirilip, iň bilimli we ukyply ýaşlaryň okuwa girmegine şert döretjekdigi bellenildi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda korrupsiýanyň möwç alandygyny, soralýan parany bermeseň, okuwa girip bolmaýandygyny, hatda munuň çagalar bagyna çenli baryp ýetendigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň, studentleriň we olaryň ene-atalarynyň ençemesi habar berdi.

Şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen lideri hem, gytaklaýyn bolsa-da, ýurtda ýaşlaryň işsizlik we bilim almakdaky meselelerini agzap geçdi. Berdimuhamedow diňe şu ýylyň özünde ýurduň orta mekdeplerini 85 müň ýaşlaryň tamamlandygyny, emma ýokary okuw mekdeplerine bolsa, diňe 10 müňe golaý adamyň kabul edilýändigini aýtdy.

Halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Hökümetden aýry “Halkara aýdyňlyk” (Transparency International) halkara guramasynyň şu ýylyň fewral aýynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180-den 167-nji orny alyp, iň bir korrupsiýa çümen ýurtlar – Demirgazyk Koreýa, Owganystan, Siriýa, Yrak we Wenezuela – bilen bir hatarda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG