Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda iki aýdan bäri ulaglaryň döwlet belgileri berilmeýär


Döwlet beligisi bolmadyk bir awtoulag. Arhiw suraty.
Döwlet beligisi bolmadyk bir awtoulag. Arhiw suraty.

Daşoguzda täze ulag satyn alan ýaşaýjylaryň eýýäm 2 aýdan gowrak wagt bäri döwlet belgilerini alyp bilmän kösenýändikleri barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmeleriniň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň sözlerine salgylanyp beren maglumatlaryna görä, eýýäm birnäçe aýdan bäri awtoulaglaryň döwlet belgilerini ýasamak üçin ulanylýan demir bölekleri daşary ýurtlardan satyn alynmaýar.

“Demir böleklerini daşardan almaga pul ýok. Şol sebäpli hem iki aýdan bäri awtoulaglaryň döwlet belgilerini berip bilmeýäris. Biziň bu ýerde edip biljek zadymyz ýok. Garaşmakdan başga alaç ýok” diýip, daşoguzly bir polisiýa işgäri Azatlyk Radiosynyň çeşmesine gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlarda täze ulag eýeleri çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini aýdyp, zeýrenýärler.

“Iki ýyldyr Türkiýede işläp gelip, tanyşlarymyň biriniň ulagyny satyn aldym. Indi bolsa, döwlet belgisini alyp bilmän kösenýärin. Ulagymy hem çaň basyp ýatyr” diýip, Gubadag etrabynyň ýaşaýjylarynyň biri Azatlyk Radiosynyň çeşmesine gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda ýurduň Içeri işler ministrligi bilen habarlaşanda, degişli türkmen resmileri nähilidir bir kommentariýa bermekden ýüz öwürdiler.

Galyberse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar bilen birlikde, türkmen häkimiýetleriniň özleri-de soňky birnäçe aýyň dowamynda ulag eýlelerine garşy ençeme tapgyr çäklendirmeleri girizdiler.

Türkmenistanda bir aýlap gara ulaglar 'awlanýar'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Häzirki wagt Türkmenistanda garamtyl reňkdäki awtoulaglaryny ak reňke boýatmadyk, şeýle-de il içinde “owadan ýa-da bet” diýilýän maşyn belgilerini aýryp, onuň ýerine has ýönekeý belgileri dakmadyk ýaşaýjylara guratlyk haty berilmeýär.

Ýatlap geçsek, geçen dekabryň ahyrynda Aşgabatda we ýurduň käbir beýleki welaýatlarynda gara ýa-da garamtyl reňkdäki awtoulaglary sürmek gadagan edilenden soň, maşyn eýelerinden ulaglaryny ak reňke boýatmak we şondan soň onuň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky şahadatnamasyny täzelemek talap edilýär.

Mundanam başga, şu ýylyň başyndan bäri “owadan maşyn belgili” ulag eýelerine öz nomerlerini çalyşmasalar, olara awtoulagyň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky şahadatnamanyň berilmejekdigini duýduryldy.

Şeýle-de, mundan üç aý töweregi ozal ýurduň iň azyndan iki welaýatynda, ýagny Balkanda we Daşoguzda öňi 77-lik bilen başlaýan awtoulaglaryň döwlet beglileri ýygnalyp başlandy. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde ulaglardaky 77-lik belgi babatda öňe sürülýän çäklendirmeler agzalmasa-da, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir polisiýa işgäri bu hili belgileri diňe prezident G.Berdimuhamedowyň ýakyn töweregindäkileriniň ulanmaly edilendigini gürrüň berdi.

Ýöne, türkmen metbugatynda ýokarky ýagdaýlar boýunça dil ýarylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň birnäçe ýerli çeşmesiniň aýtmagyna görä, prezident G. Berdimuhamedowyň 7-lik sany ýa-da belgisini halaýar. Berdimuhamedow öz gatnaşýan sport çärelerinde 7-lik belgili awotulaglara münýär, ýurtda geçirilen käbir dabaralaryň senesi we wagty 7-lik belgisine gabat getirilýär.

XS
SM
MD
LG