Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ‘aç esgerlere’ ýene ‘ok atmak ussatlygyny’ görkezdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkandaky harby okuw mahalynda, 10-njy awgust, 2018 ý. TDH-nyň suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda serhet birikmeleriniň biriniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ýene bir gezek ýaraglardan ok atmak başarnygyny görkezdi.

Читайте также на русском

Berdimuhamedowyň bu başarnygy hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Kaspi deňziniň hukuk durumyny kesgitlejek konwesniýa gol çekmek üçin 12-nji awgustda Gzagystanda geçiriljek sammitiniň öň ýanyna gabat geldi.

TDH-nyň 10-njy awgustda beren maglumatyna görä, döwlet baştutany serhet birikmesiniň dolandyryş binasyna baryp, täze aragatnaşyk serişdeleri, ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen maglumat merkezini gördi,esgerleriň ýatakhanasy we naharhanasy bilen tanyşdy.

“Bu ýerdäki naharhanada tagamly naharlar taýýarlanylýar, çörek bişirilýän peçde bolsa serhetçiler ýylyjak çörek bilen gündelik üpjün edilýär” diýip, TDH ýazýar.

Türkmen mediasy mundan öň hem serhetçiler üçin gurulýan naharhanalar, çörek bişirilýän peç barada habar beripdi we bu hili habarlar köplenç sosial mediada we garaşsyz habar serişdelerinde türkmen goşunyndaky azyk ýetmezçiligi, esgerleriň aç saklanýandygy barada peýda bolan maglumatlaryň yz ýanyna gabat gelýär.

Soňky gowşan maglumatlara görä, esgerler indi ene-atalaryndan gulluk edýän bölümlerine kartoşka, sogan ýaly önümleri ibermeklerini hem haýyş edýärler.

Türkmen prezidentiniň esgerler bilen nobatdaky duşuşygyndan taýýarlanan habarda azyk üpjünçiligi barada çykýan maglumatlar, esger eneleriniň ogullarynyň yzyndan gezekleşip azyk gatnadyşy barada aýdylýanlar hakynda gönüläp hiç zat aýdylmaýar.

Şol bir wagtda, adatça bolşy ýaly, serhet birikmesiniň düzümine halkara ölçeglerine laýyk gelýän we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölüminiň girýändigi, serhetçilere ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur zatlaryň göz öňünde tutulandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda, türkmen goşunyndan syzyp çykýan maglumatlara görä, türkmen esgerleriniň arasynda heläkçilikli, ömürlik maýyplyga we hatda adam ölümine alyp gelýän hadysalar hem az bolmaýar.

Prezident Berdimuhamedowyň esgerler bilen Serhetçiler gününe - Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 26 ýyllygyna gabat geçiren duşuşygynda ýene bir adat, ýurduň Ýaragly güýçleriniň belent serkerdebaşysynyň ýaraglardan ok atmak ussatlygyny görkezmek däbi hem berjaý edildi.

Netijede, prezidentiň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaýaraglaryň dürli görnüşlerinden ok atylanda, adatça bolşy ýaly, ýene bir gezek Berdimuhamedowyň “ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigi” subut boldy.

Berdimuhamedow, harby gullukçylaryň biriniň haýyşy boýunça, öz ok atannyşanalaryna gol çekip, olary muzeýde saklamak üçin ýadygärlik berdi.

TDH bu ýagdaýy aýratyn nygtaýar, ýagny Berdimuhamedowyň “dört nyşanany takyk urmak bilen” ýene bir gezek“ söweş ýaraglaryna erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezendigini” ýörite belläp geçýär.

Prezidentiň uran nyşanalary, “şu günki waka barada ýadygärlik hökmünde”, ýörite gol çekilip, Goranmak ministrliginde, Içeri işler ministrliginde we kazyýet edaralarynda saklamak üçin gowşuryldy.

Türkmenistanyň prezidenti soňra wideoşekilli aragatnaşyk boýunça Hazar deňziniň türkmen zolagynda geçirilen okuwlaryň barşyna gözegçilik etdi we ýokary söweş başarnyklary üçin esgerlere minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen esgerleriniň harby taýýarlygyna prezident Berdimuhamedow tarapyndan berilýän ýokary baha garamazdan, regiondaky synçylar, hususan-da rus harbylary türkmen goşunynyň sebitdäki terrorçylyk howplaryna garşy durmak ukybyny ýygy-ýygydan sorag astyna alýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG