Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlar we ene-atalar okuw kitaplarynyň 'mugt' berilmän, dükanda satylmagyny arzuw edýärler


Türkmenabat. Köçede satylýan köne kitaplar. 2014.
Türkmenabat. Köçede satylýan köne kitaplar. 2014.

Türkmenistanda şu ýyl 147 müňe golaý çaganyň birinji klasa barjagy we olara prezidentiň adyndan “öwrediji kompýuterleriň” sowgat beriljegi habar berilýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabaty diňläp, “ýaş nesliň döwrebap bilimleri üstünlikli özleşdirmegi” üçin hemme şertleriň döredilmelidigi barada öňden aýdyp gelýän sözlerini gaýtalady.

Emma Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşýän mekdep mugallymlary prezidentiň bu aýdýan sözleriniň her ýyl diňe söz bolup galýandygyny, olaryň haçan we kim tarapyndan durmuşa geçiriljeginiň indi ençeme ýyl bäri jogaby tapylmaýan tapmaçadygyny habar berýärler.

Sowet ýyllarynda başlanan däbe görä, Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň okuw kitaplary şindi hem döwlet tarapyndan, mugtuna berilýär. Ýöne bu kitaplar mekdeplere hökman üç ýyl ulanylmak şerti bilen berilýär. Netijede, şol bir okuw kitaplary üç ýylyň dowamynda başga-başga okuwçylar tarapyndan ulanylýar we, çaphana hili öwerlik bolmansoň, olar bir ýyldan soň tüýdülip,sözüň doly manysynda tozmak, dargamak bilen bolýar.

Elbetde, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlislerinde çap edilýän okuw kitaplarynyň möçberi barada berilýän maglumatlar çyn bolsa, okuwçylaryň tozan kitaplarynyň ýerine mekdeplere täze kitaplar berilmeli.

Emma, TDH-nyň maglumatlaryndan tapawutlylykda, durmuş ýüzündebaşga ýagdaý bolup geçýär: her ýylyň başynda okuwçylaryna mugt kitap paýlan mugallymlar soň, okuw ýyly tamam bolanda olary ýygnap alýarlar we nijeme günläp oturyp, köne aýakgaby ýaman ýaly, çatmaly ýerini çatyp, ýelim bilen bejerip boljak ýerini ýelimläp, sürçegi çykan kitaplary abatlamaly bolýarlar.

“Eger mugallymlar okuw ýylynyň başynda alan kitaplarynyň ählisini abatlap, gaýtadan kitap durkuna getirip, mekdebiň kitaphanasyna tabşyrmasalar we talap edilýän güwänamany almasalar, olary zähmet rugsadyna goýbermeýärler” diýip, Aşgabat şäherinde ýaşaýan mugallym Aşyr Kömek (ady üýtgedildi) Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Bir ýyldan artyk ulanylan kitaplaryň käte halys tozýan, ýyrtylýan, bir topar sahypasynyň gopýan we ýitirilýän halatlary hem bolýar we bejerip bolmajak kitaplar ata-eneler bilen mugallymlaryň arasynda dartgynly ýagdaýlaryň döremegine, mugallymlaryň okuwçylardan zeýrenmegine, ene-atalara igenmegine alyp gelýär.

Ene-atalar öz çagalaryna ozal bir ýa iki ýyl ulanylan kitabyň berlendigini, ol kitaplaryň soň dokuz aýlap mekdep-öý arasynda gatnadylyp ulanylandygyny aýdyp, özlerini aklaýarlar diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen mekdep direktory aýtdy.

Aşgabatly mekdep direktorynyň tassyklamagyna görä, ene-atalaram, mugallymlaram munuň ýaly üç ýyllap ulanylmaly mugt kitap “ýagşylygynyň” ýatyrylmagyny, oňa derek okuw kitaplarynyň kitap dükanlarynda, bazarda satuwa çykarylmagyny arzuw edýärler.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda okuw kitaplary satuwa düýpden çykarylmaýar.

Eger okuw kitaby satuwa çykarylsa, mugallymlar bilen okuwçylaryň, ene-atalaryň arasynda munça igenç, munça artyk gürrüň boljak däl, ýyrtylan kitaby ýamap, tikip, ýelmäp oturanyňdan, täzesini satyn alyp, başgrydan dynyp boljak, bu çözmez ýaly agyr mesele däl ahyryn” diýip, mugallymlar aýdýarlar.

Eger döwlet mugt kitap ýagşylygyny bes etmek islemese, onda her okuwça şol bir kitapdan ikisini bermeli. Ol kitaplaryň biriniň bahasyny ene-atalara hem töledip bolar, muňa ýok diýjek az. Şonda okuwçy bir kitaby öýünde, beýlekisini mekdepde goýup, olary has aýawly ulanyp, abat saklap bilerdi. Üstesine, bu çagalary agyr kitaplary göterip, biloňurgasyna zeper ýeitemekden hem gorar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran mekdep direkory aýtdy.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen gürleşen mekdep mugallymlarynyň köpüsiniň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda her klasda diýen ýaly okuwçylaryň üçden biri okuw kitapsyz galýar, husususan-da ýagdaý ýokary klaslarda agyr: informatika, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy sapaklaryndan okuw kitaplary ýetenok. Netijede okuwçylar ýetmeýän kitaplary biri-birinden alyp, gezekleşip okmaly bolýarlar. Munuň sebäbi mekdepleriň okuw ýyly başlanmazyndan öň buýran kitaplarynyň gerek möçberinde çap edilmeýändigi bilen düşündirilýär.

Mundanam başga, Türkmenistanda her ýyl birinji klasa barýan çagalara prezidentiň adyndan sowgat berilýän "öwrediji kompýuterleriň" soňky ýyllarda "oýnawaç kompýuterlere" öwrülendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG