Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň regionlarynda pagta ýygymyna girişildi, oňa býujet edaralarynyň işgärleri ‘mejbury çekilýär’


Pagta gozasy

15-nji awgustda Türkmenistanyň käbir regionlarynda pagta ýygymyna girişildi diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) neşiri maglumat berýär.

Neşir ýurduň içindäki çeşmelerine salgylanyp, ilkinjilik bilen döwlet edaralarynyň tehnik işgärleriniň; mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, egirme-dokma fabrikleriniň, öý dolandyryş edaralarynyň, poçta gulluklarynyň, banklaryň işgärleriniň we beýlekileriň pagta meýdanlaryna çekilendigini habar berdi.

Türkmenabadyň mekdepleriniň tehnik işgärleriniň her gün Farap, Saýat we Halaç etraplaryndaky pagta meýdanlaryna awtobuslarda äkidilýändigini, olaryň agşam ara yzyna şähere getirilýändigini TAH habar berýär.

“Mysal üçin, men şu gün tutuş günüň dowamynda 5 kilogram ýygdym” diýip, neşir Lebap welaýatyndaky çeşmesiniň sözlerini getirýär.

Maglumatda aýdylmagyna görä, Mary welaýatynyň döwlete degişli egirme-dokma fabriginiň işgärlerinden ýygymçylary pagta meýdanlaryna äkidip-getirmek üçin zerur bolan awtobuslara adam başyna 25 manat möçberinde pul toplamak tabşyrylypdyr.

“Bu ýygnalan puluň kömegi bilen degişli transport serişdesiniň 10 günlük kireý tölegi tölenýär. Indiki 10 günlükde başga býujet edarasynyň işgärleri ýola töläp, öz gezeginde fabrigiň işçileri pagta çykýar” diýip, TAH ýazýar.

Neşir öz çeşmelerine salgylanyp sentýabr aýynda mugallymlaryň hem pagta ýygymyna çekiljekdigini habar berýär.

Maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi.

Synçylar esasan Türkiýede öndürilýän egin-eşikleriň türkmen pagtasyndan taýýarlanýandygyny, ABŞ-nyň Gümrük departamentiniň maý aýynda girizen türkmen pagtasynyň gadagançylygyndan türk egin-eşik kompaniýalarynyň hem gytaklaýyn täsirlenmek ähtimallygyna ünsi çekýärler.

Türkmenistanda esasy ekerançylyk önümleriniň biri bolan pagtanyň we gallanyň plan borçnamasy her ýyl döwlet baştutany tarapyndan kesgitlenilýär. Ozalky ýyllarda ýyllyk pagta plany üýtgewsiz 1 million 50 müň tonna möçberinde kesgitlenipdi.

Pagta Türkmenistanyň dokma senagatynyň esasy çig maly bolup durýar. Ol Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ýene birnäçe ýurda eksport edilýär.

Halkara guramalary Türkmenistanyň öz pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüni ulanmagyny, şol sanda býujet işgärlerini çekmegini yzygiderli tankyt edýärler.

ABŞ-nyň türkmen pagtasyna girizen gadagançylygy 2016-njy ýylda Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagy boýunça kampaniýa alyp baran “Cotton Campaign” toparynyň arzasyna esaslanýar. Bu kampaniýa hususan-da Özbegistanda we Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy iş alyp barýar.

“Cotton Campaign” Türkmenistanda gowaça meýdanlarynda çagalaryň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň we beýlekileriň mejbury işledilmegi ýaly faktlara uly alada bildirip gelýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň binýadyndaky “Iýmit we obahojalyk guramasynyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistan daşary ýurtlara pagta eksport etmekde dünýäde ilkinji onluga girýär.

Sowet döwrüniň soňky maýylganlyk ýyllaryndan başlap, türkmen intelligensiýasynyň käbir wekilleri Türkmenistandaky pagta monopoliýasyna garşy çykyş etdi. Synçylar Özbegistan bilen Türkmenistandaky çakdan aşa mejbury pagta önümçiliginiň Aral deňziniň guramagyna-da täsir edendigini, ýöne muňa garamazdan onuň ozallar “strategik ekin” häsiýetlendirilendigini, Merkezi Aziýanyň pagtasynyň Sowet goşunyny geýindirmekde uly rol oýnandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda pagta “ak altyn” häsiýetlendirilýär, ýöne onuň önümçiliginde ulanylýan mejbury zähmet barada kelam agyz gürrüň edilmeýär.

Türkmen resmileri pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylýandygyny ret edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG