Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çagalaryň ählisini 'bir galyba salýan' aýdym-saz bäsleşigi jemlendi


“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri. TDH-nyň suraty
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri. TDH-nyň suraty

Türkmenistanda düýn, 5-nji sentýabrda çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňijilere baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çagalaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda esasan olaryň “bagtly çagalygy” we “Bedew bady bilen öňe barýandygy aýdylýan ýurdy - Türkmenistan ” wasp edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri “Türkmenistanyň prezidentiniň Altyn asyr bäsleşigi” diýen at bilen her ýyl bäsleşik yglan edilýär. Bu bäsleşik üç bölege bölünýär we onuň birinjisi “Ýaňlan, Diýarym!” diýlip atlandyrylýar. Onda kämillik ýaşyna ýetenler, uly ýaşly aýdymçylar, tansçylar çykyş edýärler. Bäsleşigiň ikinji bölegi “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” diýlip atlandyrylýar we onda ortaça 1-6-njy klas aralygyndaky mekdep okuwçylary çykyş edýärler. Bäsleşigiň üçünji bölegiedebi eserleri, kiçiräk sungat eserlerini döredýänleriň bäsleşigi bolup durýar.

Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty bu bäsleşikleri çeper döredijilik üçin döredilýän ajaýyp mümkinçilik hökmünde häsiýetlendirýär, emma ýerli synçylaryň käbiri bu çärä çeper döredijiligi jylawlamak, ony dolandyryjy partiýanyň syýasy maksatlaryna gulluk etdirmek synanyşygy hökmünde seredýär.

Bellemeli ýeri, şeýle döredijilik bäsleşikleri dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýär. Emma türkmenistanly synçylaryň köpüsi dünýäniň beýleki ýurtlarynda geçirilýän bäsleşikler bilen Türkmenistanda geçirilýän bäsleşikleriň arasynda uly tapawudyňbardygyny aýdýarlar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, beýleki ýurtlarda geçirilýän bäsleşikler yzygiderli we köplenç çagalaryň zehinleriniň açylmagyna, olaryňhas-da höweslendirilmegine itergi berýär, ýöne bu Türkmenistanda beýle däl.

Bizde welin, her näçe gynandyryjy hem bolsa, zehiniň açylmagyna däl-de, bir galyba gaplanmagyna tarap ädim ädilýär” diýip, Bugaýew aýdýar.

Bu pikiri Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen beýleki synçylar hem tassyklaýar.

Çagalaryň edýän çykyşlaryndan diňe bir zady – olaryň ählisiniň häzirki ýöredilýän döwlet syýasatynyň goldawçysydygyny görse bolýar,ýogsa olaryň içinde öz aýdýan sözleriniň hakyky manysysna düşünip bilmejek ýaşdaky çagalar hem bar, bu hem gülkünç, hem gynançly” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 55 ýaşly ýerli synçy aýtdy.

Bu pikiri Bugaýew hem goldaýar. Şeýle-de ol çagalaryň şol ýat tutdurylan syýasy deklarasiýalar esasynda eden çykyşlaryna hem adalatly baha berilmeýändigini, ýagny olaryň ýeňiji diýlip yglan edilmeginde sesiniň ýa aýdym aýdyşynyň kän rol oýnamaýandygyny aýdýar.

Munuň sebäbi, ýazyjynyň tassyklamagyna görä, bäsleşigi gurnaýjylaryň her ýylda hökmany suratda her welaýatdan bir we paýtagtdan bir- jemi alty ýeňiji saýlamaklary bilen bagly. Bu ýagdaý başga welaýatlardan sesi has gowy bolan, has gowy aýdym aýdan çaganyň-da, hakykatda saýlanyp durandygyna garamazdan,baýraksyz galmagyna sebäp bolýar.

Çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşiginde ýeňiji bolanlara Türkmenistanda öndürilendigi aýdylýan noutbuklar sowgat berilýär. Bellemeli ýeri, ýerli mugallymlar bu noutbuklaryň hakyky noutbuk däldigini, elektron oýunjakdygyny we derrew sandan çykýandygyny aýdýarlar.

Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini çagalary syýasy çärelere çekmekde, olary öz syýasy maksatlary we bähbitleri üçin bikanun ulanmakda tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG