Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Jenaýat kazyýeti ABŞ-nyň haýbatyna jogap berip, öz “işlerini dowam etdirjekdigini” aýtdy


Gaagadaky Halkara Jenaýat kazyýeti
Gaagadaky Halkara Jenaýat kazyýeti

Halkara Jenaýat kazyýeti Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň “kazyýet Amerikanyň Owganystandaky işgärleriniň uruş jenaýatlary diýilýän hakda derňew geçirse, sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolar” diýen haýbatyna bir gün soňra jogap berip, öz “işlerini saklanman dowam etdirjekdigini” aýtdy.

Genosid, adamzada garşy jenaýatlar, şeýle hem uruş jenaýatlary hakda derňew geçirýän Gaaga kazyýeti 11-nji sentýabrda çykaran beýannamasynda özüniň 123 ýurt tarapyndan goldanylýan garaşsyz, bitarap guramadygyny aýtdy.

“Halkara Jenaýat kazyýeti öz işlerini togtatman, kanunçylygyň prinsiplerine we onuň giň gerimli ideýalaryna eýerip, dowam etdirer” diýlip, beýannamada aýdylýar.

Bolton 10-njy sentýabrda eden bir beýanatynda Halkara Jenaýat kazyýetini “jogapkärçiliksiz”, Birleşen Ştatlar, Ysraýyl, şeýle hem beýleki ýaranlar üçin “bütinleý howply” diýip atlandyrdy.

Ol Waşingtonda Federalistik jemgyýetde eden çykyşynda: “Halkara Jenaýat kazyýeti ähli niýetler we maksatlar babatda biziň üçin öli. Kazyýet biziň, Ysraýylyň ýa Birleşen Ştatlaryň beýleki ýaranlarynyň yzyndan gelse, biz ümsüm oturmarys” diýip, duýduryş berdi.

Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk geňeşçisi Halkara Jenaýat kazyýetiniň resmileri kim hem bolsa bir amerikalynyň garşysyna herekete geçseler, Waşington olaryň garşysyna maliýe sanksiýalaryny girizip, olara jenaýatçylykda günä bildirmäge taýýar diýdi.

“Biz olaryň kazylaryna we prokurorlaryna Birleşen Ştatlara girmegi gadagan ederis. Olaryň Amerikanyň maliýe sistemasyndaky serişdelerine garşy sanksiýa girizeris, olary Amerikanyň jenaýat sistemasynda kanun taýdan yzarlarys” diýip, Bolton aýtdy.

2017-nji ýylyň noýabr aýynda Halkara Jenaýat kazyýetiniň bir prokurory Owganystanda amerikan harbylary tarapyndan edildi diýilýän uruş jenaýatlary, aýratyn-da tussaglara ýaramaz çemeleşilmegi hakda derňew geçirilmegini sorady.

Bolton “derňew geçirilmegini sorap, Halkara Jenaýat kazyýetiniň Rim statusyna degişli ne Owganystan, ne-de başga bir hökümet partiýasy ýüz tutdy. Ýöne Halkara Jenaýat kazyýetiniň indi islendik gün resmi taýdan derňew işine başlamagy mümkin” diýdi.

Owganystanyň adam hukuklary komissiýasynyň başlygynyň pikiriçe, Boltonyň Halkara Jenaýat kazyýetini tankytlamagynyň uruşdan ýaňa dargan ýurtda jezasyzlyk ýagdaýyny güýçlendirmegi mümkin.

“Bu bir diýseň gynandyryjy zat. Sebäbi pida çekenleriň adalata gowuşmagy Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ýol almagyna kömek eder. Adalat bir gymmat baha zat däl, ol esasy adam hukugy” diýip, Sima Samar 11-nji sentýabrda “AP” habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG