Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow krizis döwri, 'möhüm' sport çärelerini maslahat edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti – ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri, azyk harytlarynyň hem gymmatlap ýa asla-da söwda tekjelerinden ýitirim bolýan wagty – Ministrler Kabinetiniň ýörite mejlisini geçirip, onuň dowamynda, esasan, şu ýyl geçiriljek sport çärelerine görülýän taýýarlyklar bilen gyzyklandy.

Sişenbe güni güni geçirilen maslahatyň dowamynda ilki bilen “Amul – Hazar 2018” halkara rallisi barada gürrüň edildi. Türkmen resmileri şu ýylyň 11-15-nji sentýabr aralygynda geçjek, 1 müň 500 kilometrlik “rallini üstünlikli geçirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, ýaryşlara meşhur türgenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen” diýen kesgitleme esasynda, “Africa Eco Race” kompaniýasy bilen şertnama gol çekilendigini mälim etdiler.

Emma, bu şertnamanyň we ralli bilen baglylykda geçiriljek çäreleriniň, onsuz hem pul ýetmezçiliginden kösenýän Türkmenistana näçe maliýe serişdesine durjakdygy barada hiç hili maglumat berilmedi.

Mundan soňra, şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty barada gürrüň edildi.

Ýatlatsak, başda dünýä çempionaty Perunyň paýtagty Limada geçmelidi, emma Peru bäsleşligiň geçjek sport merkeziniň taýýar däldigi sebäpli, çempionatdan el çekip, bu hukugy başga ýurda bermäge razy bolupdy. Netijede, çempionat indi 28-nji oktýabr – 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

Türkmen emeldarlarynyň beren maglumatyna görä, bu çempionat bilen baglylykda, häzirki wagtda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda nobat 3-nji iýunda “ýokary derejede belleniljek” Bütindünýä welosiped gününe ýetdi.

Türkmen mediasy bu gün Aşgabatda welosipedlerde dürli ýaryşlaryny, ylgaw bäsleşiklerini, gezelençleri gurnamagyň göz öňünde tutulýandygyny; bäsleşiklere badalga berilýän ýerlerde medeni çäreleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny ýola goýmagyň hem planlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Resmi habar serişdeleri Türkmenistanda welosiped sportunyň öňden gelýän däpleriniň bardygynyň oňat billinýändigini öňe sürüp, häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçmegi bilen welosiped sportunyň Türkmenistanda ikinji ömrüni tapandygyny nygtadylar.

Ýeri gelende bellesek, prezident Berdimuhamedowyň döwlet resmileri, öz oguldyr-agtyklary bilen häli-şimdi welosipedde gezelenç edýändigini synlasa bolýar. Emma, döwlet mediasynda bu gezelençleriň dowamynda esasy awtomobil ýollarynyň ençeme sagatlap ýapylýandygy, ýörişlere mejbury gatnaşdyrylýan raýatlara hem welosipedleri öz hasabyna satyn aldyrylýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Mundanam başga, resmiler ýurtda welosiped sporty bilen meşgullanmak üçin “ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini” aýtsalar-da, paýtagtda, beýleki döwletleriň mysalynda, welosipedler üçin ýörite ýodajyklar göz öňünde tutulmadyk.

Galyberse-de, türkmen prezidenti 3-nji iýunda bellenilýan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtda we welaýat merkezlerinde ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli awtoulaglaryň hereketini çäklendirmegi tabşyrdy. Şol gün köçelerde diňe jemgyýetçilik awtoulaglary hereket eder.

Türkmen häkimiýetleri “türkmen sportunyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň”, onuň “bedew bady bilen öňe ymtylýandygynyň” subutnamasy hökmünde, geçen sentýabrda Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dowamly mysal getirýärler.

Emma, welin 10-15 milliard çemesi dollara durandygy aýdylýan bu oýunlardan soň, ýurduň ykdysady çökgünlige uçrandygy, köpçülikleýin ýagdaýda iş ştatlarynyň kemeldilendigi, “walýutanyň gara bazarynda” manadyň dollara görä 5-6 esse hümmetsizlenendigi, azyk harytlarynyň dowamly gymmatlaýandygy ýaly ýagdaýlar dogrusynda dymylýar.

Şeýle-de, 22-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda prezident Berdimuhamedow ýokarda gürrüňi edilen sport çärelerine çenli az wagtyň galandygyny, şoňa görä-de, gysga wagtyň içinde bu sport çärelerine düýpli taýýarlyk görülmegiň zerurdygyny belledi.

Prezident bu taýýarlyklaryň jikme-jikleriniň üstünde durmasa-da, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň öňýanyna berlen şeýle tabşyryklardan soň, paýtagtda ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlary ýumruldy, sport çäreleriniň geçýän ýerine barýan ýollar petiklendi we Aşgabady beýleki welaýatlardan gelenlerden “arassalamak” boýunça kampaniýa başladylypdy.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG