Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň DIM-i Siriýada döremegi ahmal “adam katastrofasy” boýunça Lawrowa duýduryş berer


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we onuň germaniýaly kärdeşi Heiko Mass Moskwada duşuşyk geçiriljek dälize girýär, 10-njy maý, 2018-nji ýyl
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we onuň germaniýaly kärdeşi Heiko Mass Moskwada duşuşyk geçiriljek dälize girýär, 10-njy maý, 2018-nji ýyl

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Siriýada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Idlib welaýatynda geçiriljek giň gerimli harby çaknyşygyň “adam katastrofasyna” ýol açmak töwekgelçiligini özünde jemleýändigi 14-nji sentýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa aýdyp, oňa duýduryş berjekdigini mälim etdi.

“Biziň hemmämiz nämäniň töwekgelçilikdigini bilýäris” diýip, Maas Berlinde Lawrow bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşygyň öňýany Germaniýanyň dpa habar agentligine beren interwýusynda aýtdy.

“Gürrüň iň agyr belanyň, ýagny täze adam katastrofasynyň öňüni almak barada” diýip, ol aýtdy.

Siriýanyň hökümeti Idlib welaýatyndaky gozgalaňçylary welaýatyň çäginden kowup çykarmak üçin, giň gerimli harby operasiýa geçirmek planyny mälim etdi.

Orsýet we Eýran ýurduň ýedi ýyla çeken raýat urşunyň dowamynda başdan-soňa Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assada möhüm goltgy berip geldi. Siriýadaky raýat urşy 2011-nji ýylyň martynda dörän protest çärelerini hökümetiň basyp ýatyrmagy bilen tutaşypdy.

Birleşen Milletler Guramasy Assadyň gozgalaňçylaryň iň soňky galasynda, ýagny 3 milliona golaý ilatly Idlibde giň gerimli harby operasiýa girişen halatynda 900 müň adamyň regiondan gaçyp çykmagyna garaşýar.

“Bu meselede Orsýet örän wajyp rol oýnaýar. Biz geçiriljek duşuşykda aç-açan bu ýagdaýy maslahat ederis” diýip, Maas aýtdy.

Bu duşuşyk Günbatar bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynly galýan wagtyna gabat gelýär. Orsýetiň Krymy ele geçirip, ony anneksiýa etmegi, onuň gündogar Ukrainada seperatistleri goldamagy we beýleki meseleler bilen bagly taraplaryň arasyna tow düşüpdi.

Ýöne Lawrow Germaniýa bilen gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

“Men Orsýet bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary dartgynly diýip häsiýetlendirmezligi saýlap alardym” diýip, Berline etjek saparynyň öňýany Lawrow dpa agentligine beren interwýusynda aýtdy.

“Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strukturasyny çylşyrymlaşdyrýan syýasy aratapwutlylyklar bar. Ýöne iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni, sosial kybapdaşlyklar, ykdysayýet, hatda adam parasatlylygy ýurtlaryň halklarynyň bilelikde bina ediljek ýakymly gelejege ynanmaklaryna esas döretdi” diýip, Lawrow aýtdy.

Ol Günbatar hökümetleriniň soňky çärýek asyryň dowamynda Orsýeti ýekelemäge synanyşýandygyny belledi.

Lawrow Moskwanyň Birleşen Ştatlary bilen-de gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny, ýöne ol Waşingtondaky “Russofobiýa” atlandyrýan zadynyň ösüşlere badak atýandygyndan zeýrendi.

“Biz [Birleşen Ştatlaryň prezidenti] Trampyň iki ýurduň arasynda kadaly gatnaşyklary ýola goýmak boýunça aýdýan beýanatlaryna çynlakaý çemeleşýäris” diýip, Lawrow sözüne goşdy.

Demokratlar we käbir respublikanlar Trampy ABŞ-daky saýlawlara gatyşylmagy, hem-de beýleki meseleler boýunça Moskwa ymykly temmi bermezlikde tankyt etdiler. Ýöne ol muňa garamazdan, Orsýet we prezident Wladimir Putin bilen gatnaşyklary ösdürmäge çytyraşýar.

XS
SM
MD
LG