Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin we Erdogan Soçide duşuşýarlar


Orsýetiň we Türkiýäniň prezidentleri Soçide duşuşýarlar. 17-nji sentýabr, 2018 ý.

Siriýa konfliktinde gapma-gaşylykly taraplary goldaýan Orsýetiň we Türkiýäniň prezidentleri, Kremliň häsiýetlendirmegine görä, gozgalaňçylaryň Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky iň soňky güýçli ýeri bolan Edlib hakda pikir alyşmak maksady bilen 17-nji sentýabrda duşuşýarlar.

Orsýetiň Gara deňiz kurorty Soçide geçýän duşuşyk Wladimir Putin, Rejep Taýyp Erdogan we Hassan Rohaniniň arasynda bolan sammitden 10 gün soňra bolýar. Bu sammitde prezidentler Siriýa hökümetiniň Idlib welaýatyna etmegine garaşylýan we türk prezidentiniň “gan döküşiklige” getirer diýýän hüjüminiň öňüni almak barada eglişige gelinmedi.

Soçi duşuşygyndan öň Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow: “Gepleşik bu gün dowam eder, sebäbi ýagdaý çylşyrymly” diýdi. “Meselä çemeleşmekde belli aratapawut bar. Munuň ýokary derejede juda çynlakaý gepleşigi talap etmeginiň sebäbi şol”.

Bu aralyka Türkiýäniň gündelik gazeti “Hürriýet” Erdogana salgylanyp, belli bir derejä çenli asudalykda geçen günlerden soňra Ankaranyň Idlibde atyşyklaryň bes edilmegi boýunça eden çagyryşlary netije berýär diýip ýazdy.

Türkiýäniň prezidenti hepdäniň aýagynda Azerbaýjandan yzyna dolanyp gelýärkä žurnalistlere: “Edilen tagallar netije berýäne meňzýär. Ýöne bu bizi entek kanagatlandyranok” diýdi.

2011-nji ýylyň martynda hökümetiň protestçileri basyp ýatyrmagy bilen başlanan urşuň tutuş dowamynda Moskwa bilen Tähran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady güýçli goldap geldiler.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 14-nji sentýabrda Berlinde eden çykyşynda zerur bolsa, Moskwa Idlibdäki harby nyşanalary bombalamagy dowam etdirer. Ýöne parahat ilatyň gaçyp çykmagy üçin ynsanperwer korridorlary-da açar diýdi.

Gozgalaňçy toparlary goldaýan Türkiýe Idlibiň töwereginde harby gözegçilik nokatlaryny gurdy, soňky hepdelerde hem Ankara olary esger we harby enjamlar bilen berkitdi.

“Hürriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, Erdogan bu harby nokatlardan maksat ol ýerdäki “bigüna adamlary” goramak diýipdir.

Erdogan soňra hem: “Režimiň rehimsizligini we olaryň ýaýradýan terroryny indi hemmeler görýärler. Bu bir terror döwleti” diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.

Ankara özüniň günorta serhetinde ýerleşýän Idlibe edilen giň gerimli hüjümiň köp sanly bosgunlaryň gelip, öz topragyna guýulmagyndan heder edýär.

Türkiýede häzir uruşdan gaçyp gelen 3 milliondan agdyk siriýaly bar.

Türkiýe, Orsýet we Eýran, aýry-aýry taraplary goldasalar-da, öten ýyl Gazagystanyň paýtagty Astanada atyşyklary bes etmek we belli bir derejä çenli asuda zonalary döretmek ýaly esasan uruş meýdanyna bagly meseleler boýunça gepleşiklere başladylar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Ženewada alnyp baryýan gepleşikler bolsa syýasy meseleler hakda.

Häzirki gepleşikde gelinmegi ähtimal eglişigiň Al-Kaýda bilen ilteşikli we Idlib welaýatyndaky gozgalaňçylaryň arasynda esasy güýç diýilýän “Haýat Tahrir al-Şam” toparyny nyşana almak bilen “çäkli harby operasiýalar ýa takyk zarbalar” bolmagy mümkin.

Siriýada ýerleşýän “Jasoor barlag merkeziniň” analizçisi Abdul Wahap Assiniň aýtmagyna görä, Moskwanyň bular ýaly plana açyk bolmagy ähtimal. Sebäbi şeýle edilende Aleppo-Damask şaýoly howpsyzlandyrylyp, Orsýetiň goňşy welaýat Latakiýadaky Hmeýmim howa bazasyna Idlibden edilýän dron hüjümleri kesilýär.

Türkiýeli harby analizçisi Metin Gürjanyň pikiriçe bolsa Ankara bilen ylalaşygyň bolmazlygy Moskwa bilen Siriýa režimini doly hüjüme däl-de, “aýlarça” dowam etjek operasiýalara itermegi mümkin.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýa hökümeti 3 million ilatyň ýaşaýan ýeri bolan Idlibe giň gerimli hüjüme geçse, ol ýerden gaçjak adamlaryň sanyny 900 müň çemesi diýip çaklaýar.

7,5 ýyl bary dowam edýän uruş 400 müňdan agdyk adamyň başyna ýetip, millionlarça adamyň öý-öwzaryndan jyda düşmegine getirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG