Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda 20-den gowrak jaý ýykylyp, ýaşaýjylaryň tas ýarysyna jaý berilmejekdigi 'duýduryldy'


“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň websaýtyndan alnan surat

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Nissa” myhmanhanasynyň territoriýasyny giňeltmek maksady bilen, şäher häkimiýetleri onuň töweregindäki ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp başladylar diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.

Читайте также на русском

“Bu ýerdäki ýaşaýjylaryň 70%-i jaýlarynyň ýykylyp, özleriniň başga ýere göçmäge mejbur edilmegine razy boldular. Şäher häkimiýetleri bu jaýlaryň käbir ýaşaýjylarynyň elektrik toguny, suwuny we gazyny kesdi” diýip, neşir özüniň ýurt içindäki çeşmelerine we bu ýerde ýaşaýan ýaşaýjylara salgylanyp, 27-nji iýulda habar berdi.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we çeşmeleri hem tassyklap, Baba Japbarow, Öwezberdi Kuliýew, Galkynyş köçeleri bilen Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň arasyndaky iki we üç gatly jaýlary ýykmak çäresine mundan iki gün ozal girişilendigini we 30-njy iýula çenli olaryň ählisiniň ýykylandygyny aýdýarlar.

“Şu dört köçäniň çatrygyndaky jaýlar, ýagny 21 sany jaý – bularyň ählisi ýykylypdyr. Ýöne ýykylan jaýlaryň entek gurluşyk materiallarynyň äkidilmedik ýerleri bar” diýip, Türkmenistanda bolup geçýän täzelikler we wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýan aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda bu ýerdäki ýykylyşygy amala aşyrýan resmiler 1960-njy ýyllarda gurlan bu jaýlaryň näme sebäpden ýykylýandygy barada ne ýaşaýjylara, ne-de Azatlyk Radiosyna anyk maglumat berýärler. Azatlyk Radiosyna bu barada Aşgabat şäher häkimliginden hem haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýöne adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir ýaşaýjylaryň we jaý ýykylyşygyny amala aşyrýan gurluşyk işgärleriniň aýtmagyna görä, jaýlar bu sebitde ýerleşýän “Nissa” myhmanhanasynyň territoriýasyny giňeltmek maksady bilen ýykylyp, bu ýerde täze seýilgäh gurmak göz öňünde tutulýar.

Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri hususy eýeçilikdäki bu jaý eýeleriniň bir bölegine täze guruljak ýaşaýyş jaýlaryndan şu ýylyň ahyryna çenli jaý beriljekdigi barada kepilnama berdiler. Bu ýerde ýaşan gartaşan ýaşaýjylara bolsa, täze jaýyň berilmejekdigini aýdyp, olara özleriniň ogul-gyzlarynyň öýüne gitmegi we mundan beýläk olar bilen ýaşamagy maslahat berdiler.

“Şonuň bolmanynda 10-11-sine ‘Seniň ogluň-gyzyň jaýy bar. Şotaýy git. Seniň ýeke özüň ýaşap otursyň, aýdaly, 50 m2 meýdany ýeke özüň eýeläp otursyň. Türkmenistanda ýurt raýatynyň jaý bilen tutýan meýdany 9 m2. Git, ogluň, gyzyň, agtygyň jaýy bar. Şoňa göç’ diýipdirler. ‘Eger ogul-gyzyň seretmejek bolsa, onda bize arz et. Biz suduň üsti bilen, şolaryň saňa seretmegini ýola goýarys’ diýen ýaly bihaýalyga baryp ýetipdirler” diýip, Bugaýew ýaşaýjylara, hamana, Türkmenistanda perzendiň öz ejesine we kakasyna hökmany seretmelidigi barada kanunyň bardygynyň aýdylýandygyny belledi

Synçy Bugaýew hususy eýeçilikdäki jaýlary ýykylan ýaşaýjylara täze jaý berilmezligiň “Türkmenistanda raýatlaryň hususy emläginiň eldegirilmesizligi” hakyndaky kanunyň hem bozulýandygyny aňladýar diýdi.

Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleri paýtagtyň gürrüňi edilýän sebitinde Türkmenistanyň Neşirýat işleri gullugynyň käbir redaksiýalary ýerleşýän jaýyny hem göçürip, bu binanyň içini boşatdylar. Şeýle-de, olar Baba Japbarow köçesiniň günorta tarapyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň eýelerine hem jaýlarynyň ýykyljakdygy barada duýduryş berip, bu ýerdäki ýykylyşyklaryň ýene üç-dört aýdan amala aşyryljakdygyny aýtdylar.

Maglumat üçin bellesek, ýokarda ýykylan jaýlar we ýykyljakdygy barada ýaşaýjylara duýduryş berlen jaýlar “Nissa” myhmanhanasynyň, Türkmenistanyň prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň, Türkmenistanyň Harby ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we onuň baş ştabynyň diňe birnäçe metr golaýynda ýerleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG