Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýene köçeler ýapyldy, “çäreçi” okuwçylar we býujet işgärleri kösendi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

“Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň Aşgabatda geçirilen jemleýji dabarasy sebäpli köçeler ýapyldy, paýtagtlylar, hususan-da Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşýan býujet işgärleri we çagalar barmaly ýerine öz wagtynda baryp bilmän, dürli kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz boldular.

18-nji sentýabrda paýtagtdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda ýörite dabara geçirilip, onda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awtorallä gatnaşan we baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenlerine sylaglary gowşurdy.

Bu dabara sebäpli paýtagtyň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly we Atatürk köçeleri günüň birinji ýarymynda dört sagatdan gowrak wagt ýapyldy, awtobus gatnawlarynda bökdençlikler emele geldi. Bu ýagdaý, hususan-da, Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk çärelerine ýa-da il içinde aýdylyşy ýaly “marşirowkalara” gatnaşýan mekdep okuwçylaryna we býujet işgärlerine ýaramaz täsir ýetirdi.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, paýtagtyň gündogar bölegindäki 10-dan gowrak mekdebiň okuwçylary we mugallymlary “marşirowkalaryň” geçirilýän ýerine – “Dagdan” stadionyna – diňe ýapylan köçeler arkaly baryp bilýärler. Ýöne sişenbe güni köçeleriň ýapyklygy we awtobus gatnawlarynyň hem ýatyrylandygy sebäpli ýüzlerçe mekdep okuwçysy ne “marşirowkalara” gatnaşyp bildi, ne-de sapaklaryny okap bildi.

“Düýn Sapamyrat Türkmenbaşy şaýolunyň Çandybil şaýoly bilen birikýän ýeriniň demirgazygyndaky awtoduralgada mugallymlaryň ýolbaşçylygynda orta hasap bilen 200-den gowrak okuwçy üýşüp durdy. Özem olar awtobus gatnawy ýoklugy sebäpli yzlaryna mekdebe eltilip, sapaklaryna gatnaşdyrylmadylar” diýip, synçy okuwçylaryň irden sagat 9-dan ortaça sagat 13:00-a çenli dik aýak üstünde awtobus duralgalarynda garaşmaly edilendigini hem belledi.

Bugaýew çagalaryň şeýle kösençliklere duçar edilmegine resmileriň geleňsizliginiň sebäp bolýandygyny aýdyp, guramaçylygyň diňe “marşirowkalaryň” geçirilýän ýerinde başlanýandygyna, taýýarlyk çäresine gatnaşýanlaryň stadiona barmagynda ýa-da gaýtmagynda hiç bir ýeňillikleriň döredilmeýändigine ünsi çekýär.

“Has türkmençeläp aýtsaň, “it eýesini, pişik bikesini tananok” diýlen ýagdaýa meňzeýär. Eger köçeler ýapyljak bolsa, onda mekdeplere duýdurmaly. Sebäbi çagalar günüň aşagynda durdy. Häzir Türkmenistanda güýzüň birinji aýynyň ikinji on günlügi tamamlanyp barýan bolsa-da, gündizlerine gün 35-40 gradusa çenli gyzýar. Günüň aşagynda durmak hiç kime hem aňsat däl. Goý, metbugatda habar berilmese-de, şol mekdepleriň özlerine duýdurylsa boljak ýa-da ýörite awtobus iberip, aýlawlyrak ýol bilen aýlanyp gitmäge mümkinçilik döredilse, çagalar we mugallymlar beýdip günüň aşagynda garaşyp durmaly bolmazdy” diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda geçirilýän uly dabaralaryň çäginde köçeleri ýapmak we awtobus gatnawlaryny ýatyrmak tejribesi indi ençeme ýyl bäri gaýtalanyp gelýär. Ýöne köçeleriň ýapyljakdygy we transport serişdeleriniň gatnawynyň ýatyryljakdygy ýa-da üýtgediljekdigi barada adatça resmi metbugatda hiç hili bildiriş edilmeýär.

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda we Daşoguzda geçirilen sport çäreleri, şol sanda welosiped ýörişleri sebäpli köçeleriň ençemesi ýapylypdy. Şonda paýtagtlylar we daşoguzlylar uzak aralyklary ýöräp geçmeli bolupdylar.

Belläp geçsek, ýurt garaşsyzlygynyň 27-nji ýyldönümine bagyşlanyp, 27-nji sentýabrda geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri indi awgust aýynyň başyndan bäri dowam edýär.

Bu taýýarlyk çäreleri geçen hepdäniň anna gününden bäri has-da güýçli depginde alnyp barylýar. “Marşirowkalara” gatnaşýan aň-bilim, saglygy saklaýyş, medeni we beýleki pudaklaryň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, hünär we orta mekdepleriň okuwçylary uzakly gün okuwdan we işden boşadylýar.

Häzirki wagt Aşgabadyň “Dagdan” stadionynda geçirilýän “marşirowkalaryň” ýene birnäçe günden “Olimpiýa” stadionynda geçirilip başlanjakdygy, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary aýdýarlar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG