Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liderler BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ýygnagyna gatnaşýar, Trampyň dört güni başagaý geçer


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda söz sözleýär, 25-nji sentýabr, 2018-nji ýyl, Nýu Ýork

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp hepdäniň dört gününi Nýu-Ýorkda geçirýär. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasyndaky maslahatlara gatnaşýar, şeýle-de ol Demirgazyk Koreýa, Eýran, söwda söweşleri, ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly dürli meseleleri maslahat etmek üçin dünýä liderleri bilen duşuşyk geçirýär.

Tramp 25-nji sentýabrda Baş Assambleýada edýän çykyşynda 120-den gowrak ýurduň döwlet baştutanlarynyň öňünde söz sözleýär.

Baş Assambleýada eden çykyşynda Tramp Eýranyň hökümeti Ýakyn Gündogarda we has aňyrda özüniň “agresiýa” syýasatyna dowam etdigiçe “ähli döwletler olary çetleşdirmeli” diýdi.

Tramp: “Eýranyň liderleri haos, ölüm we ýykgynçylyk döredýärler. Olar goňşularyna, serhetlere we döwletleriň özygtyýarlylyk hukuklaryna sarpa goýmaýarlar. Muňa derek, Eýranyň liderleri öz bähbitleri üçin, hem-de Ýakyn Gündogarda we has aňyrda weýrançylygy ýaýmak üçin öz ýurtlarynyň baýlyklaryny talaýarlar” diýdi.

Ol 26-njy sentýabrda ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilýän ýörite duşuşyga başlyklyk eder.

Synçylar Trampyň hususan-da Eýran we Demirgazyk Koreýa babatda etjek çykyşyny ýakyndan synlarlar. BMG-niň 2017-nji ýylda geçirilen Baş assambleýasynda eden çykyşynda Tramp bu iki meseläni ýiti tankyt edipdi.

Tramp Eýranyň Ysraýyla, Ýakyn Gündogar we tutuş dünýä wehim salýandygyny aýdýar. Onuň BMG-de edýän çykyşynda agyr sözleri ulanmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, Demirgazyk Koreýa bilen ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça gepleşikleriň dowam edýän wagty, Trampyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jon Un bilen bagly has ýumşak äheňde çykyş etmegine garaşylýar. Geçen ýyl Tramp Uny “roketa adam” atlandyryp, onuň “özüni we öz režimini heläkleýändigini” aýdypdy.

Köp wagtdan bäri BMG-ni tankytlap gelýän Trampyň bu saparky etjek çykyşynda-da ony tankyt etmeginiň ahmaldygy barada käbir alamatlar ýüze çykdy. Tramp hepdesoňy ýaýradan wideo şekilli ýüzlenmesinde BMG-niň öz potensiýalyndan “garaşylýan tamany ödemeýändigini” aýtdy.

“Men elmydama bir zada geň galýaryn, ýagny BMG-de köp mesele çözülmeýär, sebäbi ýurtlaryň hemmesi bir ýere üýşýär, ýöne bu ýetmeli derejesine ýetmeýän çemeli” diýip, Tramp aýtdy.

Bu sözler Trampyň Baş Assambleýada 2017-nji ýylda eden çykyşyny ýada saldy. Ol şonda “eger-de Milletler Birleşigi özygtyýarlylyga, howpsuzlyga we abadançylyga wehim salýan faktorlara garşy göreşmekde täsirli hyzmatdaşlyk etjek bolsa, onda ol hökman reforma edilmeli” diýdi.

Ýöne Tramp 24-nji sentýabrda BMG-niň “ýuwaş-ýuwaş tamalary ödäp başlandygyny” aýtdy

Üýtgeýän “status kwo”

Aslynda, Tramp BMG-de 12 aý mundan ozal eden çykyşyndan bäri, halkara diplomatiýanyň “status kwosyny”, ýagny häzirki hökmürowan ýagdaýlary gynandyryp geldi. Ol Eýran bilen güýçli döwletleriň arasynda gol çekilen ýadro ylalaşygyndan çekildi, Amerikanyň günbatar ýaranlary bilen, şeýle-de Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda söwda boýunça oňşuksyzlyklara ýol açdy, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini dünýä sahnasynda gyzgyn garşylady. Şeýle-de ol öz ýurdunyň aňtaw gulluklarynyň ygtybarlylygyny sorag astyna aldy.

Bu ýylky ediljek çykyşyň öňýany “The Associated Press” “dünýä liderleriniň ençemesi, hatda Amerikanyň ýakyn dostlaryna wekilçilik edýänler Trampa we onuň “Birinjilik bilen Amerika” häsiýetli daşary syýasatyna düşünýärler” diýip, habar berdi.

Birleşen Ştatlaryň BMG-daky ilçisi Nikki Heýliý habarçylara beren gürrüňinde Trampyň “Birleşen Ştatlaryny, onuň roluny we ýola goýmak isleýän gatnaşyklaryny üns merkezine çekjekdigini” aýtdy.

“Ol soňky bir ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri barada çykyş etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ol şärik gymmatlyklary bolan milletler bilen gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda, Birleşen Ştatlaryň özygtyýarlylygyny goramak barada çykyş etmek isleýär” diýip, Heýliý aýtdy.

Trampyň 26-njy sentýabrda başlyklyk etjek Howpsuzlyk Geňeşiniň ýygnagynda ýadro ýaraglarynyň, himiki we biologiki ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüni almak barada maslahat ediler.

Ilkibaşda, bu duşuşygyň esasy gün tertibinde Eýran maslahat edilmelidi. Ýöne bu ýagdaý Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň duşuşyga gatnaşmagyna mümkinçilik döredip, ýygnakda geň çaknyşmalaryň döremegine getirip bilerdi.

Trampyň etjek çykyşynda, eger-de Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assad Idlibde asuda raýata garşy himiki ýarag ulanan halatynda, munuň netijeleriniň agyr boljakdygy barada oňa duýduryş bermegine garaşylýardy.

Trampyň administrasiýasynyň resmileri Assad Siriýa-da ýene-de bir gezek himiki ýarag ulanan ýagdaýynda Fransiýanyň we Britaniýanyň harby gaýtawul bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Nýu-Ýorkda BMG-da geçiriljek ýygnaklaryň gapalyndan Tramp Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen, Britaniýanyň premýer-ministr Tereza Meý bilen, Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jaý In bilen duşuşar. Mun Jaý In Trampa Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň şahsy habaryny ýetirer. Olaryň ikisi geçen hepde gepleşik geçiripdiler.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Trampyň resmileriniň Demirgazyk Koreýa gezek gelende “hüşgärligi saklajakdygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG