Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Babadaýhanda we Tejende pagta möwsümi sebäpli bazarlaryň işi çäklendirildi, ýurtda pagta kampaniýasy dowam edýär


Türkmenistanda pagta meýdany. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmenistanda pagta meýdany. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

16-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Tejen şäherlerinde ýerli häkimiýetler bazarlaryň iş sagatlaryny ymykly çäklendirdiler. Mundan beýläk, pagta ýygym möwsümi tamamlanýança bazarlar öýlän sagat 16:00-dan giç agşam sagat 22:00-a çenli açylar diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary neşiri” habar berýär.

Neşiriň regiondaky öz çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatynda görülýän bu çäklendirme çäreleriniň sebäpleri raýatlaryň pagta möwsüminde ýygyma gatnaşdyrylmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Agzalýan çäklendirmeler bazaryň golaý-goltumynda ýerleşýän hususy we döwlet dükanlaryna-da öz täsirini ýetirýär.

Maglumatda aýdylşy ýaly, bazarlaryň satyjylary özleriniň süýt-gatyklaryny, gök-bakja önümlerini teýden satmaga synanyşýar. Olaryň köpüsi öz harytlaryny hojalyklara aýlanyp satmaly bolýar, ýöne muňa-da kanun goraýjy güýç gullukçylary gözegçilik edýär.

Türkmenistanda resmi taýdan 5-nji sentýabrda badalga berlen pagta möwsümi dowam edýär.

Pagta möwsüminde häkimiýetleriň ilaty ýygyma mejbury gönükdirmek boýunça görýän çäklendirme çäreleri barada mundan ozal Azatlyk Radiosy hem habar beripdi.

Azatlygyň çeşmesi sentýabryň ortalarynda Daşoguz welaýatyndaky häkimiýetleriň uly ýollardan geçýän maşynlary saklap, olaryň içindäki ýolagçylary ýolundan goýup, pagta ýygmaga mejbur edýändiklerini habar beripdi.

Boldumsaz, Gubadag, Nyýazow etraplarynyň deňinde uly ýoldan geçýän maşynlary saklap, öz iş-aladasy bilen gyssanyp barýan adamlary ýolundan goýup, pagta ýygdyrýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme 15-nji sentýabrda habar berdi.

Türkmenistanda pagta ýygym möwsüminiň dowamynda mejbury zähmetiň ulanylýandygy barada ýurt içinden dürli maglumatlar gelip gowuşdy.

Sentýabryň başynda Lebapda býujet işgärlerinden ybarat pagtaçylary ýygyma alyp barýan awtobus heläkçilige uçrady. 16-njy sentýabrda Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna resmi derejede girişilmegine bagyşlanyp geçirilen “ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine býujet işgärleri mejbury gatnaşdyryldy. Bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda, bir döwür, Daşogzuň Nyýazow, Ýylanly, Görogly we Boldumsaz etraplarynda 7-nji klasdan ýokary çagalar ýygyma mejbury gatnaşdyryldy. Welaýatyň käbir etraplarynyň býujet işgärleri öz ýaşaýan ýerlerden uzaklara ýygyma ugradyldy, olar agyr şertlerde pagta ýygmaga mejbur boldy.

Bu aralykda, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekip pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrdy.

Soňky 3 günüň dowamynda döwlet mediasynda pagta ýygymy baradaky habarlaryň depgini güýçlenýär. Ahal welaýatynda pagta möwsüminiň depgini barada 15-nji oktýabrda TDH-da çap edilen habarda welaýatyň kärendeçileriň şu wagta çenli geçen döwrüň dowamynda jemi pagta plan borçnamalarynyň 50 göterime golaýyny döwlet harmanyna tabşyrandygy habar berildi.

Galyberse-de, pagta möwsümi barada döwlet telewideniýesinde efire berilýän şekillerde sungat işgärleriniň pagta meýdanlaryna gelip görkezýän çykyşlary görkezilýär, ýygymçylaryň ykjam kitaphanalar bilen üpjün edilýändigi barada habar berilýär.

Döwlet mediasyna görä, “Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler we ýygymçylar arakesmede kitap okap göwünlerini galkyndyrýar, medeniýet ussatlarynyň özleri üçin ýörite goýýan çykyşlaryna tomaşa edýär”

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyny tankyt edýär.

XS
SM
MD
LG