Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasyna, türgenine WADA-nyň sanksiýalary girizilmegi mümkin


Umurbek Bazarbaýew

Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň tamamlanmagynyň yzy bilen, ýaryşyň dowamynda Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň, ýagny WADA-nyň talap edýän şertlerini bozandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Sport habarlaryny çap edýän “inside the games” neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasy, WADA-nyň bu ugurdaky gadagançylyklaryna garamazdan, diskwalifikasiýa edilen türkmen ştangaçysy Umurbek Bazarbaýewi tälimçilik işlerine çekipdir.

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ençeme gezek çempiony, agyr atletika boýunça halkara derejesindäki ussat Bazarbaýew 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynda doping ulanandygy sebäpli, dört ýyl möhlet bilen, ýagny 2019-njy ýylyň 10-njy dekabryna çenli diskwalifisirlenipdi, ýagny halkara sport ýaryşlaryndan çetleşdirilipdi.

WADA-nyň dopinge garşy kodeksiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, çetleşdirilen türgeniň diskwalifikasiýa döwri ýaryşlarda çykyş etmegine ýa-da sport bilen ilteşikli beýleki çäreler bilen meşgullanmagyna rugsat berilmeýär.

Emma bu gadagançylyklara garamazdan, Bazarbaýewiň türkmen mediasynda ençeme gezek ýurduň saýlama toparynyň tälimçisiniň kömekçisi diýlip tanyşdyrylandygy barada deliller bar diýip, “Inside the games” neşiri belleýär.

Mundanam başga, Agyr atletika Halkara Federasiýasynyň saýtynda türgeniň Umurbek Bazarow diýlip üýtgedilen ady, beýleki bir türkmen ştangaçysy Kristina Şermetowanyň tälimçisi hökmünde görkezilipdir.

Tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 53 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, kümüş medaly almagy başardy.
Tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 53 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, kümüş medaly almagy başardy.

Häzirki emele gelen ýagdaýlardan ugur alynsa, onda hem Bazarbaýewe hem-de Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasyna gadagançylyklaryň girizilmegi mümkin.

WADA-nyň düzgünlerine laýyklykda, eger-de türgen diskwalifikasiýa döwri girizilen gadagançylyklary bozaýsa, onda onuň birinji möhletiniň üstüne ýene bir möhlet goşulýar. Bazarbaýewiň ýagdaýynda onuň agyr atletikadan 2023-nji ýyla çenli çetleşdirilmegi mümkin.

“Inside the games” neşiri WADA bilen habarlaşanda Agentligiň metbugat-wekili ‘bu ýagdaýlardan habarlarynyň bardygyny’ aýdypdyr.

“Halkara Agyr atletika federasiýasy bu ýagdaýlary talaba laýyk görnüşde yzarlaýandygy barada bizi habarly etdi. Biz munuň Dünýäniň Dopinge garşy Kodeksine görä çözüljekdigine kepil geçmek üçin ýagdaýlara gözegçilik ederis” diýip, WADA-nyň metbugat wekili neşire maglumat berdi.

Agyr atletika halkara federasiýasynyň baş direktory Attila Adamfi bolsa: “Bu türgen şu ýylyň başynda tälimçi diýlip häsiýetlendirildi. Şol sebäpli Agyr atletika halkara federasiýasy oňa garşy degişli proseduralaryny başlatdy. Olar häzir tamamlanmady” diýip, “Inside the games” neşirine maglumat beripdir.

Ýeri gelende bellesek, Bazarbaýew bilen bagly maglumatlary WADA we Agyr atletika halkara federasiýasyna gundogar.com internet-neşiriniň žurnalistleri awgust aýynda ugradypdyrlar.

Bazarbaýew 62 kilogram agram derejesinde dört gezek, ýagny Sidneý 2000, Afinylar 2004, Pekin 2008 we London 2012 Olimpiýa oýunlarynda çykyş edipdi. Doping bilen dawadan öň, türkmen häkimiýetleri Bazarbaýewi tapgyr bäş gezek Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek ilkinji ştangaçy hökmünde wasp edipdiler.

“Inside the games” neşiri ýokarky ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Berdiniýaz Mýatiýewe degişli hatyň ýollanandygyny, emma hiç hili jogabyň bolmandygyny aýdýar. Azatlyk Radiosyna hem degişli türkmen resmilerinden hiç hili kommentariýa almak başartmady.

WIDEO: Çempionatdan öň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ştangaçylyk ukybyny görkezdi.

Berdimuhamedow ştangaçylyk ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Galyberse-de, bu Aşgabatda 1-10-njy noýabr aralygynda geçirilen çempionatda öý eýesi – Türkmenistan bilen bagly ýüze çykan dawaly ýagdaýlaryň diňe soňkusydyr.

Mundan öň, türkmenistanly dört türgeniň ýaryşlara “kadadan çykma goşmaçalaryň hatarynda” gatnaşdyrylmagynyň Halkara agyr atletika federasiýasynyň düzgünnamasyna gabat gelmeýändigi nygtalypdy.

Şeýle-de, ýaryşlara gatnaşmak üçin arza bilen ýüz tutan 20 türgeniň diňe sekizsine bäsleşmäge rugsat berildi. Maglumata görä, ştangaçylaryň aglabasy, ýaryşyň şertlerine laýyklykda, özleriniň nirededikleri, ýagny ýaşaýan we ýerleşýän ýerleri barada “Anti doping dolandyryş ulgamynda” yzygiderli hasaba durmandyrlar.

Ýene bir gezek belläp geçsek, türkmen emeldarlary ýurduň gaznasyna näçe çykdaja düşendigi aýdylmaýan bu çempionatda türkmen türgenleri bilen ýüze çykan dawaly ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar. Muňa derek, onuň “hemmelere ýatdan çykmajak täsirleri we şatlyk duýgusyny peşgeş beren ajaýyp sport baýramy bolandygy” aýdylýar.

Medallaryň umumy sany boýunça Hytaýyň topary 53 medal bilen birinji orny, Tailandyň topary 17 medal bilen ikinji we Demirgazyk Koreýanyň türgenleri 12 medal üçünji orny eýelediler. Öý eýesi Türkmenistan 3 medaly bilen 16-njy oruna mynasyp boldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG