Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bilen baglylykda türkmen-özbek serhedi ýapyldy


Türkmen-özbek serhedi. Arhiwden alyndy. Illýustrasiýa

1 – 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bilen baglylykda türkmen-özbek serhet geçelgeleri ýapyldy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 5-nji noýabrda Lebap welaýatyndan ýetiren maglumatynda häzirki wagtda Farap etrabynda ýerleşýän serhet nokadyndan adamlaryň goýberilmeýändigini mälim etdi.

“Lebabyň Farap etrabyndaky serhet nokadynyň ýapylandygy anyk mälim. Özbegistan bilen araçägi Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi bilen baglylykda ýapdylar” diýip, habarçy aýtdy.

Golaýda Türkmenabadyň bir ýaşaýjysy Özbegistandan gelýän dogan-garyndaşlaryny garşy almak üçin, serhede barýar, ýöne olary goýbermeýärler.

“Olara iki hepdäniň dowamynda çempionat tamamlanýança serhediň ýapyk boljakdygyny aýdypdyrlar” diýip, habarçy ýagdaýlaryň gözli şaýady bolan türkmenabatlynyň sözlerine salgylandy.

“Türkmenabadyň beýleki bir ýaşaýjysy özüniň Özbegistana geçip bilmeýändigini tassyklady” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Agzalýan serhet geçelgesinden peýdalanýan ýolagçylardan wiza ýa-da ýörite rugsatnama talap edilýär.

Türkmen-özbek araçäginiň ýapylandygy baradaky maglumatlary serhediň özbek tarapyndan bir ýaşaýjy hem tassyklady.

Buhara welaýatynyň Olat etrabynyň Omon atly ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde agzalýan serhet geçelgeleriniň ýapyk bolmagynda galýandygyny nygtady.

“Ozallar söwda-satyk bilen meşgullanýan köp adam Türkmenistandan Özbegistanyň Buhara welaýatyna sapar ederdi. Soňky iki ýylyň dowamynda söwdegärleriň serhetden geçmegine rugsat berilmeýär, ýöne araçäkden aňyrda dogan-garyndaşy bolan adamlaryň görme-görşe gidip gelmeklerine rugsat berilýärdi” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy belledi.

Serhediň ýapylmagy baradaky maglumatlary Azatlyk Radiosy häkimiýetlere tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmeýär.

Ýatlasak, geçen iýun aýynda türkmen häkimiýetleri syýahat, söwda we ýaşaýyş wizasy bar raýatlaryň Daşoguz welaýatynda ýerleşýän türkmen-özbek serhet geçelgelerinden söwda maksatly haryt geçirmeklerine gadagançylyk girizipdi.

Türkmen-özbek serhediniň uzynlygy 1621 kilometre deň bolup, ol Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň serhet çäklerini öz içine alýar.

Galyberse-de, Türkmenistanda mundan ozal hem ýurtda geçirilýän halkara sport çärelerine gabatlap, goňşy döwletler bilen aradaky serhet geçelgeleri ýapylypdy.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi mynasybetli, Türkmenistan güýçlendirilen howpsuzlyk düzgünini yglan edipdi; serhetlerini ýapdy, wiza düzgünlerini çäklendirdi hem-de gümrük gözegçiligini güýçlendiripdi.

Türkmen hökümeti şu günler paýtagtda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty bilen baglylykda ýerli ilat üçin başga-da käbir çäklendirmeleri girizdi.

Ýaryşyň 1-nji noýabrda geçirilen açylyş dabarasy mynasybetli Aşgabadyň protokol köçelerinde awtoulag hereketi togtadyldy. Ertesi güni 2-nji noýabrda paýtagtyň agzalýan esasy köçelerinde köpçülikleýin transport serişdeleriniň gatnawy çäklendirildi. Bular barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy geçen anna güni maglumat beripdi.

Paýtagtyň demirgazygyndan günortasyna ugraýan Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, Atatürk köçesi, Garaşsyzlyk şaýoly, Bitaraplyk şaýoly protokol köçeleriň hatarynda bolup, olara birikýän On ýyl abadançylyk köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly hem esasy köçeleriň hatarynda agzalýar.

Şeýle-de, Azatlygyň aşgabatly habarçysynyň maglumatlaryna görä, agzalýan sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk işlerine okuwçylardan, studentlerden, aň-bilim we medeniýet pudagynyň işgärlerinden düzülen 14-15 müň adamlyk topar 20-nji oktýabrdan bäri mejbury çärelere gatnaşdyryldy.

Türkmenistanyň döwlete degişli köpçülikleýin habar serişdelerinde agzalýan maglumatlar barada gürrüň gozgalmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG