Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AABDÇ-a 4 türkmenistanly türgeniň kadadan çykma gatnaşdyrylmagy ‘düzgüne gabat gelmeýär’


Türkmen türgeni Rejepow Rejepbaý.
Türkmen türgeni Rejepow Rejepbaý.

Sport habarlaryny çap edýän “inside the games” neşiriniň ýazmagyna görä, Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna (AABDÇ) öý eýesi Türkmenistandan dört türgeniň ýaryşlara “kadadan çykma goşmaçalaryň hatarynda” gatnaşdyrylmagy Halkara agyr atletika federasiýasynyň düzgünnamasyna gabat gelmeýär.

“Halkara agyr atletika federasiýasynyň Dolandyryjy geňeşi jedelli ses bilen, öý eýesi Türkmenistandan ýaryşa gatnaşmaga hukugy bolmadyk agyr atletikaçylaryň oňa gatnaşmagyna rugsat berýär” diýip, neşir ýazýar.

Bu maglumatlar barada Türkmenistanyň sport resmileri degişli maglumatlar bilen çykyş etmeýär.

Ýaryşyň şertlerine görä, dünýä çempionatyna gatnaşýan türgenler 2018-nji ýylyň dowamynda özleriniň nirededikleri, ýagny ýaşaýan we ýerleşýän ýerleri barada “Anti doping dolandyryş ulgamynda” (ADAMS) yzygiderli hasaba durup, bellige alynmalydy.

Bu maglumat bazasyny Dopinge garşy bütindünýä agentligi dolandyrýar.

Ýylyň dowamynda Halkara agyr atletika federasiýasy bu düzgüni berjaý etmedik ştangaçylara garşy ýowuz darap geldi diýip, insidethegames ýazýar.

HAAF “Anti doping dolandyryş ulgamynda” yzygiderli hasaba durmandyklary sebäpli, 79 türgeni Aşgabatda geçirilýän ýaryşlardan çetleşdirdi.

“Ýöne olaryň hataryndan türkmenistanly 4 türgene kadadan çykma aýratynlyk berildi, olara “goşmaçalaryň” hatarynda ýaryşlarda çykyş etmäge rugsat berildi. Galan 75 türgen çetleşdirildi” diýip, neşir ýazýar.

"Soňky üç aýyň dowamynda “anti doping dolandyryş ulgamyny” (ADAMS) özleriniň nirededikleri, ýerleşýän ýerleri barada anyk we doly görnüşdäki maglumatlar bilen üpjün etmedik sportsmenler ýaryşlara gatnaşmaga hukuksyzdyr diýip, Halkara agyr atletika federasiýasynyň geçirýän çäresiniň Düzgünnamasynyň 14-nji bendinde aýdylýar. Türkmenistanly türgenler bu düzgüni berjaý etmediler” diýip, sport neşiri ýazýar.

1 – 10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan jemi 12 türgen gatnaşyp, olaryň 4-si “kadadan çykma goşmaçalaryň” hatarynda çykyş edýär.

Nobatdan daşary sanawa goşulan goşmaçalaryň hatarynda 61 kilogram agram boýunça çykyş edýän Omarguly Handurdyýew we Pirguly Pirgulyýew, 89 kilogram agramda çykyş edýän Izzatbek Meredow hem-de 102 kilogram agramda çykyş edýän Öwez Öwezow dagylaryň atlary bar.

Bu ýagdaýlar boýunça neşiriň soraglaryna beren jogabynda Halkara agyr atletika federasiýasy 27 döwletden 79 türgeniň özleriniň bolan ýerleri barada anyk maglumatlar sistemada wagtynda bellige aldyrmandyklary sebäpli ýaryşlardan çetleşdirilendigini mälim etdi.

“Çetleşdirilenleriň hatarynda öý eýesi döwletden az sanly türgeniň ýaryşlaryň Açylyş we Ýapylyş dabaralaryna gatnaşmaklaryna hem-de ringe çykyp ştanga götermeklerine rugsat berildi ýöne olaryň netijeleri hasaba alynmaz. Olar bäsleşmek hukugyndan mahrum edildi” diýip, HAAF insidethegames-e beren jogabynda aýdypdyr.

Dünýä çempionatynyň resmi web sahypasynda bu ýaryşlara 100-e golaý döwletden 800-e golaý türgeniň gatnaşýandygy habar berilýär. Media wekillerini we beýlekileri goşanyňda jemi sany 1 müň 500-e golaýlaýan myhmana 500 sany ýerli meýletinçi ýolbeletlik edýär. Türkmen häkimiýetleri meýletinçileriň her haýsysyna öz jübülerinden 9 ýüz manada golaý çykdajy etdirdip, ýörite lybas satyn aldyrdy; galyberse-de ýaryşyň açylyş we ýapylyş dabarasyna degişli taýýarlyk işleri üçin 14-15 müňe golaý adamy 20-nji oktýabrdan bäri mejbury çärelere çekdi; 1 – 2-nji noýabr günleri raýatlaryň Aşgabatdaky hereket mümkinçiliklerini çäklendirdi.

XS
SM
MD
LG