Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interpolyň täze başlygynyň saýlanmagynyň öňüsyrasy agentlige garşy basyşlar artýar


General-maýor Aleksandr Prokopçuk
General-maýor Aleksandr Prokopçuk

Halkara polisiýa agentligi Interpolyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy ugrundaky ses berilişigiň öňüsyrasy bu gurama basyş astyna düşdi. Birleşen Ştatlaryň senatorlary we beýlekiler bu wezipä Orsýetiň içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli bir resmisiniň saýlanmagynyň mümkindigine garşy duýduryş berdiler.

Britan mediasy Moskwa öz syýasy garşydaşlaryny yzarlamakda Interpolyň proseduralaryndan peýdalanýar diýilýän aýyplamalara garamazdan bu wezipä 56 ýaşly general-maýor Aleksandr Prokopçugyň saýlanmagynyň has ähtimaldygyny habar berdi.

Dört günlük duşuşyk üçin Dubaýa ýygnanan polisiýa başlyklarynyň agentligiň täze ýolbaşçysyny saýlamak boýunça 21-nji noýabrda ses bermegine garaşylýar.

Baş edarasy Fransiýanyň Lýon şäherinde ýerleşýän agentlik jenaýat işinde güman edilýänleri ýurtdan daşarda ele salmaga synanyşýan milli polisiýa hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Agentligi tankytlaýanlar onuň käbir ýurtlar tarapyndan adamlaryň syýasy sebäpli yzarlanmagy üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Iýun aýynda Britaniýada dürli partiýalara degişli kanun çykaryjylar içeri işleri ministri Sajid Jawide hat ýazyp, ony Moskwanyň Intepolyň maglumatlaryndan peýdalanmagyna ýol berilmezligini talap etmäge çagyrdylar.

Hatda Orsýetiň ineterpol ulgamyna gatnaşmagynyň Moskwanyň ençeme gezek Bill Browderiň tussag astyna alynmagyny soramagyna ýol açandygy aýdylýar. Ozal Orsýetde uly mukdarda maýa goýan Bill Browder indi Orsýetiň adam hukuklaryny bozmagy barada kampaniýa alyp barýar.

2005-nji ýylda Orsýete girmäg ýol berilmedik Browder dürli ýurtlarda birnäçe gezek tutuldy. Iň soňky gezek hem üstümizdäki ýylyň maý aýynda Ispaniýada saklandy.

‘Manysyz prezidentlik’

Ses berlişigiň öňýanynda Ukrainanyň içeri işler ministri agentlige Prokopçuk başlyk saýlanan halatynda, onda öz ýurdunyň agzalygyny togtatmak hakda basyş etjekdigini aýtdy.

“Orsýetiň Interpolda ýolbaşçylyk etmek mümkinçiligi manysyz, ol bu guramanyň ruhuna we maksatlaryna gapma-garşylykly” diýip, Arsen Awkow 19-njy noýabrda bir beýanatda aýtdy.

Awkowyň beýanaty Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp almagy we gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy sebäpli Moskwa bilen Kiýewiň arasynda dörän dartgynlygyň içinde bolýar.

Orsýetiň agentlige gözegçilik etmeginiň mümkindigi Birleşen Ştatlaryň iki partiýasyna degişli senatorlaryň, şol sanda respublikan Marko Rubio bilen Roger Wikeriň, şeýle hem demokrat Jean Şaheen bilen Kris Koonsyň bu işi ýazgarmagyna sebäp boldy.

“Interpolyň Prokopçugy täze prezident etmegi towugyň ketegini tilkä tabşyrmak bilen deň. Orsýet Interpoly hasaplaşyk we öz syýasy garşdaşlaryna, başgaça pikirlenýänlere, žurnalistlare zulum-sütem etmek üçin ulanýar” diýlip, bu toparyň hatynda aýdylýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili olaryň ýazan haty Interpoldaky “saýlaw prosesine garyşmagyň görnüp duran mysaly” diýip, Amerikan senatorlaryny tankyt astyna aldy.

Bu işi Orsýetdäki korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalni-de ýazagardy. Nawalniý ozal ençeme gezek türmä düşüp, jenaýat işlerinde aýyplanan adam. Ol we onuň tarapdarlary bu aýyplamalar syýasy sebäpli diýdiler. Nawalniý öz ýaranlarynyň Interpolyň resmileriniň “galyp peýdalanylmagyndan ejir çekendigini” aýtdy.

Ol Twitterde: “Men bular ýaly hereketleri Orsýetden bolan bir prezident azaldyp biler diýip pikir edemok” diýip ýazdy.

“Washington Post” gazetinde öz pikirlerini ýazan Orsýetiň oppozisiýa aktiwisti Wladimir Kara-Murza hem Prokopçuk agentligiň başlygy bolsa, Orsýetiň “gyzyl bellik” ulgamyndan peýdalanmagy ähtimal diýdi.

“Guramanyň esasy maksady milli polisiýa güýçleriniň arasynda maglumat alyp-çalyşmakdan, özara kömekden ybarat. Möhüm maglumatlar Kremle elýeterli edilse, onuň näme etjekdigini her bir adam göz öňüne getirip biler” diýip, Kara-Murza ýazdy.

21-nji noýabrda geçýän ses berişlik Meng Hongweýiň ýerine başga birini getirmek. Hytaýyň umumy howpsuzlyk ministriniň orunbasary bolan Meng Hongweý sentýabrda Hytaýa eden saparynda ýitirim boldy.

Pekin soňra onuň korrupsiýa we ygrarsyz resmilerden dynmak boýunça prezident Şi Jinpingiň awtoritar administrasiýasy tarapyndan alnyp barlan barlaglaryň netijesinde tussag edilendigini aýtdy.

20-nji noýabrda Interpolyň baş ýygnagy Kosowonyň agzalygyny tassyklamaly däl diýip ses berdi. Amerikanyň Pristinadaky ilçihanasy munuň Serbiýanyň beýleki ýurtlara eden basyşy netijesinde bolandygyny aýdýar.

Kosowonyň doly agza bolmagy onuň uruş jenaýatçylary diýip hasap edýän serb resmileri hakda gyzyl bellik ýaýratmagyna ýol açyp biljekdi.

Interpol iki ýyl mundan ozal dürli hökümetler tarapyndan tankytlanyndan soňra gyzyl bellik ulgamy baradaky kanuny ýagdaýlary güýçlendirmek üçin täze çäreleri girizdi.

Bu uýtgeşmelere görä, bellikler çykarylmazanda öň aklawçylar we ekspertlerden durýan bir halkara topar onuň Interpolyň düzgünlerine laýyk gelip-gelmeýändigini barlamaly.

XS
SM
MD
LG