Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz premýer-ministriniň ozalky orunbasary korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edildi


Gyrgyz premýer-ministriniň ozalky orunbasary Duişenbek Zilaliýew
Gyrgyz premýer-ministriniň ozalky orunbasary Duişenbek Zilaliýew

Gyrgyz häkimiýetleri premýer-ministriň ozalky orunbasarlarynyň birini korrupsiýada aýyplap, tussag etdiler.

10-njy dekabrda ýurduň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Duişenbek Zilaliýewiň “bikanun baýlyk toplamakda” aýyplanyp, geçen hepdäniň aýagynda deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini, ýagny kazyýet işinden öňki tussaglyga alnandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk komitetiniň bildirmegine görä, derňewçiler Zilaliýewiň eýeçiliginde deklarasiýa edilmedik 900 müň dollarlyk nagt puluň we emlägiň bardygyny anyklapdyrlar. Öňki resmi bulary nireden gazanandygyny düşündirip bilmändir.

Zilaliýew 2017-nji ýylda birnäçe aýlap Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary bolup işläpdi. Ol ondan ozal hem Senagat, Energiýa we Mineral Serişdeler baradaky döwlet komitetine ýolbaşçylyk edipdi.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň 10-njy dekabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Azerbaýjanyň bir kazyýeti Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň ozalky başlygy Adamkul Junusowyň ekstradisiýa edilmegi barada karar çykarypdyr.

Junusow 5-nji dekabrda Bakuwyň Haýdar Aliýew adyndaky halkara aeroportynda, gyrgyz resmileriniň haýyşy boýunça saklanypdy.

Bişkegiň maliýe polisiýasy Junusowy 2013-2016-njy ýyllaryň aralygynda gümrük gullugynyň başlygy bolup işlän döwri “korrupsiýa” işlerini alyp barmakda aýyplap, munuň Gyrgyzystanyň döwlet gaznasyna 166 million som (2.1 million dollar) zyýan ýetirendigini aýdýar.

Tomus aýlaryndan bäri Junusowyň nirededigi belli däldi.

Bişkekde bir kazyýet Junusowa gaýybana günä bildirip, onuň tussag astyna alynmagy barada karar çykaranyndan soňra, ol awgustda Gyrgyzystan tarapyndan gözlenýän adamlaryň sanawyna girizilipdi.

Zilaliýew bilen Junusow öňki prezident Almazbak Atambaýewiň 2011-2017-nji ýyllaryň aralygyndaky döwründe işlän we indi-de korrupsiýada aýyplanylýan öňki gyrgyz resmileriniň hatarynda durýarlar.

Atambaýew mart aýyndan bäri özüniň ýakyn ýaranlarynyň birnäçesiniň işden boşadylmagy ýa tussag edilmegi sebäpli özünden soňra iş başyna gelen prezident Soorunbaý Jeenbekowy tankytlap gelýär. Ol korrupsiýa garşy göreşi hem “galp korrupsiýa garşy kampaniýa” diýip atlandyrýar.

Atambaýew prezidentlik eden döwründe premýer-ministr bolup işlän iki ýarany Sapar Isakow bilen Jantoro Satykbaldiýew hem korrupsiýada aýyplanyp, iýun aýynda tutuldylar.

Oktýabrda hem Atambaýewiň öňki geňeşçisi Ikramjan Ilmiýanow Orsýetde saklanyp, gyrgyz häkimiýetleri tarapynda Bişkege getirildi. Bu ýerde hem ol korrupsiýada aýyplanyp, tussag edildi.

Golaýda gyrgyz kanunçykaryjylary bilen beýleki syýasatçylar Atambaýewiň iş başyndaka çykaran käbir kararlary hakda derňew geçirilmegi barada çagyryş etdiler.

Oktýabr aýynyň başlarynda Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýeti ýurduň öňki prezidentleriniň eldegrilmesizligi bikanun diýip, karar çykardy.

27-nji noýabrda parlamentiň bir komiteti öňki prezidentleriň eldegrilmesizligini ýatyrmak boýunça kanun taslamasyny taýýarlady. Bu taslama kabul edilse, onda bu Atambaýewi kanun esasynda yzarlamaga ýol açýar.

XS
SM
MD
LG