Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti özünden öňki lider bilen ‘söweşmeýändigini’ aýdýar


Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow we ýurduň öňki lideri Almazbek Atambaýew. 24-nji noýabr, 2017 nji ýyl
Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow we ýurduň öňki lideri Almazbek Atambaýew. 24-nji noýabr, 2017 nji ýyl

Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow özünden öňki prezident Almazbek Atambaýew bilen “söweşmeýändigini” aýdýar.

19-njy dekabrda Jeenbekow prezident hökmünde metbugat serişdeleri bilen geçiren ilkinji ýyllyk duşuşygynda žurnalistlere ýüzlenip, “esasy maksadynyň öz ýurdy we halky üçin gije-gündiz işlemekden başga hiç zat däldigini” belledi.

Jeenbekow özi we Atambaýewiň arasynda dowam edýän gapma-garşylyk barada berlen soraga: “Men hiç kim bilen söweş guramok” diýip, jogap berdi.

“Men hiç kimi öz bäsdeşim hasaplamaýaryn. Men prezident bolanym üçin saýlawlar döwründe diňe meniň bäsdeşim bolup biler” diýip, Jeenbekow aýtdy.

Öň ýakyn ýaran bolan Jeenbekow bilen Atambaýewiň arasynda soňky döwürde konflikt dowam edýär.

Gyrgyzystanyň konstitusiýasyna laýyklykda, prezidentlik möhleti diňe alty ýyl bilen çäklendirilen Atambaýew ýurtda 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda şol döwür ýurduň premýer-ministri Jeenbekowy özüniň abraýly adamy hökmünde saýlap aldy.

Ýöne soňky aýlarda öňki we häzirki prezidentler biri-birini professional bolmazlykda aýyplady.

Şu ýylyň başynda käbir syýasatçylar we kanunçykaryjylar Atambaýewiň wezipede mahaly kabul eden käbir kararlaryny derňemäge çagyryş etdiler.

Onuň ýakyn ýaranlarynyň birnäçesi korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edildi.

13-nji dekabrda gyrgyz parlamenti ozalky prezidentleriň jogapkärçilige çekilmezligi baradaky durumlaryny ýatyrmak hakyndaky kanun taslamasyny birinji okaýyşda tassyk etdi. Bu ýurduň ozalky lideri Almazbek Atambaýewiň jogapkärçilige çekilmek mümkinçiligini döredýär.

Jeenbekow bu kanun taslamasy baradaky soraga beren jogabynda onuň Atambaýewe gönükdirilmändigini aýtdy.

“Öňki prezidentleriň jogapkärçilige çekilmezligi baradaky kanun Konstitusiýa gapma-garşy gelýär. Bu kanun taslamasy maňa hem täsir eder. Men hem gelejekde wezipeden giderin. Hemme adam, şol sanda prezidentler öz etmişlerine jogap berjekdiklerini ýatda saklamaly. Hiç kim kanundan ýokary bolup bilmez” diýip, Jeenbekow aýtdy.

Soňky hepdelerde Atambaýewiň ýolbaşçylygyndaky “Sosial demokratik partiýanyň” (SDPK) käbir agzalary “SDPK Atambaýewsiz” atly kampaniýany başlatdylar. Jeenbekow hem bu partiýanyň agzasydyr.

Gyrgyz prezidenti žurnalistlere beren maglumatynda özüniň munuň bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

“Men bu partiýany döredijileriň biri we meniň üçin bu partiýada bolýan zatlary görmek gaty agyr. Partiýanyň içindäki häzirki ýagdaýyň sebäplerini Jeenbekowyň töwereginde däl-de, başga ýerde gözlemeli” diýip, Jeenbekow aýtdy. Ýöne ol bu aýdanlaryny aýdyňlaşdyrmady.

Jeenbekow 2023-nji ýylda özüniň bir gezeklik prezidentlik möhleti tamamlanandan soňra syýasatdan çetleşjekdigini hem aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG