Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus türmesinde tussaglaryň ‘gulçulyk zähmetine' mejbur edilýändiginiň üsti açyldy


Nedežda Tolokonnikowanyň iki ýyllyk türme tussaglygynyň saldamly bölegi IK-14 türmesinde geçdi.

Orsýetiň jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän federal gullugy FSIN prokurorlardan Mordowiýanyň bir tussaghanasynda iş kesilen aýallaryň gulçulyk zähmet şertlerinden saklanýandygy baradaky habarlar hakda jenaýat işini gozgamagy sorady.

24-nji dekabrda FSIN-iň direktorynyň orunbasary Waleriý Maksimenko IK-14 türmesiniň başlygy Ýuriý Kupriýanowyň türmäniň sany belli edilmedik beýleki işgärleri bilen birlikde wezipeden boşadylandygyny aýtdy.

IK-14 tanymal aktiwist Nedežda Tolokonnikowanyň iki ýyllyk türme tussaglygynyň saldamly bölegini geçiren tussaghanasydyr. Tolokonnikowa “Pussy Riot” syýasy-sungat topary bilen birlikde Moskwanyň ybadathanasynda eden çykyşy sebäpli iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ol 2013-nji ýylda günäsi geçilip, türmeden boşadylaly bäri Orsýetdäki tussaglaryň hukuklary hakda kampaniýa alyp barýar.

Tolokonnikowa 2013-nji ýylda tussaghanadaky gulçulyk-zähmet şertlerine, şeýle hem tussaglara edilýän zulum-süteme nägilelik bildirip, açyk hat ýazdy. Hatda aýallaryň günde 16-17 sagat işledilýändigi, olara dynç almaga sekiz hepdede diňe bir gün wagt berilýändigi aýdylýar.

FSIN şonda onuň bildirýän aýyplamalary hakda derňew geçirilip, olaryň esassyzdygynyň anyklanandygyny aýdypdy.

Maksimenko 24-nji dekabrda “TASS” habar gullugyna: “Tolokonnikowanyň aýdanlary, dogra meňzeýär” diýdi.

Maksimenkonyň bellemegine görä, soňky derňewlerde iş kesilenleriň ir ertir sagat ýediden gije ýaryna çenli tikinçilik işlerini etmäge mejbur edilendigi anyklanypdyr.

Ol tussaglar “tertip-düzgün sähelçe bozulan halatynda aýry saklamak we iýmitden mahrum etmek ýaly zatlar bilen gorkuzylypdyr” diýdi.

Maksimenko “iş kesilenler Kupriýanowyň özüne, garyndaşlaryna, dostlaryna we söwda paýdaşlaryna egin-eşik tikipdirler” diýip, sözüniň ütüni ýetirdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu zatlar türmede garaşylmadyk ýagdaýda geçirilen derňew netijesinde ýüze çykypdyr.

Derňew geçirilmegine hem öňki tussag Indira Bagaýewanyň şikaýat arzasy sebäp bolupdyr.

“Bular ýaly şikaýatlaryň Mordowiýada ozal hem edilendigi we telim gezek derňelip, tassyklanmadygy nazara alnyp, FSIN-iň merkezi edarasynyň işgärleri tarapyndan garaşylmadyk ýagdaýda derňew geçirilmeli diýen karara gelindi” diýip, Maskimenko aýtdy.

Onuň bellemegine görä, derňewçi topar baranyndan soň tussaghananyň işgärleri özlerinden alnan howpsuzlyk wideolaryny gizlemäge synanyşypdyrlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG