Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ukrainanyň tanymal fiziki we ýuridiki şahslarynyň garşysyna girizen sanksiýalaryny giňeltdi


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Moskwanyň Ukrainanyň belli fiziki we ýuridiki şahslarynyň garşysyna girizen sanksiýalaryny giňeltdi.

Medwedew 25-nji dekabrda Twitter sosial ulgamynda beren maglumatynda özüniň “rus döwletiniň, kompaniýalarynyň we rus raýatlarynyň bähbitlerini goramak üçin” sanksiýalaryň nyşanalarynyň sanawyny giňeltmek baradaky buýruga gol goýandygyny bildiridi.

Sanawa 200 töweregi fiziki we ýuridiki şahslar goşuldy.

1-nji noýabrda Orsýet Ukrainanyň 322 raýatynyň we 68 sany kompaniýasynyň garşysyna “aýratyn ykdysady çäre” diýýänini girizipdi.

Sanawyň asyl nusgasy Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakow, howpsuzlyk gullugynyň başlygy Wasyl Hrytsak, öňki premýer-ministrler bolan Ýulia Tymoşenko we Arseniý Ýatsenýuk, Krymyň tatar lideri Mustafa Jemilew, şeýle hem öňki Sagçy Sektoryň başlygy Dmitriý Ýaroş ýaly adamlary öz içine alýardy.

Sanaw prezident Wladimir Putiniň 22-nji oktýabrda çykaran permanyna esaslanýar. Putin şonda Ukraina Orsýetiň raýatlarynyň we kompaniýalarynyň garşysyna girizen ähli çäklendirmelerini ýatyran halatynda jezalandyryjy çäreler hem ýatyrylyp bilner diýipdi.

Kiýewiň rus raýatlarynyň we kompaniýalarynyň garşysyna bu çäreleri girizmegine Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym regionyny zor bilen özüne birikdirmegi we ýurduň gündogarynda separatistik hereketiň döremegini harby, syýasy we ykdysady taýdan goldamagy sebäp boldy.

Gündogar Ukrainada turan uruşda 2014-nji ýyldan bäri 10300 çemesi adam öldi. Moskwa özüniň Ukrainanyň içeri işlerine garyşýandygyny inkär etse-de, Halkara jenaýat kazyýeti 2016-njy ýylyň noýabr aýynda gündogar Ukrainada barýan söweş “Ukraina bilen Russiýa federasiýasynyň arasyndaky halkara ýaragly konflikt” diýip, karar çykardy.

Ýewropa Bileleşigi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary-da Moskwanyň Ukrainanyň işlerine garyşmagyna sanksiýalar bilen jogap berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG