Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet mediasy türkmen futbolçylarynyň üstünlikli çykyşy barada habar berip, beýleki ýaryşlary agzamady


Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistanda. 2016 ý.
Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistanda. 2016 ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän Aziýa kubogyny almak ugrundaky oýunlarda topardan çykyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň täzelikler gepleşikleri milli ýygyndynyň oýunlary barada yzygiderli habar bermedi.

Aziýa futbol kubogy – 2019 5-nji ýanwar – 1-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýär.

Türkmenistan, Özbegistan, Oman we Ýaponiýa “F” toparda çykyş etdi.

14-nji dekabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň “Ýaşyl meýdança. Ýaşyl topar. Ýaşyl Türkmenistan” şygary mälim edildi.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Abu Dabiniň Al Nahýan stadionynda Ýaponiýanyň futbol topary bilen duşuşdy. Türkmen futbolçylary oýnyň 1-nji ýarymyny ýeňiş bilen tamamlady. Hökümetçi neşirler bu barada dessine heniz oýun tamamlanmanka habar berdi: “Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen geçirilen duşuşykda asla aljyraman, 26-njy minutda hasaby açmagy hem başardylar” diýip, turkmenportal ýazýar.

Ýöne ýaryşda türkmen topary 3:2 hasaby bilen ýaponlardan ýeňildi. Döwlet telewideniýesiniň Watan habarlar gepleşigi 9-njy ýanwarda bu ýeňlişi habar berdi:

“Ildeşlerimiz bu oýunda özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. 3:2 hasabynda Ýaponiýanyň peýdasyna tamamlanan halkara duşuşygy futbolçylarymyz üçin tejribeleri artdyrmaga ýardam etdi” diýip, alyp baryjy aýtdy.

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dubaýyň Raşid stadionynda geçirilen oýunda Özbegistanyň milli ýygyndysyndan 4-0 hasaby bilen ýeňildi. Döwlet mediasynyň habar gepleşiklerine Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýa kubogyndaky çykyşlary boýunça ümsümlik aralaşdy.

Hökümetçi neşir bu oýun tamamlanandan soň “Türkmenistana garşy duşuşyk meniň üçin taryhy oýun boldy” diýip, özbek futbolçysy Jawohir Sydykowy sitirledi.

17-nji ýanwarda Abu Dabide Türkmenistan bilen Omanyň milli ýygyndylarynyň aralarynda geçirilen duşuşykda türkmen topary 1:3 hasaby bilen ýeňildi. Türkmenistanyň döwlet mediasynyň habar gepleşikleri ýene-de ümsümligi saklady. “Watan” habarlar gepleşigi türkmen toparynyň oýny barada habar bermedi. Oňa derek Aşgabatda otuň üstünde oýnalýan hokgeý barada habar berdi.

“Otuň üstünde oýnalýan hokgeý boýunça geçirilen ýaryşda oňa gatnaşan türgenler özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda geçirilen ýaryş türgenlerimiz üçin halkara bäsleşiklerine özboluşly taýýarlyga öwrüldi” diýip, alyp baryjy Aşgabatda otuň üstünde oýnalýan hokgeý barada 17-nji ýanwarda habar berdi.

Hökümetçi neşirler türkmen futbolçylary Omanyň toparyndan utulandan soň, Türkmenistanyň toparynyň Aziýa kubogyndaky çykyşlary barada habar çap etmegini bes etdi.

Türkmen sportyny ýakyndan yzarlaýan synçy “döwlet mediasy türkmen futbolçylary diňe üstünlikli çykyş edende däl, gowşak çykyş edende-de olary goldamaly, olaryň oýunlary barada habar bermeli” diýip, döwlet mediasynyň 17-nji ýanwarda otuň üstünde oýnalýan hokgeý barada beren habaryny teswirledi.

XS
SM
MD
LG