Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wekiller Öýi ABŞ-nyň NATO-nyň düzüminden çykmagyny gadagan edýän taslamany kabul etdi


Wess Mitçel
Wess Mitçel

Prezident Donald Trampyň NATO bolan ygrarlygy bilen baglylykdaky dörän täze aladalaryň fonunda, ABŞ-nyň Wekiller Öýi 29 agzalyk Ýaranlyga Kongresiň goldawyny bildirýän ýörite kanunçylyk taslamasyny, sesleriň aglabasy bilen, kabul etdi.

NATO-nyň ikipartiýalyk goldaw Akty sesleriň 357-22 gatnaşygy bilen kabul edildi. Bu dokument Ýaranlygyň düzüminden çykmak üçin fondlary ulanmagy gadagan edýär, şeýle-de ABŞ-nyň syýasatynyň Ýaranlygyň düzüminde galmagyny göz öňünde tutýandygyny belleýär.

Kongresiň maliýe serişdelerine gözegçilik edýändigini nygtamak bilen birlikde, dokument ABŞ-nyň NATO-nyň we umumy goranyş garaýyşlarynyň arkasynda durýandygyny kesgitleýär.

Dokumentde NATO-nyň täze agzasy Çernogoriýa, şeýle-de 2024-nji ýyla çenli Ýaranlygyň her bir agzasynyň özüniň umumy içerki önüminiň 2%-ni Ýaranlyga harçlamalydygy baradaky göz öňünde tutulýan maksada goldaw bildirilýär.

Ses berilişikden birnäçe sagat öň, döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa işleri boýunça kömekçisi Wess Mitçel (Wess Mitchell), trans-Atlatnik gatnaşyklaryndaky dartgynlylygyň fonunda, wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Ýokary derejeli diplomat NATO-nyň berk goldawçylarynyň biridi.

Wekiller Öýündäki ses berilişik we Mitçeliň wezipesinden gitmegi Ýewropa liderleri bilen Waşingtonyň, umuman, transatlantik baglaryna bolan ygrarlygy boýunça dartgynlylyklara gabat geldi.

“The New York Times” neşiri, özüniň federal hökümetindäki çeşmesine saglylanyp, geçen ýyl Trampyň ABŞ-ny NATO-nyň düzüminden çykarmak baradaky pikiri orta atandygy barada maglumat çap etdi. Munuň aprelde 70 ýyllygy bellenmeli Ýaranlygyň dargamagyna getirjekdigine üns çekildi.

“NATO ýaranlygy Amerikanyň howpsuzlygy, şeýle-de tutuş dünýä boýunça parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin möhümdir” diýip, Wekiller Öýündäki köplügiň lideri Steny Hoýer (Steny Hoyer) 22-nji ýanwarda geçirilen ses berilişigiň öňüsyrasy beýanat bilen çykyş etdi.

Mitçeliň işden gitmek arzasy 15-nji fewralda güýje girer. Ol bu wezipede bir ýyl töweregi işledi.

“Reuters” habarlar gullugynyň beren maglumatyna görä, Mitçel işden gitmek baradaky arzasyny 4-nji ýanwarda döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) tabşyryp, onda “bu wezipede etmeli işlerini edendigine ynanýandygyny we mundan beýläk wagtyny has köp maşgalasy bilen geçirmekçi bolýandygyny” aýdypdyr.

Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça syýasy analitik bolan Mitçeliň Trampyň alyp barýan syýasatyna garşy protest edip işden gidendigine çalym edýän hiç hili yşarat ýok.

Iki ýyl mundan öň, Donald Tramp Ak Tama gireninden soň, ýokary derejeli resmiler administrasiýany terk edip başladylar. Jim Mattis geçen ýylyň aýagynda, Trampyň Siriýadaky alyp barýan syýasaty bilen ylalaşman, goranmak sekretary wezipesinden çekilipdi.

XS
SM
MD
LG