Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO, ABŞ resmileri owgan parahatçylyk gepleşiklerine oňaýly baha berdiler


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad bilen Kabulda gepleşikleri geçirýär.

Birleşen Ştatlaryň ýörite wekili Amerika bilen “Talybanyň” wekilleriniň parahatçylyk ylalaşygynyň “esasy ugurlary” üçin bir taslama barada razylaşandyklaryny bildireninden soňra NATO-nyň baş sekretary bilen Pentagonyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy owgan “Talybany” bilen geçirilen parahatçylyk gepleşiklerinde gazynylan öňe gidişligiň özlerini ruhlandyrandygyny aýtdylar. Alnyp barylýan gepleşiklerden maksat - Owganystanda 17 ýyl bäri barýan urşuň soňuna çykyp, ýurtda asudalygy ornatmak.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg 28-nji ýanwarda Waşingtona eden saparynda “Talyban” güýçleriniň “uruş meýdanynda ýeňiş gazanyp bilmejekdigini, olaryň oturyp, gepleşik geçirmelidigini” nygtady.

Ol soňra hem: “Şol sebäpden häzir görýän zatlarymyz bizi ruhlandyrýar, öňe gidişlik ... we Talyban bilen gepleşik” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Patrik Şanahan hem bu pikire goşulyp: “Aýtjak bolýanym, häzir alynmaly zatlar bar, bu adamy ruhlandyrýar” diýdi.

Stoltenberg bilen Şanahanyň bu beýanatyndan öň Amerikanyň Owganystan barlyşygy boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talyban” bilen Katarda geçirilen bäş günlük gepleşikleriň “öňki duşuşyklardan has gowy” bolandygyny aýtdy.

Halilzad Kabulda owganystanly žurnalistlere taraplar “gepleşiklerde möhüm meseleler hakda öňe gidişlik etdiler, olar birnäçe mesele hakda ylalaşyga gelmek boýunça razylaşdylar” diýdi.

“Eden tagallalarymyzda üstünlik gazandyk diýerden öň edilmeli işler az däl. Ýöne men ilkinji gezek möhüm öňe gidişlik etdik diýip aýdyp bilýärin” diýip, Halilzad aýtdy.

“Talyban” hem gepleşiklerde “öňe gidişligiň” bolandygyny belledi.

Halilzad “The New York Times” gazetine beren interwiýsynda ýarym harby toparlar bilen alnyp barlýan gepleşikleriň gidişi hakda köpräk maglumat berip, taraplar aslynda ylalaşygyň “esasy ugurlary” hakda razylaşdylar diýdi.

Ýaragly güýçleriň çekilmegi?

Halilzadyň aýtmagyna görä göz öňünde tutulan taslama laýyklykda “Talyban” Al-Kaýda ýaly toparlaryň terroristik hüjümler üçin Owganystanyň territoriýasyny ulanmagyna ýol bermez.

Munuň hem amerikan ýaragly güýçleriniň tutuşlygyna ýurtdan çykmagyna getirmegi mümkin. Ýöne bu iş haçan-da “Talyban” owgan hökümeti bilen gepleşige girip, atyşyklaryň dowamly ýatyrylmagy bilen ylalaşan halatynda bolar.

“Bizde esasy ugurlar üçin taslama bar, ýöne ol ylalaşyga öwrülmezden öň üstünde işlenmeli” diýip, Halilzad aýtdy.

Bu aralykda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani “Talybany” Kabuldaky höhümet bilen “çynlakaý” gepleşiklere girip, “owganlaryň parahatçylyk talabyny kabul etmäge” çagyrdy.

“Olar ýa agzybirlik bilen Owganystanyň beýik milletine goşular ýa-da daşary ýurtlaryň maksatlaryna gural bolar” diýip, Gani telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

Günbatar tarapyndan goldalýan Ganiniň hökümeti pitneçi “Talybany” we beýleki ýarym harby toparlary ýeňip çykarmak üçin göreş alyp barýar.

“Talyban” şu çaka çenli olar “oýnatgy” diýip, owgan hökümetiniň resmileri bilen göni gepleşikden boýun gaçyryp gelýär.

Ýarym harbylar amerikan esgerleriniň ýurtdan çykarylmagy hakda belli bir sene barada ylalyşylanyndan soňra özleriniň hökümet bilen gepleşiklere başlajakdyklaryny aýdýarlar.

Amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, prezident Donald Tramp Amerikanyň Owganystandaky 14 müň esgerleriniň ýaryny ol ýerden çykarmak isleýär. Stoltenberg NATO-nyň näçe esgeriniň ol ýerde galjakdygy hakda pikir ýörederden entek ir diýdi.

26-njy ýanwarda Talybanyň sözçüsi Zabihullah Mujahid parahatçylyk gepleşiklerinde “öňe gidişlik” bolandygyny aýtsa-da, atyşklary bes etmek baradaky habarlary inkär etdi.

Ol halkara güýçleriniň çekilmegi işlenip taýýarlanmasa, “beýleki meseleler hakda öňe gidişlik mümkin däl” diýdi.

“Reuters” habar gullugynyň bildirmegine görä, “Talyban” bilen Birleşen Ştatlar arasyndaky gepleşikleriň indiki tapgyry häzirlikçe 25-nji fewrala bellenipdir.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG