Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gallaçy kärendeçiler mineral dökün üpjünçiliginden şikaýat edýär


Kärendeçi daýhanlar mineral dökün ýetmezçiliginden şikaýat edýär. Illýustrasiýa suraty.
Kärendeçi daýhanlar mineral dökün ýetmezçiliginden şikaýat edýär. Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Parahat we Azatlyk daýhan birleşiklerinden birnäçe gallaçy kärendeçi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolup, özleriniň mineral dökün üpjünçiligi bilen bagly duçar bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdiler.

Olaryň tassyklamagyna görä, mart aýyndaky ikinji dökün möwsüminiň golaýlaýandygyna garamazdan gallaçy kärendeçiler himiki dökünler bilen kadaly üpjün edilmeýär.

Türkmenistanda güýz aýlarynda ekilýän bugdaýa gyşyň başynda we bahar aýlarynda iki gezek dökün berilýär. Döwlet kärendeçileriň mineral dökün üpjünçiligini öz üstüne alýar.

Parahat daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň gürrüň bermegine görä, dekabr aýyndaky mineral dökün üpjünçiligi döwlet tarapyndan kadaly amala aşyrylmansoň, ýetip gelýän dökün möwsümi olary ynjalykdan gaçyrýar:

“Her 1 gektar bugdaý üçin döwlet 200-250 kilogram azot bermeli, ýöne şu berlenok. Berlen ýagdaýynda-da 100 kilogram döküniň üstünden 10-20 kilogram tutup galýarlar” diýip, Azatlyk daýhan birleşiginden efirde atlandyrylmazlyk şertinde çykyş eden kärendeçi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy Azatlyk daýhan birleşiginde dökün bilen üpjün edilen gallaçy kärendeçileriň sanynyň 130-a ýetmeýändigini aýdýar.

Haçan-da käredeçiler daýhan birleşigiň resmileri bilen duşuşyp, dökün ýetmezçiligi bilen bagly şikaýat edenlerinde resmiler gallaçylardan “berlen döküne razy bolmagy” soraýar.

“Daýhan birleşik: “Bary bilen oňuşuberiň, ýogsa-da bar ýerinden özüňiz satyn alyň” diýýär” diýip, Azatlyk daýhan birleşiginden beýleki bir kärendeçi zeýrenýär.

Kärendeçiler azot döküniniň hususyýetçilerdäki bahasynyň aşa ýokardygyny aýdýarlar:

“1 ýük ulag azodyň bahasy 4 müň – 5 müň manat aralygynda. 10-15 bolup çykaryşyp aljak bolsaňam kyn” diýip, gallaçy kärendeçi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berýär.

Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän hökümet maslahatlarynda oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän ýokary wezipeli resmiler mineral dökün üpjünçiliginiň kadalydygyny aýdýar.

Prezidentiň 15-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orzageldiýew, “häzirki döwürde güýzlük bugdaýa ideg etmek, agrotehniki kadalara laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek” ýaly işleriň alnyp barylýandygyny hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan kärendeçi daýhanlar şertnamalaýyn borçnama esasynda ekilýän ekinleriň suw, mineral dökün we tehnika üpjünçiliginden häli-şindi şikaýat edýärler.

Galyberse-de, Türkmenistan yzly-yzyna iki ýyl bäri bugdaý planyny dolup bilmäni gelýär. Geçen ýyl, ýygnalan bugdaý hasylynyň anyk möçberi resmi ýagdaýda yglan edilmedik hem bolsa, döwlet mebugatynda ýurtda geçen ýyl 1 milliondan gowrak gallanyň ýygnalandygy habar berildi.

Golaýda “Hronika Türkmenistan” neşiri 2018-nji ýylda Türkmenistanda döwlet tarapyndan kesgitlenen plan borçnamasyndan iki esse az pagtanyň we üç esse az bugaýyň önüdilendigini habar berdi.

“Geçen ýyl ýurtda döwlet tarapyndan kesgitlenen 1 million 600 müň tonna bugdaý plan borçnamasyna derek 538 müň tonna galla hasyly alyndy. Munuň 30%-ni ulanyş üçin peýdaly bolmadyk däne emele getirýär” diýip, neşir ýazýar.

Döwlet mediasy gallaçy kärendeçileriň mineral dökün ýetmezçiligi barada edýän arzy-şikaýatlaryny agzamaýar.

XS
SM
MD
LG