Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan galla oragyna başlady, daýhanlar bergili çykmakdan gorkýar


Ahalda galla oragy, 2012.

Türkmenistanly daýhanlar, has anygy ahally, lebaply we maryly gallaçylar 6-njy iýunda galla oragyna başladylar, balkanly we daşoguzly gallaçylaryň bolsa bu işe 13-nji iýunda başlamagyna garaşylýar.

Türkmenistanda ekiş we hasyl ýygnamak seneleri prezident tarapyndan kesgitlenilýär, kärende alan ýerlerinde döwletiň kesgitlän ekinini ekýän daýhanlar oba hojalyk önümleriniň döwlet tarapyndan bellenilen satyn alyş nyrhlarynyň tas üýtgewsiz galmagyndan şikaýat edýärler.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu ýyl 760 müň gektar ýere gowy hasyl berýän bugdaý sortlary ekildi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýylam galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlendigini, daýhanlaryň oba hojalygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin döredilýän şertler üçin prezidente sagbol aýdýandyklaryny habar berýär.

Resmi maglumata görä, harmana tabşyrylýan bugdaýyň hili “Türkmendöwletstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan kesgitlener, “Daýhanbankyň” bölümleri bolsa gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk geçirer.

Şeýle-de, gallaçylara gije-gündiziň dowamynda tehniki hyzmat ediljekdigi nygtalýar.

Şu aralykda Azatlyk radiosyna galla oragyna gatnaşýan kombaýnlaryň sürüjilerinden öz hasaplaryna, kombaýna dakmak üçin, wideokamera almaklarynyň talap edilýändigi barada maglumat gowuşdy. Bu wideokameranyň näme üçin gerekdigi aýdyň bolman galýar.

“Daýhanlara ýer üçin iň minimal töleg bellenildi, olar salgyt tölemekden doly azat edilýär, tohum, mineral dökünler, suw, ekinleri goraýjy serişdeler bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär” diýip, galla oragy baradaky habarda aýdylýar.

Emma ýerli synçylar, şol sanda Azatlygyň çeşmeleri bu ýylyň gurak gelendigini, üstesine bugdaý ekilen meýdanlaryň ýaplardan hem ýeterlik suwarylmandygyny, netijede Ahal we Balkan welaýatlarynyň galla meýdanlarynda gögeren bugdaýyň boýuny alman, göýdük galandygyny habar berýärler.

Şunuň bilen baglylykda, ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň maglumatyna görä, balkanly we ahally daýhanlaryň bir topary bu ýyl galla hasylyny ýygnap, girdeji almakdan geçen, bergili çykmakdan alada galýar.

Geçen ýyllaryň tejribesinden çen tutulsa, türkmen daýhanlary mundan öňem ýylyň gurak gelmegi, suw, dökün ýetmezçiligi, tehnikanyň wagtynda berilmezligi sebäpli plan dolman, döwlet öňünde bergili bolup çykýardylar. Şeýle bolanda olar, Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, bergilerini bermändikleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilmek, emläkleri konfiskasiýa edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Türkmenistanyň tejribeli oba hojalyk spesialistleri, şol sanda ykdysatçy Sapar Yklymow Türkmenistanda 12 million gektara çenli ekin ekip boljak meýdanynyň bardygyny, şonuň häzir diňe 1,5 million gektarynda daýhançylyk edilýändigini, ýeriň hususy eýeçilige berilmezliginiň garyplygyň saklanyp galmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda bu ýyl hem, geçen ýyldaky ýaly, 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny almak planlaşdyrylýar. Bellemeli ýeri, 2017-nji ýylda bugdaý plany dolman galdy we munuň üçin resmileriň birnäçesine käýinç berilse, beýleki birleri wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri azyk garaşsyzlygyny gazanmak syýasatyny ýöredýär, emma ilat daşary ýurtlardan import edilen azyk önümlerine, una we hatda gök-bakja we miwe önümlerine hem garaşly bolmagynda galýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG