Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlarynda azyk haryt bolaýar, ýöne käbir önümleriň gytçylygy saklanýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalaryny söwda tekjesinde görkezilen bahadan has gymmada satmak tejribesi saklanyp galýar. Käbir et önümleriniň gymmatçylygy, şeýle-de gök-bakja we miwe önümleriniň bolçulygy göze ilýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bazardaky bahalar barada 18-nji fewralda maglumat berdi.

“Häzirki wagtda towuk etiniň 1 kilogramy 13 manatdan erkin satylýar, ýumurtga 33 teňňä tapdyrýar. Teke bazarda towuk etiniň dürli görnüşleri peýda boldy” diýip, Azatlygyň paýtagtly habarçysy aýdýar.

“Towugyň bagry döwlet we hususy dükanlarda 12 manatdan satylýan bolsa, ol Teke bazarda 7 – 8 manatdan satylýar” diýip, habarçy belleýär.

Onuň sözlerine görä, towuk ganatynyň bahasy 4 manatdan 6 manada gymmatlady.

Geçen ýyl Türkmenistanda towuk eti gyt önüme öwrüldi. Ýylyň aýagynda towuk etini satyn almak üçin döwlet dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlar döredi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy towuk biznesinden habarly tanşynyň sözlerine salgylanyp, 2018-nji ýylyň dowamynda ýurtda peýda bolan towuk etiniň gytçylygyny bu önümçilik bilen meşgullanýan firmalaryň häkimiýetler tarapyndan mejbury ýapylmagy bilen düşündirýär.

Habarçy balygyň bahalary baradaky maglumat bilen gürrüňe dowam edýär.

“Teke bazarda kiçijek zagara balygy 30 manatdan, uly bolmadyk diri lakga balyklary 35 manatdan satylýar. Daşoguz bazarda balygyň göwrümi ulaldygyça bahasy gymmatlap, 55 manada çenli ýetýär. Lakga balyk hatda 65 manada çenli çykýar. 12 manada balyk ýok” diýip, habarçy ýazýar.

Onuň sözlerine görä, bazarlarda iýmit önümleriniň bahasyny ýazgyda başga görkezip, hakyky nyrhyny gymmat kesgitlemek tejribesi saklanyp galýar. “Tworog 17-20 manatdan satylýar. Ýöne onuň bahasy 12 manat diýip görkezilýär” diýip, habarçy aýdýar.

“Et hem şeýle: 18 manat diýip ýazylan, ýöne 30 manatdan satylýar. Elbetde 18 manada süňk satyn alsa bolýar” diýip, ol sözüne goşýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, döwlet bazarlary arzan bahadan miwe önümleri bilen üpjün etmäge dowam edýär.

“Iň gyt we iň çalt geçýän haryt – banana. Onuň 1 kilogramynyň bahasy 6 manat” diýip, ol aýdýar.

Onuň sözlerine görä, kartoşkanyň bahasy arzanlady. Gök-bakja önümleri Teke bazar bilen deňeşdireniňde döwlet dükanlarynda we hususy dükanlarda has gymmat satylýar. “Pomidoryň bahasy 11 manada çenli, hyýaryň bahasy 12-14 manada çenli çykýar” diýip, habarçy belleýär.

Soňra Teke bazardaky bahalar barada has giňişleýin maglumat berýär. Kartoşka 4-6 manat, pomidor 6-8 manat, hyýar 10 manat.

Onuň sözlerine görä, bazarda gök-bakja önümleri we miweler bol; towuk eleýterli, günebakar ýagy hemme ýerde arzanlady. Onuň 1 litri 9 manatdan satylýar.

“Ahal pagta ýagy satuwda ýok” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Süzmäniň bahasy 7 manat diýlip kagyzda görkezilýär, ýöne 12 manatdan satylýar.

14-nji fewralda Azatlygyň paýtagtly habarçysy Aşgabadyň bazarlarynda söwdegärleriň azyk harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen, arzanladylan nyrhdan satmaga öňküleri ýaly mejbur edilýändigini habar beripdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, gök-bakja we miwe önümleriniň 1 kilogramynyň Teke bazardaky soňky bahalary şeýle:

  • Mandarin: 6-7 manat
  • Pyrtykal: 7-8 manat
  • Armyt: 8 manat
  • Greýpfrut: 5-6 manat
  • Almanyň kiçisi 5-6 manat
  • Almanyň ulusy hususyýetçilerde 14-16 manat

Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysynyň sözlerine görä, döwletiň söwda tekjelerinden 1 kilogramyny 6 manatdan banana satyn almak üçin adamlar nobata durýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG