Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hanamow: Döwlet suw desgalaryny düzetmeli, bu hususy adamlaryň başarjak işi däl


Garagum kanaly
Garagum kanaly

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda oba hojalygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselesini gozgady.

TDH-nyň ýazmagyna görä, “Bu ugurda iri maýa goýum taslamalary, şol sanda Garagum derýasynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, ýurduň şäherlerini we obalaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar”.

Şol bir wagtda türkmen prezidenti geçen ýyl, ekerançylyk meýdanlarynda suw ýetmezçiligiuly meselä aýlanandan soň, oba hojalygyndaky problemalary bölekleýin boýun aldy we bu pudagy özgertmek üçin öz tekliplerini hödürledi.

Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” syzyp çykan resmi maglumatlara salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanda geçen ýyl alnandygy aýdylýan pagta we bugdaý hasylynyň köp bölegi diňe kagyz ýüzünde alyndy.

Belki-de şu ýagdaýlar sebäpli, döwlet baştutanynyň ministrlikleri we pudak edaralaryny üýtgedip gurmak baradaky kararlarynyň çäginde şu ýylyň başynda ozalky Oba we suw hojalyk ministrliginden suw hojalygy aýrylyp, onuň üstüne daşky gurşawy goramak wezipesi hem ýüklendi. Şunuň bilen baglylykda, anna güni Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky düzgünnamalar tassyklanyldy.

Döwlet baştutanyň sözlerine görä, bu üýtgedip gurmalar we beýleki görülýän çäreler ýurtda sowet döwründen gelýän we garaşsyzlyk ýyllarynda has-da çylşyrymlaşan oba hojalyk problemalaryny çözmäge ýardam etmeli.

Synçylaryň bellemeklerine görä, sowet döwründe Türkmenistanda Moskwanyň beren pagta planyny dolmak üçin uly artdyryp ýazmalara, şonuň bilen baglylykda, çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň giňden ulanylmagyndan başga, uly suw we ýer zaýaçylygyna ýol berildi.

Bu ýagdaý ýerleriň ummasyz kän möçberde şorladylmagyna, ýerasty suwlaryň barha kän ýokaryk galmagyna we hasyllylygyň ýyl-ýyldan pese gaçmagyna alyp geldi. Häkimiýetler bu meseläni çözmek üçin zeýkeşleri gazmak we olary bir ýere toplamak kararyna geldiler. Emma bu, hünärmenleriň sözleri bilen aýdylanda, sebäpleri aradan aýyrman, netije bilen göreşmek bolup durýardy.

Sowet döwründe suw, oba hojalyk gurluşyklary baradaky döwlet komitetine ýolbaşçylyk eden Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, sowet döwründe-de, soň S.Nyýazow, G.Berdimuhamedow döwürlerinde-de Türkmenistanyň daşky gurşawyna suwy bisarpa ulanmak zerarly ýetirilen zyýanyň öňüni almak barada hakyky edilmeli işler edilmedi.

Birinjiden, suwy tygşytly ulanmak üçin suw desgalarynyň ählisinde berk tertip-düzgün, hasap bolmaly. Sebäbi Amyderýadan gelýän suw bulanyk, ýaplary derrew gyrmança basýar, hatda kanal hem kem-kemden gömülýär” diýip, Hanamow Garagum kanalynyň häzir suw geçirijiliginiň juda peselendigini, suw howdanlarynyň ideginiň bolsa kän derejede aşak gaçandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol ýeri şor suwlardan saplaman, hiç wagt ondan gowy hasyl alyp bolmajagyny, emma bu meselede hem edilýän işiň azdygyny, üstesine ýerleriň şorlamagyna goşant bolýan esasy ýalňyşlygyň – suwy bisarpa ulanmagyň öňküsi ýaly dowam etdirilýändigini aýdýar.

Häzir Awstriýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, zeýkeşler wagtly-wagtynda arassalanmasa, täze zeýkeşler gazylmasa, şol bir wagtda suwy tygşytly, örän hasaply ulanmagyň berk çäreleri görülmese, Türkmenistanyň ýerlerinden indi gowy hasyl almak asla mümkin däl.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşýän ýerli synçylar, ýer-suw hünärmenleri, şol sanda N.Hanamow Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda on müňlerçe adamyň işleýändigini, emma olaryň soňky ýyllarda köplenç boş, gazançsyz diýen ýaly çykaýndygyny, bu ýagdaýyň türkmenistanlylaryň barha kän daşary ýurtlardan iş gözlemegine getirýändigini öňe sürýärler.

Bu ýagdaýy düzetmek üçin döwlet, welosiped binasy ýaly binalara pul sowurman, suw desagalaryna çykarmaly çykdajylary çykarmaly, olary kadaly işlär ýaly etmeli, bu hususy adamlaryň başarjak işi däl” diýip, N.Hanamow Azatlyk bilen Wenadan telefon arkaly eden söhbetdeşliginde aýtdy.

XS
SM
MD
LG