Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Gülnara Kerimowany parahorlykda we korrupsiýada aýyplaýar


Gülnara Kerimowa
Gülnara Kerimowa

Birleşen Ştatlar Özbegistanyň merhum prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň adyny ilkinji gezek uly göwrümli halkara parahorlyk planynda görkezip, ony Amerikanyň daşary ýurt korrupsiýa kanunlaryny bozmaga dildüwüşenlikde aýyplady.

Amerikanyň Adalat departamenti tarapyndan 7-nji martda yglan edilen aýyplamalar Kerimowanyň öý tussaglynyň düzgünlerini bozmakda aýyplanylyp, Daşkentde garaşylmadyk ýagdaýda tutulyp, türmä ýerleşdirilmeginden sanlyja gün soňra gabat gelýär.

Amerikanyň kazyýet dokumentlerinde Kerimowanyň daşary ýurt korrupsiýa düzgünlerini bozan bolmagynyň ähtimaldygy geçmişde hem aýdylmadyk däldi welin, ýöne häzirki dokumet onuň adynyň ilkinji gezek açyk görkezlmegi bolup, öňki prezidentiň gyzynyň jenaýat jogapkärçiliginiň näderejelere ýetendigini ýüze çykarýar.

Adalat departamenti bu işiň Amerikanyň daşary ýurt korrupsiýa kanunyna degişli iň uly parahorlyk planlarynyň biridigini aýdýar.

Ol şol bir wagtda-da Özbegistanyň Yslam Kerimowdan soňraky hökümetiniň Kerimowyň döwrüne degişli şahsyýetleri, şol sanda onuň garyndaşlaryny-da näme üçin nyşana alýandygyny görkezýär.

Aýyplamalar Orsýetiň iň uly mobil telefon operatory MTS bilen baglanyşykly diýilýän para işlerinden gözbaş alýar.

Düýbi Moskwada ýerleşýän we paýlary Amerikanyň birža bazarlarynda satuwa çykarylýan bu kompaniýa 7-nji martda özüniň amerikan prokurorlary bilen bir ylalaşyga gelendigini we bu ylalaşyga laýyklykda Özbegistandaky söwda işleri bilen ilteşikli parahorlyk we korrupsiýa aýyplamalary baradaky meseläni çözmek üçin 850 million dollar tölejekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň kazyýet dokumentlerine görä, Kerimowa bilen onuň uzak wagtlap kömekçisi bolan Behzod Ahmedow 2001-2012-nji ýyllaryň aralygynda, ýagny 11 ýyldan gowrak wagtyň içinde Özbegistanda mobil telefon rugsady we düzgünleri üçin 865 million dollar para talap edipdirler.

Bu kompaniýalar MTS, şeýle hem VimpelCom we Skandinawiýanyň TeliaSonera diýip tanylýan telekom kompaniýasyndan ybarat.

Kompaniýalaryň ikisi Birleşen Ştatlaryň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň gözegçilik häkimiýetlerine Kerimowa bilen ilteşikli para işleri üçin ýokary töleg tölediler.

“Bu özbek hökümetiniň iň ýokary derejelilerine çenli baryp ýeten we dünýäniň iň uly telekommunikasiýa kompaniýalary tarapyndan alnyp barlan bir milliard çemesi parahorlyk planyna degişli trilogiýanyň üçünji bölümidir” diýip, amerikan adwokaty Geoffrey Berman bir beýanatda aýtdy.

Tutulaly bäri Kerimowanyň nirededigi belli däl.

Uzak wagtlap Kerimowanyň kömekçisi bolup işlän Ahmedow bolsa 2012-nji ýylda Moskwa gaçyp atdy.

Ol 2012-nji ýylda Orsýetiň hukuk goraýjy güýçlerine beren görkezmesinde Kerimowanyň söwda işleri hakda jikme-jik maglumat berdi.

Ahmedow Kerimowanyň guramasyna ýüz müňlerçe dollar geçirmek barada özüne we maşgalasyna häli-şindi haýbat atylyp, basyş edilendigini aýtdy.

Kerimowa bir wagtlar Kerimowyň oruntutary, onuň prezidentliginiň mirasdüşüri hasaplanardy.

Ýöne ol 2014 ýylda jemgyýetçilikde göze ilmedi. Soňra özbek prokurorlary onuň öý tussaglynda saklanýandygyny we güman edilýän korrupsiýa, şeýle hem beýleki aýyplamalar boýunça derňew alnyp barylýandygyny tassykladylar.

5-nji martda Özbegistanyň baş prokurorynyň edarasy Daşkentde bir kazyýetiň onuň öý tussaglygynyň düzgünlerini bozandygyny anyklap, türmä ýerleşdirilmegi hakda karar çykarandygyny aýtdy.

2016-njy ýylda Kerimow aradan çykanyndan soňra onuň ýerine iş byşyna gelen Şawkat Mirziýoýow günbatar ýurtlarynyň sermaýasyny ýurda çekmek üçin, Özbegistany söwda işlerine amatly edip görkezmäge synanyşýar. Onuň hökümeti Kerimowyň döwründe işe bellenen müňlerçe hökümet işgärlerinden dynmak barada iş alyp bardy. Bu ugurda ýokary derejeli hukuk goraýjy güýçler, şol hatarda öňki baş prokuror-da nyşana alyndy.

Amerikan häkimiýetleri Kerimowanyň şweýsar banklarynda we beýleki bank hasaplarynda doňdurylan bir milliard dollar çemesi pulynyň ykbaly barada Özbegistan bilen ençeme ýyl bäri gepleşik geçirýär.

XS
SM
MD
LG