Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda Hytaýdaky etniki gazaklaryň meselelerini gozgan aktiwist tussag edildi


Serikžan Bilaş

Gazagystanda howpsuzlyk güýçleri Hytaýdaky etniki gazaklarynyň meselelerini gün tertibine getiren toparyň ýolbaşçysyny tussag etdiler.

Atažurt Eriktileri, ýagny Ata-Watanyň Meýletinçileri toparynyň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, Serikžan Bilaş 10-njy martda Almatynyň myhmanhanasynda tussag edilipdir. Ol soňy bilen Içeri işler departamentiniň paýtagt Astanadaky edarasyna eltilipdir.

Astananyň polisiýasy Bilaşyň “milli bölünişigi ýa-da ýirgenji döretmek” aýyplamalary esasynda tussag edilendigini tassyklady.

Mundan başga goşmaça maglumat berilmedi.

Gazagystan bilen serhetleşýän Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde doglan Bilaş Gazagystanyň raýatlygyna kabul edilipdi.

Soňky aýlaryň dowamynda ol Şinjiangdan gelen etniki gazaklary toplap, öz ýakynlarynyň Hytaýyň “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” diýlip atlandyrylýan sebitlerinde saklanýandygyny aýdyp, nägileligini bildiripdi.

Fewralda Almatynyň sudy Bilaşy hasaba alynmadyk guramany dolandyrmakda günäli tapyp, oňa 252 müň tenge, ýagny 670 dollar möçberinde pul jerimesini salypdy.

Sud diňlenişiginiň dowamynda Bilaş özüniň günäsizdigini aýdyp, toparyň Şinjiangdaky etniki gazaklaryň hak-hukuklaryny goramagyny dowam etdirjekdigini hem belledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG