Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň gara bazardaky bahasy Daşoguzda 19,50 manada, Aşgabatda tas 19 manada çykdy


Üýşüp duran adamlar. Illýustrasiýa suraty

Daşoguzda dollaryň gara bazardaky bahasy 19 manat 50 teňňä çykdy. Aşgabatda 1 dollar 18 manat 60 teňňeden satyn alynýar hem-de 18 manat 80 teňňe - 19 manatdan satylýar.

Daşoguzda dollaryň bahasy ýene-de göterilip başlady. 1 dollaryň gara bazardaky bahasy Daşoguz şäherinde 19 manat 50 teňňä çykdy. Bu ýagdaý bazarlarda we hususy dükanlarda iýmit önümleriniň gymmatlamagyna getirdi. Paýtagt Aşgabatda dollar 18 manat 60 meňňeden satyn alynýar hem-de 18 manat 80 teňňe – 19 manatdan satylýar.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Daşoguzdaky habarçylary habar berýär.

“Dollar 19 manat 50 teňňä çykdy. Munuň yzyzsüre esasy azyk önümleriniň bahasy gymmatlady. 1 ýumurtganyň bahasy 1 manat 40 teňňe, süýdüň 1 litriniň bahasy 5 manat, çöregiň bahasy göwrümine we hiline baglylykda 3 – 7 manat aralygynda” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy 12-nji martda hususy söwdadaky harytlaryň bahalary barada habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, orta hilli almanyň 1 kilogramy 15 manat, kartoşkanyň 1 kilogramynyň bahasy 5 – 7 manat aralygynda, etiň 1 kilogramy 30 manat.

“Adamlar gymmatçylyk sebäpli et önümlerini seýrek satyn alýar. Olar mümkinçilik bolanda towuk etini satyn alýarlar. Onuň 1 kilogramynyň bahasy 12-13 manat” diýip, habarçy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 12-nji martda telefon arkaly beren maglumatynda paýtagtda dollaryň bahasynyň öňküsinden sähel ýokarlanandygyny aýtdy.

“Aşgabatda tas 1 aýdan-da köpräk wagtyň dowamynda dollaryň gara bazardaky satyn alyş nyrhy 18 manat 10 teňňe – 18 manat 20 teňňeliginde saklandy. Edil şu gün Aşgabatda dollaryň gara bazardaky satyn alyş hem-de satyş nyrhy üýtgedi; ony 18 manat 60 teňňeden satyn alýarlar hem-de 18 manat 80 – 19 manatdan satýarlar” diýip, paýtagtly habarçy aýdýar.

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky bahasy oýnanda ýurda daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň bahasynda-da üýtgeşme bolýar.

12-nji martda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly ykdysadyýeti öwreniji çeşmämiz dollaryň gara bazardaky bahasynda bolan soňky üýtgeşmeler we munuň azyk önümleriniň bahasyna ýetirýän täsiri barada gürrüň berdi.

“Ýyl çalşanda halk tamakin boldy. Dollaryň gara bazardaky bahasy üýtgär öýdüldi. Täze ýylyň öňüsyrasynda dollaryň resmi kursunyň täze nyrhynyň kesgitlenjekdigi, onuň resmi bahasynyň 3 manat 50 teňňe däl-de 8 – 9 manada çykarylyp, daşary ýurt walýutasy bilen bagly bar bolan çäklendirmeleriň gowşadyljakdygy barada gürrüňler ýaýrady, ýöne bu gürrüňler boş çykdy. Hökümet häzirki wagtda daşary ýurtlardan haryt getirýän belli-belli 10-12 firmanyň edýän çykdajylarynyň bary-ýogy 20 prosentine ýardam berýär. Ilaty diňe ýurtda öndürilýän senagat önümleri, hatda gök-bakja önümleri bilen hem üpjün edip bolmaýar” diýip, aşgabatly gürrüňdeşimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Merkezi Banky dollaryň resmi kursuny 3 manat 50 teňňeliginde saklaýar.

Energiýa serişdeleriniň bahalarynyň globala arzanlamagy hem-de Russiýa we Eýran ýaly iri döwletleriň Türkmenistandan gaz satyn almagy bes etmegi bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýeti gowşady.

Munuň bilen baglylykda, soňky iki ýylyň dowamynda daşary ýurt walýutasy bilen bagly dürli çäklendirmeler girizildi, onuň neitjesinde bolsa walýutanyň “gara bazary” döredi. Dolaryň gara bazardaky bahasy onuň resmi kursundan 5-6 esse gymmatlady.

Halkara pul gaznasy Bütindünýä banky ýaly iri maliýe guramalarynyň ýurda sapar edýän hünärmenleri türkmen hökümetine walýuta bilen bagly çäklendirmeleri gowşatmagy, onuň resmi bahasyny täzeden kesgitlemegi hem-de döwlet harçlamalaryny tygşytlamagy maslahat berýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG