Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Belarus çözülmedik dawasyna garamazdan, täze proýektlere ýol açýarlar


Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat

Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly özara dawasyny halkara arbitražynda çözmäge synanyşýan wagtynda, iki ýurduň resmileri bilelikdäki ykdysady hem biznes forumlaryny geçirmek kararyna gelendigini yglan etdiler.

Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhowyň türkmen wise-premýeri Mammethan Çakiýew bilen 14-nji martda Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň yzýany mälim edildi.

Media maglumatlaryna görä, Aşgabatda şu ýyl hökümetara komissiýasynyň maslahatynyň çäginde geçiriljek türkmen-belarus biznes forumynyň maksady ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça täze proýektleriň we planlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýär.

Ýaňy-ýakynda "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasynyň işinden öz nägileligi boýunça Stokgolmyň arbitraž suduna ýüz tutandygy habar berildi.

Munuň yzýany Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasy türkmen tarapynyň Garlykdaky kaliý kombinatynyň gurluşygyna degişli nägileliginden özüniň habarlydygyny tassyklap, amala aşyran işleri üçin Türkmenistandan $150 million dollar talap edendigini aýtdy.

Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat iki ýurduň bilelikdäki iň uly proýektidir.

Türkmenistan Lebap welaýatynda 2009-2017-nji ýyllaryň dowamynda gurlan kaliý zawodunyň bahasynyň 1 milliard amerikan dollaryna barabardygyny aýdýar.

Türkmenistan we Belarus bu desganyň gurluşygy boýunça özara ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmezliginde bir-birini ençeme ýyl bäri aýyplap gelýärler.

Türkmenistan Garlykdaky kombinatyň işi boýunça halkara arbitražyna ýüzlenmek planlaryny ilkinji gezek noýabr aýynyň başynda resmi derejede yglan edipdi.​ Munuň yzýany Belarus Türkmenistanyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy üçin hasaplaşmandygyny we bergisiniň 40 million amerikan dollaryndan aşandygyny aýdypdy.

Ozalky ýyllarda Garlykdaky kaliý öndüriji kombinatyň gurluşygynyň gijikdirilmeginiň üstünde dörän dawa garamazdan, Belarus Türkmenistanda şuňa meňzeş ikinji desgany gurmak planlaryny mälim edipdi.

2017-nji ýylda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmeginden bir aý soň Türkmenistanyň Garlykda ikinji uly kärhanany gurup bermegi Belarusdan haýyş edendigini aýdypdy.

Türkmen ýolbaşçylary Garlykdaky kärhanany işe girizip, ýurdy dünýäniň iň öňdebaryjy kaliý eksport edijileriň hataryna goşmagy planlaşdyrypdy. Emma desganyň ulanylyşa berilmeginiň birinji ýylynyň dowamynda ol göz öňünde tutulan kuwwatynyň 5% derejesinde hem işlemändir.

Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda dürli ýyllarda 130-dan gowrak dokumente gol çekilipdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG