Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky partlamalarda azyndan alty adam öldi


Owgan howpsuzlyk gulluklary şaýy ybadathanasyna barýan ýollaryň ählisini petiklediler.
Owgan howpsuzlyk gulluklary şaýy ybadathanasyna barýan ýollaryň ählisini petiklediler.

Kabulda şaýy ybadathanasynyň golaýynda ýüze çykan partlamalarda azyndan alty adam öldi, başga-da 23-isi ýaralandy. Bu barada Owganystanyň Saglyk ministrligi maglumat berýär.

Kabulyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy ýaralananlaryň arasynda iki çaganyň bardygyny hem mälim etdi.

Şaýy musulmanlarynyň köplük bolup ýaşaýan sebitindäki Karti Sahki ybadathanasynyň golaýyndaky partlamalaryň sebäpleri barada dürli-dürli maglumatlar gowuşýar.

Içeri işler ministrligiň maglumatyna görä, Nowruz baýramy bellenilýän pursady uzak aralykdan üç sany partladyjy işe girizilipdir.

Emma, Goranmak ministrligi baýramçylyk çäreleriniň bellenilýän ýerine we ýaşaýjylaryň öýlerine üç raketanyň atylandygyny aýdýar. Ministrlik öz Twitter hasabynda hüjümçileriň tussag edilendigini we sebitiň gorag astyna alnandygyny hem belleýär.

Owgan howpsuzlyk gulluklary şaýy ybadathanasyna barýan ýollaryň ählisini petiklediler.

Adat bolşy ýaly, adamlar ybadathananyň golaýynda ýaşyl reňkli baýdaklary dikýärler we mazarlaryň golaýynda ir-iýmişleri goýup, ölülerini hatyralaýarlar.

Hüjümiň jogapkärçiligini bata-bat hiç bir topar öz üstüne almady.

“Talyban” beýanat ýaýradyp, bu hüjüm bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

Mundan öň, “Yslam döwleti” ekstremistik toparyna ygrarly jeňçiler owgan şaýylaryna garşy hüjümleri amala aşyrypdylar. Ekstremistik topar şaýy musulmanlaryny dinden çykan hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG